Imissyou
05.08.2024 09:20
,,Giderin mundan."

Undup ähli zady ýumup gözlerim,
Bir gün baka tarap öterin mundan.
Söz gutaran deýin dymyp dillerim,
Ağaç ata münüp giderin mundan.

Şol pursat duýmaryn, asla hiç zady,
Başarmaýan görüp ýakyny -ýady,
Ýüregim ýansada söndürip ody,
Aý dogansoň Gün deý bataryn mundan.

Aglarlar belki-de meniň üçin hem,
Ol mahal giç bolar alyp bilmen dem,
Hawa ýaşamaga höwesjeňdim men,
Ajal gelse nätjek giderin mundan.

Baky terk ederin ýalan dünýäni,
Henizä göremmok isläp galýany,
Diňe men däl,bu zat,hemmäň bilýäni,
Ak mata soralyp öterin mundan.

awtor: Merjen Pirgulyýewa.
14
42
manolya
6 Awgust 2024
@Imissyou, way 🤦 toba toba
manolya
6 Awgust 2024
@Imissyou, ýok sen däl men birden gelýän jyn ýaly bolup 🤦🤦😅
manolya
6 Awgust 2024
@Imissyou, jyn yalak bolup )
manolya
6 Awgust 2024
Sen bir sag oturaweri )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.