,,Dileg."
Sessizlikde barýan assaja ýöräp,
Ýetsem diýip basym barjak ýerime.
Men we bur-bulaşyk pikirlem bilen,
Barýaryn oýlanyp,garap serime.
Dürli -dürli zatlaň pikirin edip,
Eglendi bir ýerde bu gözdür -gaşym.
Ýanyna baramda,epip dyzlarym,
Ajy göz ýaş bilen egdim bu başym.
Sypap aýam bilen mele topragy,
Doga -dileg etdim ötenler üçin.
Bu Watana janyn dözüp,gaýgyrman,
Gahryman gerçekler,ýatanlar üçin.
awtor: Merjen Pirgulyýewa.