Imissyou
28.11.2023 21:22
Bir gün sorag berdim garry atama
"Bäş günlik yalançy" diymeklik näme?

Atam gürrün berdi bize howlukman
Hemişe şeýderdi göwnümiz ŷykman

Adamzadyň ömri bolsada uzyn
Bäş güne bölüpdir danalar guzym

Dokuzyn dolduryp inende dünýä
Ynha muña birinji gün diýilýär

Ak mekdebe baryp bereñde salam
Bu senin ikinji günündir balam

Yigit çykyp bolsa boylaryň derek
Adama yanŷoldaş bir höwür gerek

Senem tayyň tapyp öylensen bir gün
Üçünji gün bolar muny bek bilgin

Dördünji güniñem ŷat bekle balam
Eşidilen güni sesi kiçijek çagañ

Adamzadyň ömri sähelçe gündir
Demin tükendimi bäşinji gündir

Söhbet Esenow
36
294
Imissyou
28.11.2023 12:58
Aýdym-saz ilkinji adamlar peýda bolan döwürlerde ýüze çykdy diýlip hasaplanylýar. Onuň dilden aýdylýan görnüşi, ýagny aýdym ata-babalarymyzyň döwründen bize miras galandyr. Häzirki zaman alymlary aýdym-sazyň, takmynan, 50000 ýyl töweregi wagtdan bäri adamzadyň durmuşynda bolandygyny tassyklaýarlar. Indi bolsa aýdym-saz adamyň ýüregine ornaşyp, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Saz gurallarynyň iň köne nusgasy Germaniýada geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Ol saz guraly miladydan öňki 35000-4000-nji ýyllara degişli bolan heýkelleriň gapdalyndan tapyldy we ol tapylan saz guralyna häzirki wagtda ,,tüýdük’’ diýilýär. Onuň galyňlygy 8 millimetrden geçmeýär we uzynlygy bolsa 21,8 santimetr, saz çalýarkaň barmaklar bilen ýapylýan 5 sany deşijegi bolupdyr.

Arheologlar häzirki Moldawanyň we Wengriýanyň çäginde paleolit döwrüne degişli bolan gadymy saz gurallarynyň başga bir galyndysyny – twitter we tüýdükleri tapmak bagtyna eýe boldular. Hytaýyň iň gadymy gurallarynyň biri bambukdan ýasalan tüýdükdir. Däp bolşy ýaly, Hytaýda gurallar ýasalan materiallaryna görä toparlara bölünýär eken. Daşdan, agaçdan, deriden, bambukdan we palçykdan ýasalan gurallar henizem bar. Hindistanda aýdym-saz tans bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýer saz teatrynyň doglan ýeri hasaplanylýar. Hindistanda tapylan iň gadymy saz guraly, 3000 ýyllyk bazalt litofondyr.

Müsür, Gresiýa, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý ýaly gadymy swilizasiýalar saz we saz gurallarynyň ösmegine ägirt uly goşant goşdular. Gadymy Müsürde aýdym-sazyň bardygynyň subutnamasy papirusda we mazar diwarynda ierogliflerde ýazylan sözlerdir. Olar üçim meşhur mowzuklar Hudaýyň wasplary we aýallaryň ölüler üçin aglaýan aýdymlarydy. Saz, esasan, dini häsiýete eýe bolupdyr. Wawilonda ruhanylaryň ýerine ýetiren ybadathana sazy we gul sazandalarynyň ýerine ýetiren dünýewi aýdym-sazlary hem güýçli depginde ösdi.
31
55
Imissyou
28.11.2023 10:23
Gadymy dünýäniň ýedi täsinligi ýa-da dünýäniň ýedi täsinligi – iň meşhur binagärlik desgalarynyň sanawydyr. Ol iň meşhur şahyrlary, filosoflary, generallary, beýik patyşalary, şeýle hem binagärlik we sungat ýadygärliklerini öz içine alýar. Meşhur akyldarlaryň ýygyndylary, anektodlar we täsin hekaýalar ýygyndysy ýaly , dünýäniň ýedi täsinligi baradaky ýazgylar gadymy döwürde meşhur bolup, iň beýik, tehniki taýdan iň ajaýyp binalaryň we we sungat ýadygärlikleriniň beýanydyr.

Dünýäniň ýedi täsinligi hakdaky ýatlamalar grek ýazyjylarynyň ýazgylarynda ellinizm döwründen başlanýar. Bir Müsürli papirusyň tekstinde meşhur kanun çykaryjylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, binagärleriň, oýlap tapyjylaryň, soňra iň uly daglaryň, derýalaryň we ahyrsoňy dünýäniň ýedi täsinliginiň suratlary ýerleşdirilendir.

Dünýäniň täsinlikleriniň sanawynyň ilkinji belli nusgasy Gerodotyň ýazgylarynda beýan edilýär. Gerodotyň nusgalarynda üç sany täsinligiň hemmesi Samos adasynda ýerleşýärdi. Ondan soňky döwürlerde bu sanaw esasynda dürli attraksion sanawlaryny döretmek üçin birnäçe gezek synanyşyk edildi. Şeýlelik bilen, biziň eramyzyň I asrynyň ahyrynda Rim şahyry Martial täze gurlan Rim Kolizeýini bu sanawa goşdy. Soňra, 6-njy asyrda hristian teology we ýyl ýazyjysy Gregori bu sanawa Nuh pygamberiň gämisini we Süleýman ybadathanasyny goşdy. Mundan başgada ýene-de beýleki ýadygärlikler hem bu sanawa goşuldy. Emma olaryň ýykylyp, ýok bolup gidendigi sebäpli, olar indi ,,Dünýäniň ýedi täsinliginiň’’ sanawyna girmeýärler.

Häzirki wagtda dünýäniň ýedi täsinliginiň sanawyna Rim Kolizeýi, Täçmahal, Uly Hytaý diwary, Hristiň heýkeli, Petra şäheri, Çiçen- Isa we Mçu-Piku girýär.
27
87
Imissyou
28.11.2023 06:26
Dost dost diýip seni kän gujaklarlar,
Işiň düşüp barsaň ýalan bolup dur.
Düýnki maňa derdin aýdyp aglanlar,
Bu gün meň derdime gülen bolup dur.

Kimler ata-enä kim puluň zary,
Kimler ýetip bilmez kim kowar ýary,
Bir haramlyk tapsa gaýtmaýan biri,
Il öňünde bäş egilen bolup dur.

Adam sen çydaman içdäki derde,
Dost diýip syr aýtsaň bir gün namarda,
Ýeňsäňden gybatyňy eder erte,
Özi bolsa arrasaja bolup dur.

Dost diýip ýar diýip ýüz berme çenden,
Bary bir unudar gidäýseň mundan,
Sen diýip saraljak ýene gün günden,
Dünýäde ýeketäk ejeň bolup dur.
32
49
Imissyou
27.11.2023 17:57
Ýer ýüzünde gyrymsy agaçlaryň birnäçe görnüşleri duş gelýär. Olaryň biri hem, özüniň tagamly miwesi, jana şypa beriji ýapraklary we kökleri bilen köplere özüni tanadan böwürslen agajydyr. Bu gyrymsy agaçlara esasan, dag gerişlerinden akyp gaýdýan suw çeşmejikleriniň ýakalarynda duş gelmek bolýar.

Böwürsleniň üýtgeşik tagamy adamlary özüne maýyl edýär. Böwürslen agajy diňe öz miweleri bilen däl, eýsem, özüniň şypa berijilik häsiýetleri bilen hem bellidir. Böwürslen glýukoza, fruktoza, С witaminine, karotine, organiki turşulyklara we tokoferollara baýdyr. Bu miwäni täze, ter görnüşinde kabul etmekden başga-da, ondan mürepbe hem taýýarlaýarlar. Böwürslenden taýýarlanan demlemeler, melhemlik çaýlar ynsan saglygy üçin has-da peýdalydyr.

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil) böwürslen duş gelýär. Böwürsleniň miwesi adam saglygyny dikeltmekde we ony gorap saklamakda örän ähmiýetlidir. Süýji keselinden ejir çekýän adamlara böwürsleniň miwesini iýmeklik has-da peýdaly bolar. Onuň düzümindäki bioflawonoidler antioksidant hökmünde täsir edip, gan damarjyklaryň diwarlaryny berkidýär we С witamininiň täsirini güýçlendirýär. Öý hojalyklarynda böwürsleniň miwesinden örän tagamly mürepbe taýýarlanylýar.
28
41
Imissyou
27.11.2023 14:25
Dünýäde “eko-alada” gün-günden artýar!

 
“Google”-yň paýlaşan maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” boýunça onlaýn gözlegler şu ýyl gaty ýokarlanypdyr. Bu ugurdaky ylmy gözleglere görä, zenanlara howanyň aladasy erkeklere garanyňda has köp täsir edýär.

Bütin dünýäde ýangynlaryň, suw joşmalarynyň we gurakçylygyň köpelmegi klimat krizisiniň görünýän täsirleriniň biridir. Görünmeýän bölegi bolsa klimat krizisiniň adam aňyna edýän täsiridir.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gaýgy alada dünýäde esasanam çagalarda we ýaşlarda köp görülýär. “Google Trends”-iň maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” bilen baglanyşykly gözleg soraglary ep-esli artypdyr.

2023-nji ýylyň ilkinji on aýynda “Google”-da “howanyň aladasy” baradaky gözleg soraglary, 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 esse ýokarlanypdyr.

“Google Trends” maglumatlary köplenç täzelenip durýar. Gözleg edilende “howanyň aladasy” we “eko-alada” ýaly adalgalar “Google Trends” tarapyndan aýratyn hasaba alynýar.
29
74
Imissyou
27.11.2023 10:21
Türkmen filmi halkara baýraga mynasyp boldy.

Şu ýylyň 17-24-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň iň uly kino forumy – «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.

24-nji noýabrda bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada Türkmenistana wekilçilik eden «Daragt» filmi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň «Serhetsiz kino» atly nominasiýasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly bir hepdäniň dowamynda Belarusyň dürli şäherlerinde geçirildi. Oňa üstümizdäki ýylda 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlendi.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar. Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar.
30
43
Imissyou
27.11.2023 06:26
Kobra ýylany barada


Aziýada, Awstraliýada we Afrikada ýaşaýan kobra ýylanlary öz awlaryny zäherläp soňra iýýärler. Kobralaryň zäheri adamlaryň ölümine hem sebäp bolup bilýär. Olar adatça Aziýanyň, Awstraliýanyň we Afrikanyň çöllerinde we tropiki sebitlerinde ýaşaýarlar. Olaryň uzynlygy 1 metrden 6 metre çenli üýtgeýär. Bu öldüriji zäherli ýylan, her ýyl Hindistanda müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolýar. Bu ýylanlar adatça gyzyl, goňur we sary reňkde bolýar.
Kobra ýylanlary gurbagalar, guşlar, hažžyklar, balyklar we ownuk süýdemdirijiler bilen iýmitlenýärler. Bu ýylanlar köplenç ýerastynda, agaçlarda we suwda ýaşaýarlar. Kobralaryň 180 töweregi görnüşi bar. Kobra adama diňe howp abananda hüjüm edýär.
Kobra ýylanlarynyň zäheri beloklardan we polipeptidlerden durýar. Zäher ýylanyň gözüniň arkasyndaky tüýkülik mäzlerinde ýüze çykýar. Kobralaryň zäheri nerw ulgamyna täsir edýär. Zäherli kobralaryň çakmagy bulaşyk görmä, ysmazlyga, böwrek ýetmezçiligine, dem alyş ýetmezçiligine hat-da ölüme hem sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, kobralaryň zäheri saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýar.
30
137
Imissyou
26.11.2023 16:06
SOGANYŇ IÇ-Ä IÇ, DAŞAM DAŞ

Ine düňderilip barýan tereň nowhana*.
Agtyklaryny eýerdip, onuň gyrasyna gelen garry enäniň birden aýagy taýaýmazmy. Gör, ahyryn! Çasly suw görgüliniň enter-pelegini öwrüşine, asyl aňyny-maňynam berenok. Edil elesledip barýar. Elini näçe talawlatsa-da, köke-beýlekä ýapyşara pursat dagy beräýsin-dä. Eger-eger. Şol tomarlandyryp, elem-tas edip barşy. 
Garrynyň gyzyndan bolan agtygy bu ahwalaty görýär-de:
– Waý, mamam! Waý, mamam jan! Waý! Akdy-da! Ana! Gitdi-leý! Waý-waý-eý-ý! – diýip, ulili bilen gygyryşyna, bogazyna bat berip ugraýar. 
Oňa derek oglundan bolan agtygy welin, sesini-üýnünem çykaranok. Özüni suwa urşuna, tasylyny* tapagetdin, enesini bir gyra süýräp çykarýar. 
Esli salymdan soň özüne gelip, gözüni açan pahyr seretse, endam-janyndan suw joralanyp duran agtyg-a üstünde kökenek. Beýlekisem eýleräginde mölterilip dur. Şonda garry ene başyny ýaýkaýşyna:
– Wah-eý! Soganyň içi iç, daşaam daş bolýa-da – diýip dillenipdir. 

SÖZLÜKÇE:
*NOWHANA [nowha:na] Derýadan baş, saka alyp gaýdýan giň uly ýap. Tejen derýasynyň özeni bolan nowhana örän çuňňurdy (B. Kerbabaýew).
*TASYL Bir zady etmegiň ugur-ýoly. Meniň maşgalamyň içiniň iň bir bihepbesi, hiç zadyň usulyny-tasylyny bilmän ýöreni şu Güjükdir (A. Gowşudow).
28
91
Imissyou
26.11.2023 12:30
“Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar”.
Dostoýewskiý
***

“Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň barlygyndan lezzet alman geçip gidip boljakdygyny akylyma sygdyryp bilemok”.
Dostoýewskiý
***
“Her bir adam her bir kişiniň öňünde her bir zatdan jogapkärdir”.
Dostoýewskiý
***
“Adam bir zada ýetjek bolup jan eder. Oňa eýe bolandan soňam ony bir gyra oklap goýberer. Onuň hakyky gymmatyny bolsa, şol zat elinden gidenden soň bilip galar”.
Dostoýewskiý
***
“Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar”.
Dostoýewskiý
41
101