Imissyou
27.11.2023 14:25
Dünýäde “eko-alada” gün-günden artýar!

 
“Google”-yň paýlaşan maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” boýunça onlaýn gözlegler şu ýyl gaty ýokarlanypdyr. Bu ugurdaky ylmy gözleglere görä, zenanlara howanyň aladasy erkeklere garanyňda has köp täsir edýär.

Bütin dünýäde ýangynlaryň, suw joşmalarynyň we gurakçylygyň köpelmegi klimat krizisiniň görünýän täsirleriniň biridir. Görünmeýän bölegi bolsa klimat krizisiniň adam aňyna edýän täsiridir.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gaýgy alada dünýäde esasanam çagalarda we ýaşlarda köp görülýär. “Google Trends”-iň maglumatlaryna görä, “howanyň aladasy” bilen baglanyşykly gözleg soraglary ep-esli artypdyr.

2023-nji ýylyň ilkinji on aýynda “Google”-da “howanyň aladasy” baradaky gözleg soraglary, 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 esse ýokarlanypdyr.

“Google Trends” maglumatlary köplenç täzelenip durýar. Gözleg edilende “howanyň aladasy” we “eko-alada” ýaly adalgalar “Google Trends” tarapyndan aýratyn hasaba alynýar.
29
74
tyllayev_allanur
27 Noýabr 2023
Hiçkim çäre görenok köçe arassalaýjylaram işlerini dogry ýerine ýetirenok
tyllayev_allanur
27 Noýabr 2023
Howanyň aladasyny diňe dil ujy edýäler aslynda hiçkim ol zatlara üns berenok zawod fabriklar masynlar köçä musur zyňýan adamlar gün günden köpelýär
serdarowna
27 Noýabr 2023
@medik_, menem elimden süpürgini düşüremok ýöne peýdasy ýok, ýene hemme ýer tozan. Öň bir gezek syrsam 2 günläp ýalpyldap durýardy semont. Indi gummmmm
serdarowna
27 Noýabr 2023
@medik_, üýtgetmesede bäri ýanyna eltýä. Menä şu tozanlardan ýaňa normalny dem alyp bilemok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.