Imissyou
28.11.2023 06:26
Dost dost diýip seni kän gujaklarlar,
Işiň düşüp barsaň ýalan bolup dur.
Düýnki maňa derdin aýdyp aglanlar,
Bu gün meň derdime gülen bolup dur.

Kimler ata-enä kim puluň zary,
Kimler ýetip bilmez kim kowar ýary,
Bir haramlyk tapsa gaýtmaýan biri,
Il öňünde bäş egilen bolup dur.

Adam sen çydaman içdäki derde,
Dost diýip syr aýtsaň bir gün namarda,
Ýeňsäňden gybatyňy eder erte,
Özi bolsa arrasaja bolup dur.

Dost diýip ýar diýip ýüz berme çenden,
Bary bir unudar gidäýseň mundan,
Sen diýip saraljak ýene gün günden,
Dünýäde ýeketäk ejeň bolup dur.
32
49
gulshatayewa97
28 Noýabr 2023
Mähre mätäç däldim ýagty dünýede...😔
yasyl
28 Noýabr 2023
Ejelerimiz omrimizin manysyy😔😔😔
okan
28 Noýabr 2023
Dünýäde ýeketäk ejeñ bolup dur 👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.