Imissyou
06.12.2023 19:08
*Palçy:
- Siziň ýagty geljegiňiz, Yokary wezipe, Gyzyl maşyn we merdiwandan çalt ýokary galýarsyňyz.
- Bilýän, men ýangyn söndüriji.🤣🤣

*- Näme üçin postda Polisiýaň ýanyndan ýuwaşlyk bilen geçmeli?!
- Sebäbi Polisiýalar çaga ýaly, birden köçä tarap ylgamaklary mümkin.🤣🤣

*- Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýaryn.
- Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen
durmuşyň edil ertekidäki ýaly bolar diýip.🤣🤣

*Biri soraýar sen ulalsaň haýsy instituta
girjek?
- DPÝÝ
- Ol nähili ýer?
- Dädemiň puly ýeten ýerine.

Şu gün nejis hakykaty bildim, hatda
ýüregimem ýaralandy.
Yagny gyzlaryñam aýagy tüýli bolýan eken.🤣🤣

Käwagt, 50 adam online bolýa we hiç kim bilen gürleşesiň gelmeýär, a käwagt 1 adam online bolýa a seniň eliň klawiatura ýapyşýar..

Köçedäki bomžlar täze tehnologýalara garşy demonstrasiýa çykdylar. Olaryň aýtmagyna görä, täze LED telewizorlaryň korobkasynda
ýaşap bolanokmyş.🤣🤣

Durmuşda iň ajy we agyr aýralyk, ir bilen turup ýorganyňdan aýrylyp işe gitmekdir.🤣🤣

Eger düýşüňizde gyş paslyny görseňiz ýa-da doñaklyk bolsa - onda ýanyňyzdaky ýatan ýorganyň hemmesini öz üstüne çekendir.🤣🤣

Like Basyña, Like basyñ,
Aýlanyňda Like basyň,
Göwher bolmasam bolmady,
Postlaryma Like basyň.
60
1 184
Imissyou
06.12.2023 16:23
Aglasa aglasyn ÿüregim menin.
Ýöne aglamasyn gözleriň seniñ.
Hic wagt durmuşda bolmasyn kemiñ. Mydama bagtly ýaşa söýenim meniñ!
29
88
Imissyou
06.12.2023 12:59
Refik Halit Karaý,türk ýazyjysy.
Gä­mi du­ral­ga­dan goz­ga­nyp, Mar­ma­ra ta­rap ýo­la dü­şen­de, og­lan­jy­gy ug­rat­ma­ga ge­len­ler üs­tün­den agyr ýük aý­ry­lan ýa­ly ulu­dan dem al­dy­lar.
Ha­ýyr­ly bir iş edip, uly ili ynan­dy­ran­dy­rys öý­den ga­ra ýü­rek­li bu kim­se­ler ýa­sa­ma gül­kü­le­ri bi­len:
– Og­lan­jyk o ýer­de özü­ni has ra­hat du­ýar – diý­şip, öý­li-öýü­ne dar­ga­mak bi­len bol­du­lar.
Baş­da ka­ka­sy ara­dan çy­kyp ýe­tim ga­lan ki­çi­jik Ha­sa­ny eje­si hem ara­dan çy­kan­soň, daş­gyn ga­ryn­daş­la­ry­nyň hem-de goň­şy-go­lam­la­ry­nyň ýar­da­my bi­len çet ýurt­la­ryň bi­rin­de ýa­şa­ýan ka­ka­sy­nyň aýal do­ga­ny­nyň ýa­ny­na ug­rat­dy­lar.
Gä­mi­de Ha­sa­nyň göw­ni gö­te­ril­di: ta­kyr­dap iş­le­ýän kran­la­ra, ýü­zi ýaz­gy­ly ha­las edi­ji hal­ka­la­ra, gu­ra­dyl­ýan eşik­ler ýa­ly ur­gan­dan asyl­gy ga­ýyk­la­ra, iş­gär­ler no­ba­ty­ny ça­ly­şan­la­ryn­da ça­lyn­ýan ja­ňa se­re­dip he­zil­ler edin­di. Ha­san ýa­ňy bäş ýa­şyn­da­dy, sa­kaw­lap çyk­ýan ses­ja­ga­zy, ýa­kym­ly­ja gür­rüň­le­ri bi­len gä­mi­niň ýo­lag­çy­la­ry­ny hem özü­ne ma­ýyl edip­di. Gä­mi ýol­bo­ýy du­rup, bir­gi­den ýo­lag­çy­la­ry dü­şü­ren­den soň­ra, ys­sy ýurt­la­ra ýa­kyn­laş­dy­gy­sa­ýy ba­dy­ny gow­şa­dyp ug­ra­dy. Gä­mi­de ga­lan­lar dü­şün­me­ýän bir di­lin­de gep­le­şen­soň­lar, in­di oňa Stam­bul­da­ky ýa­ly «Ha­san, gel!», «Ha­san, git!» diý­ýän ýok­dy. Ady hem üýt­gän ýa­ly «Has­sen» di­ýip tu­tul­ýar­dy.
– Ta­al hun ýa, Has­sen – di­ýen­le­rin­de ýan­la­ry­na bar­ýar­dy.
– Ruh ýa, Has­sen – di­ýen­le­rin­de bol­sa ola­ryň ýa­nyn­dan gaýd­ýar­dy.
Gä­mi bar­ma­ly şä­he­ri­ne ba­ra­nyn­dan soň­ra, ony ot­la mün­dü­rip, gy­rak-bu­jak­da­ky oba­la­ryň bi­ri­ne ug­rat­dy­lar.
In­di ene di­li­ňi eşit­jek gü­ma­nyň ýok­dy. Ha­san özü­ni hyl­wa­ta çek­di, on­dan bir zat so­ra­sa­lar, dym­ýar­dy, ýa­ňak­la­ry-da lap-lap gy­za­ryp­dy. Durky-düýrmegi bilen pyr­ty­kal ba­glarynda ünsi jemlenen Hasanyň, gur­sa­gyn­da saň ga­ty bir zat bar ýa­ly, bo­kur­da­gy­na bir zat te­gek bo­lup ga­lan ýa­ly do­wam­ly dym­ýar­dy. In­di gül­ler­dir ir-iý­miş­le­re bü­re­nen owa­dan we burk ur­ýan bag-bak­ja­lar yz­da ga­lyp, zeý­tun agaç­la­ry-da seý­rek­le­şip­di.
Ge­riş­le­rin­de ge­çi­le­riň ot­lap ýö­ren gu­rak­sy, uçut ga­ýa­ly, gyý­çak-gyý­çak dag­la­ryň ara­syn­dan ge­çip git­di­ler. Bu ge­çi­ler hiç bir teg­mil­siz şar ga­ra­dy; çö­pür­le­ri tä­ze reňk­le­nen aw­tou­lag ýa­ly ýal­pyl­dap, gü­nüň ço­gu­nyň aşa­gyn­da has-da lo­wur­da­ýar­dy.
Bu­lar hem gu­tar­dy. Göz­ýe­ti­me uzap gid­ýän düz­lü­ge çyk­dy­lar. Ol ýer­de ne agaç, ne dag, ne-de jaý bar­dy! Di­ňe wag­tal-wag­tal äpet haý­wan­lar duş gel­ýär­di. Uzyn aýak­ly, uzyn bo­ýun­ly, ar­ka­sy tüň­ňi haý­wan­la­ryň hiç zat per­wa­ýy­na däl­di. Agyz­la­ry agym­tyl kö­pür­jik­li gä­wü­şeşip, «agyr oýa ba­typ, öý­ke­li hal­da» bi­ri-bi­ri­niň yzyn­dan ag­ras­lyk bi­len yz gal­dyr­man, to­zan tu­ruz­man öz peý­wag­ty­na gi­dip bar­ýar­dy­lar.
Ol kän sa­byr et­di, ahy­ry çy­dam edip bil­män ýa­nyn­da otu­ran es­ger­den bar­ma­gy­ny uza­dyp so­ra­dy, ol hem gül­di-de:
– Ge­mel! Ge­mel! – di­ýip, jo­gap ber­di.
Ha­sa­ny ot­ly men­zi­lin­de dü­şür­di­ler. Boý­nu­na, al­ny­na, gol­la­ry­na we gu­lak­la­ry­na dür­li-dür­li, dü­züm-dü­züm al­tyn şaý-sep­ler da­ky­nan ga­ra ör­tük­li, ga­ra gaş­la­ry bir­le­şip du­ran, ga­ra meň­li aýal ony bag­ry­na ba­syp:
– Ýa ha­bi­bi! Ýa aý­ni! – di­ýip, be­gen­di.
Eje­ke­si­niň ýa­ny bi­len ge­len aýal­lar hem Ha­sa­ny gu­jak­la­dy­lar, og­şa­dy­lar, öz ara­la­ryn­da gür­leş­di­ler we gü­lüş­di­ler. Olar ça­ga­la­ry­ny-da ýa­ny bi­len alyp ge­lip­di­ler. Ha­lat­la­ry­nyň üs­tün­den köý­nek şe­kil­li pen­jek ge­ýen bu ça­ga­la­ryň maň­laý saç­la­ry ös­gün, baş­la­ry-da tah­ýa­ly­dy.
Ha­san üm­süm, keýp­siz hal­da di­ňe dym­ýar­dy.
Şeý­le ýag­daý bir­nä­çe hep­de­läp do­wam et­di. Ol arap­ça dü­şü­nip baş­la­sa-da, ki­çi­jik dün­ýä­sin­de peý­da bo­lan ket­jal­ly­gy bi­len dym­ýar­dy. Uly howp­dan gor­ku­sy­na deň­ziň as­tyn­da de­mi­ni sak­la­jak bo­lup dyr­jaş­ýan yn­san ýa­ly elew­re­ýän­di­gi­ni hem bil­ýär­di, ýö­ne şon­da-da do­wam­ly dym­ýar­dy.
In­di onuň gu­şak­ly ha­la­dy, pen­je­gi, tah­ýa­sy, gy­zyl köw­şi hem bar­dy. Pä­ki bi­len sy­ry­lyp, eliň aýa­sy ýa­ly edi­len kel­le­sin­de di­ňe alyn saç­la­ry gal­dy­ry­lyp, maň­la­ýy­na goý­be­ri­lip­di. Gu­ra­dy­lan de­ri ýa­ly ga­ty, ýaý­baň tam­dyr çö­re­gi­ne öw­re­ni­şip­di, ony ýe­re ýa­zy­lan sa­çagyň başynda otyrka çem­çe­dir çar­şa­gyň ýe­ri­ne ula­nyp bil­ýär­di.
Bir gün eje­ke­si kö­çe­den gy­gy­ryp ge­çip bar­ýan ädik­çi­ni ýa­ny­na ça­gyr­dy.
Ja­ýyň how­lu­sy­na ar­ka­sy hal­ta­ly, bir elin­de ki­çi­jik otur­gyç, beý­le­ki elin­de bol­sa uzyn de­mir çiş bo­lan üst-ba­şy ele­şan bir adam içe­ri gir­di. Onuň hal­ta­sy­nyň için­dä­ki ag­zy açyk tor­ba­syn­dan düýr­le­nen ka­gyz my­sa­ly bir zat çy­kyp dur­dy.
Eje­ke­si us­sa bi­len gep­le­şen­soň, onuň öňün­de abat­lan­ma­ga mä­täç bir to­par aýak­gap­la­ry ha­tar­lap goý­dy.
Ädik­çi otur­gy­jyn­da otur­dy. Ha­san hem bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len onuň gar­şy­sy­na ge­çip otur­dy. Onuň dört ýa­ny di­war­ly, bir gat­ly, pes­se­jik we pag­sa­dan gur­lan bu jaý­da şeý­le bir içi gys­ýar­dy. Ha­san geň ga­lyp se­red­ýär­di. Ol ädik­çi­niň iki ta­ra­py hem kes­ýän ýu­ka­jyk sap­syz py­ça­gy bi­len ga­ty ka­gy­za meň­ze­den ga­lyň te­le­ti­ni ke­si­şi­ni, ag­zyn­da bir gy­sym çüý­ja­gaz­la­ry sak­laý­şy­ny, soň­ra ola­ry ýe­ke-ýe­ke­den Stam­bul­da gö­ren maý­my­ny ýa­ly ag­zyn­dan çy­ka­ryp, tiz-tiz­den aýak­gap­la­ryň aşa­gy­na ka­ky­şy­ny, de­ri bö­lek­le­ri­ni su­wa sa­lyp öl­leý­şi­ni, ýal­pak oka­ra­jyk­da­ky mä­ju­ma bar­ma­gy­ny ba­ty­ryp, aýak­gap­la­ryň te­le­tin da­ba­ny­na sü­rü­şi­ni, ga­raz, hem­me za­dy syn­lap otyr­dy. Ol dy­myp otu­ry­şy­na si­ňe se­red­ýär­di.
Bir­de­nem göw­ni gö­te­ri­lip, ni­re­de­di­gi­ni we kim bi­len otu­ran­dy­gy­ny unut­dy-da, ün­si bö­lü­nip, ene di­lin­de:
– Çüý­ler se­niň ag­zy­ňa çüm­me­ýär­mi? – di­ýe­ni­ni bil­män gal­dy.

Dowamy bar...
29
107
Imissyou
06.12.2023 09:18
Aždarhanyň ýylyny — 2024-nji ýyly nähili garşy almaly.

Gündogar senenamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyl Ýaşyl agaç aždarhanyň ýyly hasap edilýär. Geljek ýylda şowlulygyň we abadançylygyň ýaran bolmagy üçin Täze ýyl geýimlerini saýlan mahalyňyz bu mifiki jandaryň isleglerini göz öňünde tutmak möhümdir.

Reňk

Aždarha imperatorlygyň häkimiýetiniň we rahatlyga ymtylmagyň nyşanydyr. Şonuň üçin Täze ýyl geýimleriniň reňki açyk we gelşikli bolmalydyr. Terrakota, gyzyl, altynsow we kümüş öwüşginli reňkler laýyk bolar. Aždarhanyň derisini ýada salýan uçgunlar bolsa hem gelşikli bolar.

2024-nji ýyl — Ýaşyl Aždarhanyň ýyly bolansoň, ýylyň esasy reňkiniň ýaşyl boljakdygy göwnejaýdyr. Narpyzdan zümerrede çenli halaýan reňk öwüşginleriňizi saýlap bilersiňiz.

Ak we gök reňkleri saýlamaly däldir. Hytaýda ak ýas reňki hasaplanýar, gök reňki bolsa aždarha halamaýar.

Täleýnama boýunça maslahatlar

Ot nyşanlylara — hamallara, sowurlara we kowuslara iň gowsy gyzyl-altyn reňk laýyk bolar.

Ýer nyşanlylara — jedi, sünbüle hem-de sowurlara — sary-altyn öwüşginler, şeýle-de goňur öwüşginli we metal şekilli matalar kybap geler.

Suw nyşanlylara — balyklara, seretanlara hem-de akraplara kümüşsöw öwüşginler ýa-da ak-altyn reňkli geýimler şowly bolar.

Howa nyşanlylara — ekizeklere, terezilere we daluwlara — akwamarin, sapfir ýa-da birýuza ýaly ýaldyraýan reňkler göwnejaý bolsa gerek.

2024-iň Täze ýyl keşbinde aksessuarlar we materiallar

Täze ýylyň keşbinde aksessuarlar aýdyň we göze ilýän görnüşde bolmalydyr. Esasan hem uly daşlar, göwrümli şaý-sepler, ýalpyldawuk zaponkalar, gulakhalkalar, ajaýyp broşkalar, uly ysyrgalar we saçbaglar has gelşikli keşbi döreder.

2024-nji ýylyň baýramçylyk lybaslary mahmal, ýüpek, parça, atlas ýaly gymmat bahaly we owadan matalardan tikilen bolmalydyr.
31
242
Imissyou
06.12.2023 04:45
Wagtyň suw kimin akyp geçişini, dünýäniň bolsa günsaýyn özgerşini duýýarsyňyzmy?! Asyrlarboýy dowam edip gelýän adam durmuşynyň bir hazynadygyna göz ýetirdiňizmi?!

Ynha… men ömrümiň aglaba bölegini ötürdim. Onuň soňuna ýetdim diýenimde ajaýyp ykbalymyň meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyna has gowy düşündim. Häzir gün geçdigiçe bolsa bu mal-mülkümiň tükenýänini duýýan. Sagatma-sagat durman topraga kök uran damarlarymyň biri üzülýän ýaly, üstesine içime çekýän demim bedenime ýetmeýär. Hiç zat baky gelmeýär ahyryn, şonuň üçin menem günleriň birinde ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolaryn…

Ah, şeýle bir ýadadym. Ýadymda sanap soňuna çykyp bolmajak, diýseň köp ýatlamalarym bar. Başdan geçirmelerimi elime galam alyp kagyza ýazsam, tomlap-

tomlap kitap çykardy. Dilime dökülen sözler bilen beýan etsem welin nijeme gije- gündizler gerek bolar.

Meniň nirede ýaşanymy bilmek isleýänsiňiz belki.

Dagy etekläp oturan, aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän göm-gök tokaýyň bir çetinde ýerleşýän kölüň kenarynda mekan tutdym. Hany, ynsanlar arzuwlarynda dünýäniň iň owadan ýeri diýip suratlandyrýar, ana, şol. Ýagny siziň, hyýalyny edýän ýeriňizde müň ýyllyk ömrümi ötürdim.

Jennet kimin ýerde ýaşaýan bu kimkä diýip oýlanýansyňyzdyr. Ýaşyl öwsüp, daş-töwerege bezeg berýän söwüt agajydyryn. Diýseň ullakan bolanym üçin töweregimdäki baglaryň iň uzyn şahalary hem meniň ýanymda örän kiçi görünýär. Uzak ýyllar bäri arassa howany içime çekip, ýagty jahanda döwran sürýän. Gözel tebigatda bolup geçen köp wakalara şaýat bolup, ýeri gelende durmuşyň agyr ýüküni, gamyny çekdim. Şol bir wagtyň özünde bolsa begenji, şatlygy, soňsuz söýgüni bütin bedenim bilen duýdum. Süýji arzuwlar edip, durmuşyň ajysyny hem datdym.

Ömrümiň dowamynda durmuşyň ajysyny, süýjüsini, begenjini, şatlygyny, gamyny, kederini dadyp ýaşadym. Emma iň zor günümde-de, iň bagtly günümde-de bir uly derýa sygynyp ýaşamak maňa şeýle bir lezzet berdi. Bu derýa ynsanlary biri-birileri bilen tapyşdyran, olaryň ýüreginde hemişe päkizeligiň, arassalygyň höküm sürmegini ýola goýan, soňy gelmeýän bir täsinlikdir. Şeýle ajaýyp derýanyň ady söýgüdir. Ol söýýän, söýülýän her kimiň kalbynyň töründedir. Aslynda, bedeninde ýüregi bolan ähli janly-jandaryň, hatda kiçijik garynjalar hem söýgi derýasynyň çuňlugunda ýaşaýarlar. Emma söýgi diňe ony duýana, söýmek üçin köňli telwas urana, ony başdan geçirýäne, sarpa goýýana özüni görkezýär. Älemiň çarhy hem söýginiň elindedir.

Beýle köp zady nireden öwrenendirin öýdýärsiniz?! Elbetde, durmuşdan. Başymdan geçiren ol ýüzlerçe ýyllarym maňa köp zada gowy düşünmegi öwretdi. Ondan alan ilkinji sapagymy maňa bir ene ýüregi berdi. Söýginiň bir ummandygyny, enelerimiziň gaýaýan gaýmalary, dokaýan halylary kimin azap talap etýän söýginiň ynsan kalbynda çäksiz owadanlygy, duýgy dünýäsini döretýändigini kiçijek ene ýüreginden öwrendim.

Nijeme ýyl mundan ozal bolup geçen bir wakany höwes bilen size gürrüň bermek isleýärin. Üstünden ýylar, aýlar, günler ötüp geçse-de, heniz düýn ýaly aňymda janlanýar. Gozasyndan açylan pagta ýaly dogan günüň astynda özümi şeýle ýalňyz duýýardym. Ol wagtlar häzirki ýaly başym asmana diräp durmaýardy. Ýerden bir barmak uzynlykda boýum bardy. Her öwsen şemal, üstüme gonan mör-möjekler, golaýymdan geçen her janly-jandar meni diýseň gorkuzýardy. Şol bir wagtyň özünde-de daş-töweregim meni özüne çekýärdi. Gök asman, al-ýaşyl öwsüp açylyp oturan güller ruhy goldaw bolýardylar. Ýöne men özümi gaty ýalňyz duýýardym. Kellämiň içinde müň dürli soraglar peýda bolýardy. Iň elhenç ýerem ol soraglaryň ýekesine-de jogap tapyp bilmän ýeke özüm ejir çekip tukatlanyp otyrkam birden şyrtyldy ýaly ses eşidildi. Nämäniň sesidigini anyklajak bolup üns bilen töweregime garanjakladym. Biraz salymdan mylaýym ses gulagyma degdi.

Şeýle ajaýyp ses kimden çykdyka diýip garanjakladym. Emma töwerekde hiç kim ýokdy.

— Salam, bu ýagty jahana hoş geldiň — diýip, ýene-de ýaňky mylaýym ses eşidildi.

Gaýta-gaýta töweregime seretdim hiç kimi göremokdym. Onda mylaýym ses gelýärdi.

— Eger meni gözleýän bolsaň onda kökleriň arasyna seret — diýdi.

Dykgat bilen köklerimiň arasyny göz atdym. Hakykatdan-da bir zat bardy. Bu zat düýn ýokdy ahyryn. Bu nämekä, nireden düşdükän diýen soraglar birden aňymda peýda boldy. Ol tümlügiň içinden şuglasyny saçyp jogap berdi.

— Men bir ene ýüregi. Ýyllar boýunça bir depäniň üstündedim. Emma düýn jala gelip asmanyň gözi açylana döndi. Şeýle bir ýagyş ýagdy welin meniň bolýan depäm birden syrygyp aşak gaýtdy. Men bolsa togalanyp bärik seniň kökleriň arasyna düşdüm. Seni görüp, seniň bilen gürleşmek isledim. Öz-özüňe soraglar berip jogaplaryny tapmak saňa agyr düşýär. Şol sebäpli-de kömek etmek isledim.

Ene ýüregi bir jany dünýä getiren bir jandyr. Onuň bilen tanyş bolanyma diýseň begendim. Sebäbi maňa diňe ene ýüregi düşünip bilerdi. Oňa birgiden sorag berdim. Hemmesiniň jogaby häzir boldy. Aýdýan sözleri ýüregime jüňkdi. Aýtmagyna görä, dünýädäki hiç bir janly-jandar ýalňyz dälmişin. Taňry bilen birlikdemişinler. Ýaradanlaryny ýalňyz goýman olaryň hemişe ýanlarynda bolup, gyzgyn mährinden, söýgüsinden doly gujagynda saklaýarmyşyn.

Ene ýüregi arman-ýadaman maňa durmuş hakyndaky bilýän zatlaryny gezekli-gezegine gürrüň berýärdi. Men bolsa ony uly höwes bilen diňleýärdim.

— Bir wagtlar men örän owadan, mylaýym hem ýaş zenandym. Bir bäbejigi dünýä getirjegim meniň üçin begençdi. Ýaş bedeniň içinde gün saýyn ulalýan jan berdim. Onuň gitdigiçe ösýändigini duýmak uly bagtdy. Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat dolup, jägildäp dünýä indi. Ähli zat şoňa görä ýaşalyp başlandy. Begense, gülse dünýäm aýdyňlanýardy. Aglaýsa welin ýagty jahany garaňky gaplap alyp, dünýämdäki yşk öçen ýaly bolýardy. Şeýdip ulalýardy. Bir gün ol ähli ynsanlaryň ilkinji dilinde bitýän sözi «eje» diýdi. Muňa durkum bilen begendim. Şeýdip bäbejik gün-günden özüni tutmana başlady. Bir gün emedekledi, soňra ýöremäge başlady. Ýene bir gün ylgady, ýuwaş-ýuwaş gürlemäni öwrendi. Bu ýagdaýlar ýüzümde nurana yşkyň döremegine sebäp bolýardy. Esasanda begenjim derýalaryň, ummanlaryň joşguny kimin joş urýardy.

Bir gün balam derýanyň kenarynda öz ugryna oýnap ýörkä birden güýçli akýan suwyň tolkunlarynyň arasyna düşdi. Jan howlyna bir söwüt agajynyň şahasyndan tutup ýetişen çagajygymyň gykylygy töweregi gaplap aldy. Sesiniň gelýän tarapyna ylgadym. Suwyň akymyna zordan çydap duranyny görüp, çagajygy dessime özümi suwa urdym.Ellerimi, tutuş göwrämi jan edip işletýärdim. Bir tarapdan gorky, ýene bir tarapdan bolsa derýanyň güýçli akymy bizi zor ýagdaýa goýupdy. Ony halas etmegi başarypdym. Ýöne deňagramlylygymy ýitirip, taýyp güýçli akymyň gollaryna düşdüm. Ýüzüp çykmagyma, jan etmekligime garamazdan, suwuň tolkunlary muňa rugsat etmedi. Ähli zat göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Bu ýagty jahan bilen hoşlaşmalydym.. Allahyň bedenime beren sanalgy demimiň soňuna gelipdim. Birden ruhym peýda boldy. Al-asmana uçup gitdim. Özümi bolsa şu ýerlere getirip ýerlediler. Ine, şol günden bäri hem topraga garyşyp ýatyrdym. bolup geçen zatlaryň hiç birine gynanmaýaryn. Çünki maňa derek perzendim ýaşaýar. Tersine, bu başarnygym üçin men özümi bagtly duýýaryn.

Men:

— Gadyrdan ene ýüregi men söýgüniň nämedigine düşünmeýärin. Sende bar bolan şol söýgüden maňa azajyk beräýdä? — diýdim.

Ene ýüregi ýuwaşlyk bilen:

— Ýöne bir şertim bar — diýdi.

Uly hyjuw bilen:

— Näme isleseň etmäge taýýar. Ýüregimde söýgüniň uçgunjyklaryny duýsam bolýar.

— Bolýar, onda şertim şeýle. Indiden soňra diňe söýgi üçin ýaşamalysyň. Ilki bilen bu zemini döreden Allatagallany, soňy bilen bolsa onuň döreden ajaýyplyklaryny söýmelisiň — diýdi.

Şeýdip ene ýüreginden bu dünýäni iň kiçijik janly-jandaryny hem söýmegi öwrendim. Söýgi diýen täsin hem syrly zady has ýakyndan tanamagy başardym. Ömrüme many çaýan söýgüni maňa öwredeniň üçin ene ýüregi saňa diýseň minnetdardyryn.
27
73
Imissyou
05.12.2023 20:01
Söýgi däldi küýsedýän bir-biregi,
Söýgi däldi ömrümiziñ diregi,
Berk bolanson söýgümiziñ goragy,
Ýetmän galdyk biz wysala klasdaş.

Bazarda duşanda doganym Sona,
Ýatladyp ýaşymyñ ýetenin çene,
«Öýlendimi?» diýip sorapsyñ ýene,
Göz ýaşyñy syla-syla klasdaş.

Seni unutmanyñ tapmansoñ tärin,
Howwa, men henizem öýlenmän ýörün,
Alada basansoñ ýüregmiñ törün,
Saçlarym boýaldy çala klasdaş.

Öñem telim diýipdimle ýüzüñe,
Men wepaly borun beren sözüme,
Senden özge gyz görünmez gözüme,
Ah läle klasdaş, läle klasdaş.

Saña bagyşladym gör näçe setir,
Bir demde ýazanymam göz öñüne getir,
Düýn söýenime, şu gün söýenime ertir,
Söýjegime şol güwäle klasdaş.

Mekdebe gatnardyñ bezäp şu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ partfelli çykaýjak ýaly,
Şini-şinnem bakýan ýola klasdaş.

Bolup otursamda bu ýola bendi,
Ondan özge gyzlar gatnaýa indi,
Hanha ýene bir topar gyz göründi,
Keýpimi düşürip nola klasdaş.

A olar şadyýan, yüz gözleri terk,
Ýaşlyk hyjuwyndan sämeleýär serk,
Görjekleri öñde şu gyzlary bir,
Goý ykbal tutmasyn ala klasdaş.

Sonalar, şemşatlar, güller besdirler,
Yşk matasyn ýedi ölçäp kessinler,
Söýüp-söýlüp arzuwlaryna ýetsinler,
Duşmasynlar hiç zowala klasdaş,
Hiç zowala klasdaş,
Ah, läle klasdaş, läle klasdaş.


Awtory: Oraznepes Baýramow
36
116
Imissyou
05.12.2023 16:54
Uly ýola garap dymyp otyryn,
Çykyp gyradaky çile klasdaş.
Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn,
Berlip müñ ham hyýala klasdaş.

Birmahallar şadyýandym, alçakdym,
Wah bolmady şo bolşuma galjakdym,
Söýgüniñ yzynda ylgap daljykdym,
Tas dönüpdim sañsar mala klasdaş.

Mekdebe gatnardyñ bezäp bu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ portfelli çykaýjak ýaly,
Şinni-şinnem bakýan ýola klasdaş.

Daşyndan paklygy bildirmez hozuñ,
Tamşanyp galarsyñ ýagjarmaz agzyñ,
Içinden on alty klasdaş gyzyñ,
Seni söýdüm ala-böle klasdaş.

Dinden çykman, ilden çykman gezendiñ,
Üýtgeşik däl, iller ýaly bezendiñ,
Sen ýönekeý köýnekde-de gözeldiñ,
Girmeseñde ýüpek şala klasdaş.

Saýlap seçip obañ gözel gyzyny,
Saýlap seçip baýramalyñ uzuny,
Gülkem bolsa, deñärdim men özümi
Görogla hem Rüstem zala klasdaş.

Öýüñiz ýerleşerdi boýunda kölüñ,
Kenary doýurardy obanyñ malyn,
Bizde mal ýoklugy bolsada mälim,
Günde on gatnardym köle klasdaş.

Golaýyñyzdan geçenimde her gezek,
«Klasdaş gurgunmyñ» diýmäne derek,
Utanyp gyzardym, ýadyñda gerek,
Ýokdurla sözümde hile klasdaş.

Gyzaardym öl suw bolardym derläp,
Geplejek bolsamda nepesim durlap,
Walla, bir agyzam bilmezdim gürläp,
Öwrülerdim güñe, lala klasdaş.

Nädeýinda, elden aldyñ erkimi,
Söýgi şeýle güne salýar herkimi,
Elim bilen, galam bilen görküñi,
Saldym şygyr atly göle klasdaş.

Señ adyñ ornunde başga at goýup,
Biläýsen bigelşik boljagyny duýup,
Goşgymy görkezdim «barlap ber» diýip,
Mugallymym Aýjemala klasdaş.

Syr bildirmän ýanyñdaky geline,
Şol goşgymy tutdurypdym eliñe,
Ýüz gözüñi çirkizip ot-ýalyna,
Gaýnadyp otyrkañ pi;le klasdaş.

Tomus gowga tutanynda mekine,
Suw alýarkak suwsap giden ekine,
Arma berdim men çekine-çekine,
Agramymy atyp pile klasdaş.

«Bar bol oglan» diýdiñ näz edip çala,
Bu uly sowgatdy biz ýaly gula,
Seni meñzederdim açylan güle,
Geýineñde gyzyl-ala klasdaş.

Atym çaýly haltañ bagyny işip,
Durkañ çal soradym oýun edip degşip,
Men özüñe teşne, özüñe aşyk,
Mätäç däldim çaýa, çala klasdaş.

«Çal bolmasa çaýa tapylar hökman,
Ýañjajyk demledim içäý howlukman»
Diýip meniñ garşylygymada bakman,
Çaý uzatdyñ bir piýala klasdaş.

Yssydy. Egniñde ýuka eşikdi,
Ýygnanan suw böwet jüwi deşipdi,
Beklemäge egileñde düşüpdi,
Gözüm göwsüñdaki hala klasdaş.

Añlasamda seniñ añmaýanyñy,
Duýdurmajak boldum synlaýanymy,
Soran boldum ýeriñ gekdar sanyny,
Bakyp uzakdaky käle klasdaş.

Kälden añyrda-da kanal akardy,
Nan oklasañ balyjaklar bökerdi,
Sil gelende hanasyny ýykardy,
Bäsdeşdi Jeýhuna, Nile klasdaş.

Tutuş klas bolup seýle giderdik,
Bahana tapmasak şeýle giderdik,
Ol günleri bir çak elden gidirdik,
Dogrusy gorkardyk, heder ederdik,
Münsek gaýyga ýa, sala klasdaş.

Joralaryñ bilen aýdardyñ aýdym,
Diñlap, synlap, söýüp ber başagaýdym,
Men «söýgü kanaly» diýip at goýdum,
Gelşip dur ol kanala klasdaş.

On adamyñ güýji bardek özüñde,
Barymyzy gepe goýup yzyñda,
Kän pagta ýygardyñ ýylyñ güýzünde,
Partygyñy dañyp bi;le klasdaş.

Seniñ eliñdedi bagtymyñ bagy,
Ýygan pagtamyzyñ ölçenýän çagy,
Ýylgyryp ýüzüme seretseñdagy,
Men şol gün sygmazdym gola klasdaş.

Häzir bolsa keýpim bolsada berbat,
Ýadyma düşende aýdaýyn bir zat,
Meñ ýygan pagtamy çekende birgat,
Orsçalap diýerdi «mala» klasdaş.

Gamly garap saýlanardyñ o ýerden,
Bu bolşuñy görüp beter suýardym,
Hem göwnüñi tapjak bolup diýerdim,
«Ünüs berýän sana däl, hile» klasdaş.

Ýagman-ýagman birden ýagşydeý buludyñ,
Ýagman-ýagman birden garyña galdym,
Namys ede-ede ýygymçy boldum,
Senden yza gala-gala klasdaş.

Yşkym, söýgüm haýdamana yrardy,
Üstü başym pagta bolup durardy,
Meni saña has-da ysnyşdyrardy,
Partyklarym dola-dola klasdaş.

Halaşsa ýaş gyzlar «jahyl» diýdiler,
Duşar bir-birine ahyr diýdiler,
Ikimize «Zöhre-Tahyr» diýdiler,
Gürrüñ bolduk uly ile klasdaş.

Nobatçylyk edýän günüñi bilip,
Hemmeden öñürti klasa gelip,
Düýnki, gizlap giden hekimi alyp,
Adyñy ýazardym pola klasdaş.

Indi gorkýan. Şonda nädip başardym,
Tutup el degmedik appak goşardan,
Günertan duşmagy wadalaşardym,
Gelmelidiñ sport zala klasdaş.

Söýgä düşinerden entekler ýaşdyk,
Söýgüniñ elinde bendi-di ýaşyk,
Ikilik alardyk, alardyk bäşlik,
Yşk sebäpli beýle hala klasdaş.

Maryda pal atdyrdym bir sigana,
Onuñ aýdanlary ot saldy jana,
Baş söýgüde gowuşma ýok ynsana,
Şondan bäri uýýan pala klasdaş.

Ýer dälde, ýüregim sarsdy birden,
Beýle hasrady götärmi gerden,
Sen bir ýerden çykdyñ, men başga ýerden,
Düşdi söýgümize çile klasdaş.

Neşebend ataña pul gerek boldy,
Özi hem az kös-däl bol gerek boldy,
Ötene-geçene elserek boldy,
Ymykly çökensoñ dula klasdaş.

Neşäñ hasabyna salyndy galyñ,
Bal tutan ýalarmyş barmagynyñ balyn,
Eneñem yşkyña düşüpdi pulun,
Garaz nätjek gybat bolduk bir salym,
Deñe-duşa, deñ-duş däle klasdaş.

Bagtymy baýlygymy elden gidirdim,
Ýeke çekmek agyr söýgüniñ derdin,
Öz obañdan näme ýamanlyk gördüñ,
Gelin bolduñ, ýat obala klasdaş.

Edeniñ bar bola, goýduñ ne halla,
Indi hiç bir zatdan tapamok dalda,
Öñden bagtsyz doglupdyryn fevralda,
Nalyş etdim kem fewrala klasdaş.

On sekiz ýyl ekläp-saklap azyndan,
Oba dyndy ýene-de bir gyzyndan,
Soñky ýola garap galdym yzyñdan
Garap galdym soñky ýola klasdaş.

Saklajak güýç ýok adam bir yñansoñ,
Tas özümi öldüripdim ynansañ,
Aglap-aglap, aglap köşeşdim onsañ,
Ösdi kirpiklerim öle klasdaş.

Durmuş, mekdep sapak berer öwrenseñ,
Bagt ketjaldyr, gelmez ýüzün öwrensoñ,
Meniñ lellimligimi ýigren ýigrenseñ,
Ýöne, yhlasymy syla klasdaş.

Serhoşdym, söýgüden kellesi göçen,
Bagyşlanýan däldir söýgüden gaçan,
Bagyşlama, bagyşlama hiç haçan,
Şonda çekilelimi tyla klasdaş.

Soñ-soñlaram görsem palçy aýaly,
Aýra düşenimize sebäpkär ýaly,
Göwnüme getirip erbet hyýaly,
Ýüz bermedim ol aýala klasdaş.

Hol gün gürrüñ berdi jorañ Aýsenem,
Tüssa çalyşanna atañ hem eneñ,
Takdyra ten berip aglapsyñ senem,
Göz ýaşyñ döndirip sile klasdaş.

Toýuñda-da oturypsyñ keýipsiz,
Özüñi ýazykly, müýnli duýupsyñ,
– «Ene mukadesmi, söýgi?» diýipsin,
Partadaşym Annahala klasdaş.

Ykbal aýralyk salmasyn hiç ara,
Oñ oñünde adam pahyr biçäre,
Diýýärlerä: «Boljak işe ne çäre»
Peýdasy ýok çekme, nala klasdaş.

Adam owal enäñ çig süýdin emmiş,
Şoñ üçin azajyk akly kemmiş,
Ýazgydyñ ýanynda bizdagy kimmiş,
Garşy giden ýok ykbala klasdaş.

Bolsañda sen enäñ, atañ gurbany,
Senden eý gördüler puldur dermany,
Çykardylar saña ýowuz permany,
Duçar bolduñ ýaman päle klasdaş.

Ýöne, şolar seni dünýä getiren,
Balam diýip gujagynda göteren,
Az pursatlyk akylyny ýitiren
Adamlardan etme gile klasdaş.

Ýene-de düýşümde gördüm arada,
Sag-salamat gez gezseñde nirede,
Goşgy goşdum köýen söýgüm barada,
Hala ýigren hala, «hala» klasdaş.

Gaýgy gussa barýar ömrümi kertip,
Söýgi ýüregimde goýupdyr bertik,
Bile düşen suratlarymyzam ýyrtyp,
Seçeledim saga, sola klasdaş.

Bulanyk suwly ýap durlansa ýagşy,
Her kitap añyñy durlasa ýagşy,
Adam her hal üýtgäp durmasa ýagşy,
O şemala, bu şemala klasdaş.

Öñ söýgümdiñ, inni bolduñ ahmyrym,
Beýle bolar öýtmändim ahyry,
Ýatlap durgun, bardygyn öz şahyryñ,
Ýoluñ düşse Baýramala klasdaş.

Akyl senne, edep senne, görk senne,
Perman senne, buýruk senne, erk senne,
Gowy gyzlar köpem bolsa türkmenne,
Soñ duşmadym özüñ ýala klasdaş.

Birje soragym bar, bersene çözüp,
Göwne makul bolsa içeýin ezip,
Ynsan heý söýgüsiz bilermi gezip,
Jogap agtar şu sowala klasdaş.


Dowamy bar.
Klasdaşyndan ýanan barmy?
46
785
Imissyou
05.12.2023 12:48
Türkmenistanyň satyn alan täze Boeing 777-300ER ýolagçy uçary Aşgabada geldi.

4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.

Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany «Airbus A330-200 P2F» (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberi köpeldilip, hili ýokarlandyryldy. Howa gatnawlarynyň ykdysady görkezijileri artdy.
29
41
Imissyou
05.12.2023 08:47
-Men aýalym bilen diskotekada duşuşupdym.
-Oh, nähili gowy ramantika.
-Niresi romantika bla, men ol öýde çagalar bilen otyrmyka diýip pikir etýärdim.
43
461
Imissyou
05.12.2023 04:42
Kitaplarda gürrüň berilmegine görä, Omar ibn Abduleziz halyf bolanda, takwalardan saýylýan, ýygy gatnaşyk saklaýan dostlarynyň biri bolan Salim Sindini ýanyna çagyryp, ondan:

— Eý, Salim! Meniň halyf bolmagym seni begendirdimi ýa-da gamlandyrdy? – diýip soraýar. Salim oňa şeýle jogap berýär:

— Halk üçin begenýärin, emma seniň üçin gynanýaryn.

— Maňa nesihat ber!

— Uzynmy ya gysga?

— Gysga.

— Şuny unutma: Adam aleýhisselam birje ýalňyşlygy üçin jennetden kowlandyr.

— Boldy, gysga hem gowy aýtdyň.

Omar ibn Abduleziz halyflyk döwründe hemişe ýalňyşmazlyga çalşypdyr.
35
72