Imissyou
05.12.2023 20:01
Söýgi däldi küýsedýän bir-biregi,
Söýgi däldi ömrümiziñ diregi,
Berk bolanson söýgümiziñ goragy,
Ýetmän galdyk biz wysala klasdaş.

Bazarda duşanda doganym Sona,
Ýatladyp ýaşymyñ ýetenin çene,
«Öýlendimi?» diýip sorapsyñ ýene,
Göz ýaşyñy syla-syla klasdaş.

Seni unutmanyñ tapmansoñ tärin,
Howwa, men henizem öýlenmän ýörün,
Alada basansoñ ýüregmiñ törün,
Saçlarym boýaldy çala klasdaş.

Öñem telim diýipdimle ýüzüñe,
Men wepaly borun beren sözüme,
Senden özge gyz görünmez gözüme,
Ah läle klasdaş, läle klasdaş.

Saña bagyşladym gör näçe setir,
Bir demde ýazanymam göz öñüne getir,
Düýn söýenime, şu gün söýenime ertir,
Söýjegime şol güwäle klasdaş.

Mekdebe gatnardyñ bezäp şu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ partfelli çykaýjak ýaly,
Şini-şinnem bakýan ýola klasdaş.

Bolup otursamda bu ýola bendi,
Ondan özge gyzlar gatnaýa indi,
Hanha ýene bir topar gyz göründi,
Keýpimi düşürip nola klasdaş.

A olar şadyýan, yüz gözleri terk,
Ýaşlyk hyjuwyndan sämeleýär serk,
Görjekleri öñde şu gyzlary bir,
Goý ykbal tutmasyn ala klasdaş.

Sonalar, şemşatlar, güller besdirler,
Yşk matasyn ýedi ölçäp kessinler,
Söýüp-söýlüp arzuwlaryna ýetsinler,
Duşmasynlar hiç zowala klasdaş,
Hiç zowala klasdaş,
Ah, läle klasdaş, läle klasdaş.


Awtory: Oraznepes Baýramow
36
116
makesh_
5 Dekabr 2023
😅😅😅
altyyeva
5 Dekabr 2023
Hih 😳 bujagazlary 🤨 :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.