Imissyou
11.12.2023 06:15
LAL GYZA...

Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok,
Bize tanyş dilde, biziñki ýaly.
Diliñe düşünmän adam sürüsi,
Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli".

Däli bolmasam-da, telbe dünýämi,
Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma.
Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar,
Men diliñe düşünýän deý, hamala.

Düşündirýäñ hereket hem üm bilen,
Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin.
Kakañ bolsa baka göçüp bimahal,
Garry eneñ gözün ýaşlap gidenin.

Wah,diliñ bolsady, ýene köp zady,
Bilýän,sen janygyp gürrüñ bererdiñ.
Başga zat elimden gelmese-de meñ,
Saña biraz göwünlig-ä bererdim.

Belki,däli dünýäñ o tarapynda,
Seni kösän diliñ zybana geler.
Meniñ bolsa gorkýan zadym o ýerde,
Bu dilim lal açar, amana geler.

Gürleşesim geler, has içgin-içgin,
Maña tanyş dilde gürläniñ eşde.
Ýöne meni goýberermi sakçylar,
Günäsizleñ mekanyna, behişde?

Гызылгюль Аннагылыджова.
30
57
Imissyou
10.12.2023 20:59
DÜNÝÄDE

Üstünlige aňsat ýetjek bolýas biz,
Ýaşamasy juda agyr dünýäde.
Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz
Çyn sözi juda az
wagyr dünýäde.

Gümanly ýaşasaň bolarsyň küpür,
Herniçik etmeli baryňa şükür,
Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň pökür,
Ýok zada etmeli sabyr dünýäde

Aýna däl, kalbyna seretsin her kim,
Dünýä gözel bolsa göwnüňde görküň
Ýaşap başarmadyk özünden görsün,
Ýaşanyňa degýän nebir dünýede.

Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler,
Dost bolmagy başarsaňam döw bilen,
Degmäň, degmäň, degmäň ynsan göwnüne,
Ahyrky pillesi gabyr dünýäde.

Aşyrmät GARLY.
30
138
Imissyou
10.12.2023 16:49
UEFA – bu degişli ýurtlaryň 1-nji Futbol ligalarynda salynan gollaryň üýtgeşik koeffisiýentlere köpeldilip, iñ köp utuk ýygnan futbolça berilýän baýrakdyr.

Ilkinji gezek 1967-1968-nji futbol möwsüminden soñ Fransiýanyñ L’Èquipe žurnaly tarapyndan tä 1990-njy ýylyñ soñuna çenli berildi. Käbir düşünişmezlikler zerarly 1996-njy ýyla çenli ýatyryldy. 1996-1997-nji futbol möwsüminden başlap European Sports Media tarapyndan bu baýrak täzeden berilmäge başlandy.

UEFA-nyñ koeffisiýentindäki ýurtlaryñ sanawynda ilkinji 5 ligalaryñ oýunçylaryñ her gollarynyň sany 2 esse köpeldilýär, 6-21-nji ligalaryñ oýunçylarynyñ her gollarynyň sany 1,5 esse köpeldilýär, 22-nji ligadan soñky oýunçylaryñkyny bolsa 1 esse köpeldilip, iñ köp utuk toplaýan oýunça berilýär. Eger bir möwsümde birden köp oýunçy iñ köp utugy alan bolsalar, onda, hemme oýunça altyn aýakgap baýragy berilýär.

Şuwagta çenli bu baýragy iñ köp 6 gezek Leonel Messi, 4 gezek Cristiano Ronaldo, 2 gezek Gerd Müller, 2 gezek Mario Žardel, 2 gezek Thierry Henry, 2 gezek Diego Forlan, 2 gezek Luis Suarez ýaly oýunçylar mynasyp boldular. Ilkinji gezek bu baýraga, has dogrusy, Altyn aýakgaby 1968-nji ýylda Benfikanyñ hem-de Portugallaryñ meşhur ýyldyzy Eusébio mynasyp bolupdy.

Çekeleşikli we kynçylykly geçen 2019-2020-nji futbol möwsüminde bu baýraga Italia Serie-A ligasyndan Lazio toparynyñ ýyldyz oýunçysy Ciro Immobile 36 goly, jemi 72 utuk bilen mynasyp boldy. Şol bir wagtda Serie A ligasynda mundan ozal 2015-2016 futbol möwsüminde iñ köp gol salan, 36 golly Gonzalo Higuain, 1949-1950 futbol möwsüminde iñ köp gol salan 36 golly Gunnar Nordahl ýaly oýunçylaryñ rekordlaryna şärik bolmagy hem başardy.

Bu möwsümde 34 gol we 68 utuk bilen Robert Lewolandowski, 31 gol hem 62 utuk bilen Cristiano Ronaldo hem bu baýragy almak üçin soñuna çenli gyzyklandyran oýunçylar boldy. Angliýanyñ Premier ligasynda iñ köp gol salan 23 gol bilen Jamie Vardy boldy. Premier ligada 33 ýaşyndaky Jamie Vardy bu baýraga eýe bolan iñ garry oyunçy bolmagy hem başardy.
29
40
Imissyou
10.12.2023 13:37
Ilkinji galamlar XII-XVI asyrlarda döräpdir. XIV asyrda italýanlar toýundan ýasalan galamlary öndüripdirler. Şeýle galamlar öçügsi we solgun gara reňk beripdir. Ýakylan süňkden alnan serişde hem ösümlik ýagy bilen garylyp, galam hökmünde peýdalanylypdyr. XVII asyrda grafitden ýasalan galamlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ilkinji gezek grafit 1654-nji ýyl¬da Angliýadan tapylýar. Şa zenany grafitiň geljekki nesillere-de miras galmagy ugrunda aladalanyp, ýylda 6 hepdäniň dowamynda grafit gazyp almaga rugsat beripdir. Russiýadan grafit känini tapan Lomonosow Arhangelsk oblastynyň ýaşaýjylarynyň kömegi bilen galam öndürmegi ýola goýupdyr. Lomonosow galamyň mukdarynyň ölçeg birligini girizipdir. Galamyň mukdarynyň ölçeg birligi «gross» diýip atlandyrylypdyr, sebäbi «gross» diýmek 12 diýmegi aňladýar. Bir günde galam ýasaýan ussa öz şägirdi bilen 12 galam öndürmegi başarypdyr. Hut şundan hem bu söz ulanyşa giripdir. Biziň häzirki ulanýan galamlarymyzy 1775-nji ýylda fransiýaly Nikolýa Zak Konte oýlap tapypdyr. Kagyzyň ýüzünde yz galdyrýan grafit ony ulanýan adamyň elinde-de öz yzyny galdyrypdyr. Şonuň üçin grafitiň daşyna agaçdan «köýnek» geýdirmek Konteniň kellesine gelipdir. Daşy agaç gabykly galam eýýäm 200 ýyldan gowrak wagt bäri şol durkuny üýtgedenok. Türkmenler hem gadym wagtdan bäri ýazuw işlerinde gara daşy peýdalanypdyrlar. Rus diline bu söz türkmen dilinden durkuny üýtgetmän, «gara daş» — «karandaş» görnüşinde geçipdir. Häzirki döwürde 350-den gowrak görnüşli, 70-den hem köp reňkli, 18 sany gatylyk derejedäki galamlar öndürilýär. Bir ýylda bütin dünýä boýunça 14 milliarddan gowrak galam satylýar. Bu san bolsa galamyň giňden ulanylýandygyny aňladýar.

 
26
14
Imissyou
10.12.2023 10:08
Öweziñ geñ edähedi / hekaýa

Öweziň geň edähedi

Gumuň içinden geçýän Garagum derýasyna golaý ýerde biten bagy görüp:
— Bu gara baglygy bu ýerde kim ýetişdirdikä? – diýip, Aşyr geňirgendi. 
Öwez beletlik bilen:
— Çöller institutynyň alymlary. Bu ýerde men öň bolup gördüm. Hanha, olaryň birisi baram. Bäh, ol Öwez ýaly-la. – diýip, agajyň kölegesinde garbanmaga häzirlenip oturan, orta boýly daýanykly adamy görkezdi. Ol çalasyn ýerinden galyp, maşyndan düşerimize mähetdel, geldi-de biziň bilen gadyrly salamlaşdy. 
— Öwez Gurbanow, alym, tebigatyň ölermen aşygy. Ikimiz atdaş, uniwersitetde-de bile okadyk. – diýip, Öwez ony tanyşdyrdy. 
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, ol:
— Geliň, nahar edineliň! – diýip, mürähet etdi. 
— Naharyň özüňe nesip etsin! Biziň aramyzda seniň bu owkadyňdan dadyp biljegimiz ýok! – diýip, Öwez oňa jogap berdi. 
Gara aga Öweziň bu zoňtarlygyny geňirgäp:
— Beý diýme, inim! Duza at dakmak gelşiksizdir! – diýip, oňa duýdurdy. 
— Häzir atdaşyň näme iýip oturanyny eşitseňiz, meniň näme üçin beýle diýenime düşünseňiz gerek. Hany, aýtsana atdaş, nämäniň etini iýip otyrsyň? – diýip, Öwez alyma ýüzlendi. 
— Kanalyň suwy gaçan şorlukdan suwitini tutdym. Semizje eken. Şonuň çekdirmesi... – diýip, alym ýylgyrdy. 
— Suwitiniň iýilýänini senden eşidýärin. – diýip, Gara aga geňirgendi.
— Atdaş täsin adam. Munuň iýmedik zady ýok bolsa gerek! Hany, özüň gürrüň bersene?! – diýip, Öwez güldi. 
— Her kişiniň bir hobbisi bolýar. Meniň hobbim şeýle. – diýip, alym gürrüňe başlandan, Gara aga onuň sözüni böldi:
— Hobbi diýýäniň näme?
— Hobbi diýmek, edähet diýmek bolýar. – diýip, Aşyr düşündirdi. 
— Hawa, meniň edähedim şeýle... – diýip, Öwez söze ýamaşgan başlady. — Esasy işim çöl bilen bagly. Ömrümiň uly bölegini çöli öwrenip geçirdim. Ýylyň ähli pasyllarynda diýen ýaly, çölde bolmaly bolýaryn. Şonda ýanyma öýden diňe kakadylan çörek, duz, otluçöp, goşa tüpeňimi alýaryn. Bolany. Onsoň, nahar wagtym golaýlanda odun çöpläp ot ýakaga-da, ýanyp köze öwrülýänçä, düşlän ýerimiň töweregine aýlanýaryn. Pyşbagamy, atýalmanmy, alakamy... garaz, yrsgalyma näme çyksa, tutup, oda basaga-da, owkat edinýärin. 
— Bä-äý, mädäň-ä iri eken-ow, inim! – diýip, Gara aga geň galyp, başyny ýaýkady. 
— Atdaş iýen zadyny ýazyp belleýärem. – diýip, Öwez düşündirdi. 
—Hawa, haçan, nirede, näme iýendigimi ýandepderçejigime belleýärinem. Men oňa adaty iýilýän haýwanlary bellämok. Diňe adamlaryň iýmeýän jandarlaryny iýsem, belleýärin. Bu hem bir özboluşly ylmy derňew. 
— Ýylanam iýip gördüňmi? – diýip, Sapar gyzyklandy. 
— Hawa, ýylanyň köp görnüşlerini iýendirin. 
— Zäherinden gorkaňokmy?
— Onuň öz iýiliş täri bar. Her tarapyndan iki-üç barmak ýalysyny kesip taşlap, hamyny sypyraga-da, çybyga düzüp, çişlik etseň, juda tagamly bolýar. 
— Garga-da iýip gördüňmi?
— Alagarga, garagarga, zakyja garga, alahekek... iýip gördüm. Garga eti çeýe, bişmezek hem biraz ajymtyk bolýar. 
— Ol iýýän zatlaryňdan kesel geçer öýdüp gorkaňokmy? Aýratyn-da alaka, syçan ýaly jandarlar juma, mergi, garahassalyk kimin erbet keselleri ýaýradyjylar hasaplanýar. – diýip, Aşyr gyzyklandy. 
— Awlanymsoň gowuja barlaýan. Aýaklaryny göterip, goltuklaryna äňedýän. Keselli bolsa, goltugy çişli bolýar. Sagat jandaryň tüýi ýalpyldap, öwşün atyp durýar. Daşky görnüşinden, iýip boljakmy-ýokmy, kesgitlemek mümkin. 
— Onsoň, seniň ol iýip gören närseleriň jemisi näçeräk boldy? – diýip, Gara aga sorady. 
— Otuzdan geçdi. Janly-jandarlaryň diňe etini däl, ýumurtgasyny tapsam-da hezil edip iýýän. Pyşbaga ýumurtgasynyň heýgenegi has süýji bolguç. 
— Bäh, seniň bu edähediň juda geň ekeni, inim! – diýip, Gara aga «loh-loh» güldi. — Gürrüňe güýmäp, naharyňy-da sowatdyk öýdýän. 
— Aý, zeleli ýok. Guma çykanyma bäş-alty gün boldy. Uzak wagt ýeke bolsaň, adamlara duşup, «gümür-ýamyr» edişesiň gelip dur. 
— «Gumuň içindäki bu bagy kim bitirdikä?» diýip, ýoldaşlarym gyzyklanansoň, sowulaýdyk. – diýip, Öwez biziň gelmegimiziň sebäbini, näme üçin guma çykandygymyzy düşündirdi. 
— Miweli agaçlaryň çöl şertine, suwsuzlyga çydamly görnüşlerini ýetişdirmekçi bolýarys. Çöli öwrenmek, özleşdirmek, çölleşmegiň öňüni almak esasy işimiz. Bu bag biziň synag üçin eken baglarymyzyň biri. Bu ýerde esasan gara nar diýilýän naryň teşnelige çydamly görnüşini synag edýäris. Geçen ýyl hasyla durup, iri hem juda süýji narlar getirdi. – diýip, alym bizi öz işi bilen gysgaça tanyşdyrdy. 
— Gumlular ir döwürlerden bäri ýandagyň köküni dilip, garpyz çigidini sapyp, düme garpyz bitirýärler. – diýip, Gara aga alymyň çöl daýhançylygy baradaky gürrüňiniň üstüne goşdy. 
— Hawa, ýandak köki juda çuňluklara — çeşmä çenli gitgiç. Biz hem ýandaga sapyp, diňe garpyz däl, beýleki ekinleri hem ekip görýäs. – diýip, alym Gara aganyň gürrüň beren bu tärinden aňryýany bilen habarlydygyny ýaňzytdy. 
Biz alym bilen hoşlaşyp, ýola düşdik.
24
73
Imissyou
10.12.2023 06:28
Belki ýaprak bolaryn seniň üçin güýzde gurap giderin, isleseň her baharda iň owadan gül bolup seniň üçin açylaryn.

Belki güneşiň bolup ýüregiňe nur saçaryn, diňe seniň üçin ýanaryn, isleseň bir gije ýalňyzlykda sessizje gaýan ýyldyzyň bolaryn. Belki ýagmyr bolaryn, ejizläňde üstüňe ýagyp göz ýaşyňy süpürerin.

Men sadaja seni söýerin, Gijäniň gündizi, balygyň suwy, guşlaryň asmany söýüşi ýaly söýerin. Her gezek seni ýatlanymda gyýylsada ýüregim, Ykbalyň kejine gidip ýene seni söýerin. Ölerin belki, sensiz geçen her sagatda solaryn. Bir gün unudaýsada seni bu dünýäde her kim, Bir hakykady unudaýma perizat, men seni ölinçäm söýerin.
27
47
Imissyou
09.12.2023 18:28
Beýnä oturdylan implant intellekti dikeltmäge kömek eder.

Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan we beýni implantasiýa operasiýasyny geçiren hassalarda intellektual ukyplaryň üstünlikli dikeldilendigini habar berdiler.

Barlaglaryň dowamynda, 3 – 18 ýyl ozal orta we agyr derejeli kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan 22 – 60 ýaş aralygyndaky alty hassanyň beýnisine implant ýerleşdirildi. Talamusyň merkezi gapdal ýadrosy (CL) we oňa bagly medial dorsal tegmental trakt (DTTm) ýaly beýni zolaklaryny işjeňleşdirmek üçin elektrodlar oturdyldy.
Talamusyň merkezi gapdal ýadrosy talamusyň bir bölegi bolup, aňyň derejesini kadalaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan we signallary ýaýratmak üçin nokat bolup hyzmat edýän beýniniň bir bölegidir.
Enjam 90 günüň dowamynda günde 12 sagat işledildi. Näsaglar ünslülik, konsentrasiýa we meýilnamalaşdyrmak boýunça adaty synaglardan geçdiler. Bejergi döwri gutarandan soň, harplaryň we sanlaryň toplumyny birleşdirýän çyzgylary çekmek synagynyň tizligi, ortaça, 32 göterim gowulandy. Bu garaşylan 10 göterimden has ýokarydyr.
Hassalar kitap okamak, telewizora tomaşa etmek, wideo oýunlary oýnamak ýa-da öý işini etmek ýaly ozal mümkin däl hasap edilen gündelik işlerini gaýtadan edip başladylar. Olar işjeňligi artyp, gündizi ukusyz geçirip bildiler. Barlagyň ahyrynda hassalaryň biriniň enjamy öçürildi (onuň özüniň razyçylygy bilen). Netijede, ol çyzgylary çekmek synagyny 34 göterim haýal ýerine ýetirdi. Bu bolsa täze çemeleşmäniň netijeliligini subut edýär.
17
37
Imissyou
09.12.2023 14:40
Ynsanyň özüne bolan ynamynyň gözleginde

(Şahyrana oýlanma)

Pikir oýlaryna çümüp, hyýallara atlananymda asla unudyp bolmajak günleriň biri ýadyma düşýär. Hatda şol gün ýer ýüzünde ýaşap ýören adaty ynsan üçin durmuş öwrümleriniň biri bolan ajaýyp gün diýsek hem ýalňyşmarys. Çünki durmuşda hakykatdan ýaşamak, diňe bir okamak, öwrenmek däl eýsem gözlemek, tapmak, döretmek we paýlamak hem biz ýaş deň-duşlara degişli ahbetin. Durmuşda ukyp- başarnyklarymyza görä, yz goýup boljak, geljekki nesillere ýagşy at galdyryp ýagşylykda özüňi tanatmak her bir adamyň arzuwydyr. Diňe bir arzuw bolup galmasy däl, eýsem hakykata öwrülişini duýmak we synlamak has ýakymly. Belkide men ýaş talyp gyzynyň eser döredip, hat-da kitap hem ýazyp biljekligimiň oýuna garylyp aýdylsa-da çyn ýürekden sözlensede bu pikiriň orta atylmasy, 1 hem däl 3 adamyň 1 günde aýtmagy tötänleýin däl bolsa gerek. Durmuşda hiç bir zat tötänleýin bolmaýar. Buda göz ýetirilen hakykatlaryň biri. Şeýlelikde mundan beýläk durmuşda göterýän ýükümi ýeňletmäge, içimdäki kiçijek dünýämi sahypalara aýan edip rahatlamaga indi wagt boldy. Çünki dünýä akyl ýetirip, adam ogluna peýdaly ynsan bolmaly diýen pikir döräli bäri bu durmuşa, bu Watana her bir raýat özüni borçly hasap edýär. Bu ýaşaýşa hiç bir ynsan balasy ýöne ýere gelmeýär, bu toprakda ýöne ýere dogulmaýar. Her bir kişiniň bu ýer ýüzünde öňünde goýan uly maksatlary bar. Belkide bu ýerdäki wezipämiz elimizden geleniň iň gowusyny edip, ykballara öz täsirimizi ýetirmek, olaryň durmuşlaryny gözelleşdirip bilmekdir. Şeýle hem olaryň içindäki ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat. Her bir kiçi ädimler uly üstünlige eltýär. Ýöne bu gün başgalaryň däl, eýsem öz iç sesimizi diňläp özümizdäki yşygy daşary şöhlelendirmäge ýol görkezildi. We oňada sagbolsun institutymyzdaky halypa mugallymlarymyz ýardam etdi. Adam ogly haçanda yhlasyna görä gözlegleri netije berip ugranda üstünlige barýan ýollaryň özleri ýuwaş-ýuwaşdan açylyp, hemme zat ugruna bolup gidiberýär. Hat-da sen üstünlige ýetmäge bolan ymtylyşyň gowşabereninde hem gelip bilýär eken. Şol gözlegleriň netijesinde bir pellehana ýetmekde saňa islendik zat ýa bir aýdymdan, ýa bir filmden, ýa-da bir ynsandan, käte bir aýtgydan hem gelip bilýär. Ylham bolsa “Bendäm bendäme sebäp” diýlişi ýaly, ylymdan ýüki ýetik halypalardyr, mugallymlardan geldi. Goşa-goşadan çüwen maňlaýym, diňe bir özümde bar bolan ýazyjylyk başarnygymy ýüze çykarmak bilen çäklenmän eýsem, wagt taýdan hem şeýle ýerine düşdi. Ynam adamy özgerdýär. Ynam-ynsan gatnaşyklarynyň söýesi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýaşlara bildirýän uly ynamyň döwrüdir. Meniň üçin şu ýylda şu ynamy ödäp bilmek, bahasyna ýetip bolmajak uly baýlyk, genji-hazyna barabardyr.
30
65
Imissyou
09.12.2023 11:43
Saglyga zyýan bermezlik üçin kalsiý we magniý elementlerini nädip kabul etmeli?

Kalsiý beden öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýan esasy elementdir. Dişleriň, süňkleriň, saçlaryň, dyrnaklaryň we beýleki organlaryň saglygy onuň mukdaryna baglydyr. Bedeniň bu elementiniň derejesine gözegçilik etmek zerurdyr.

Haçan bedene wajyp bolan kalsiý elementini kabul edip başlamaly? Kalsiý kabul edip başlamazdan ozal lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň! Öz pikiriňizçe gowy täsir eder diýip ondan kabul etmek bolmaýar, sebäbi bu elementiň aşa köp bolmagy işdäň ýitmegine, bagryň we böwrekleriň ýaramazlaşmagyna, ýürek bulanma, gusmak we tutgaýlara sebäp bolup biler. Lukmanlar nahardan soň kalsiý içmegi maslahat berýärler. Alymlar adam bedeniniň biologiki ritmi barada barlag geçirýärler. Netijede gündiz bedeniň iň az mukdarda kalsiý, gijelerine bolsa iň köp mukdarda sarp edýändigi mälim edýärler. Bu himiki elementiň ýoklugy bilen beden süňk dokumalaryndan kalsiý alýar, bu bolsa bogun meselelerine sebäp bolýar.

Kalsiý näme bilen kabul edilmeli?

Lukmanlar diňe kalsiý kabul etmek ýeterlik däl diýip hasaplaýarlar. Bu element D witamini bilen bilelikde sintez edilmese, beden tarapyndan sorulmaz. Şeýle-de bolsa, D witamini bolan iýmitleriň kalsiý goşundylaryny kabul etmezden 4 sagat öň iýmelidigini bellemelidiris. Kalsiý elementini düzüminde kalsiý bolan iýmit önümlerinden alyp bolýar. Şeýle önümlere kefir, süýt, gaýmak, ýogurt önümleri degişli edilýär.

Şol bir wagtyň özünde magniý we kalsiý içmek mümkinmi?

Käbir alymlar kalsiýniň magniý bolmazdan az kabul edilýändigini aýdýarlar, beýleki bir topar alymlar bolsa bu iki elementiň aýratyn kabul edilmegini aýdýarlar.

Saglyga zyýan bermezlik üçin kalsiý almagyň iň gowy usuly haýsy?

1 g kalsiý üçin 0,5 gr magniý kabul etmek bolýar. Kalsiýniň tebigy siňdirilmegi üçin berhiz saklamaly we arpa garpyzlary, hoz we badam goşulmaly.

Haçana çenli kalsiý içip bilersiňiz?

Bu elementi tabletka görnüşinde kabul etmek maslahat berilmeýär. Tabletka görnüşinde kabul etmek köp mukdarda garaşylýan netijäni berjekdigini aňlatmaýar. Kalsiýniň esasan hem gapdalynda hökman goşmaça önümleri kabul etmeli. Adamlaryň arasynda kalsiýniň we magniýniň ýetmezçiligi sebäpli “gury süňk agyry” keseli ýüze çykýar. Keseliň lukmançylyk ady osteoporozdyr. Keselleriň sanynda (onkologiýa, ýürek-damar kesellerinden we süýji keselinden soň) 4-nji ýerde durýar. Osteoporoz süňk massasynyň kem-kemden azalmagydyr. Bu kesel aýallarda köplenç ýüze çykýar, esasanam menopauzanyň birinji ýylynda süňk massasy azalyp başlaýar Bu döwürde aýal her ýyl süňk massasynyň 20% -ine, soň bolsa 2-5% -e çenli ýitirýär. Osteoporozyň esasy sebäbi kalsiý ýetmezçiligi.

Näme üçin kalsiý ýetmezçilik edýär?

Kalsiý elementiniň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpler bar. Olar: jyns gormonlarynyň peselmegi, süňklere kalsiýniň esasy daşaýjysy D witaminiň ýetmezçiligi, iýmitde ýag ýetmezçiligi (D witamini siňdirilmezden), alkogol (önümçilik) kalsiýniň ýuwulmagyna sebäp bolýan paratiroid gormony, azalýar), belok iýmitlerini aşa köp sarp etmek hem kalsiýniň bedeniň siňdirilmezligine sebäp bolýar. Uly adam üçin günde 1000 mg kalsiý, 50 ýaşdan uly aýala bolsa 1200 mg gerek. Çagalar: 1-3 ýaş – 500 mg, 4-8 ýaş – 800 mg, 9-18 ýaş – 1300 mg kalsiý gerek bolup durýar.

Süýt önümleriniň hemmesi kalsiýniň ajaýyp çeşmesidir. 100 ml süýtde, 10 gr gaty peýnirde, 100 gr gaýmakda 100 mg kalsiý bar. Bu önümler kalsiýniň iň aňsat siňdirilýän görnüşleridir. Ösümlik önümlerinde hem kalsiý bar, ýöne ösümlik önümlerinde onuň mukdary az möçberde saklanýar. Kalsiý ýörite goşundy hökmünde kabul edilip bilner, ýöne bu diňe lukmançylyk gözegçiligi astynda edilmelidir. Eger gözegçilik edilmän kabul edilse aşgazanyň, böwrekleriň, ýürek myşsalarynyň, nerw ulgamynyň we süňkleriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler.

Magniý, ýadyňa we täze maglumatlaryň kabul edilmegine jogapkär bolan gippokampa oňyn täsir edýän antidepressantdyr. Magniý, magniýniň siňmegini we öýjüklere aralaşmagyny üpjün edýän B6 witamini bilen bilelikde “ýaşamagy” halaýar. Magniýniň gündelik zerurlygy 400-800 mg. Magniý ýetmezçiligi ýadawlyga, esassyz gaharjaňlyga, agressiýa, alada, depressiýa, ýadyň bozulmagyna, şeýle hem derlemäge, myşsa spazmyna we ýürek urgusynyň kesilmegine sebäp bolýar. Magniý elementi iýmitde iň oňat siňdirilýän element hasaplanýar. Magniý köp saklanýan önümlere: bugdaý kepegi, kädi tohumy, hoz, ysmanak, tüwi, noýba, şokolad degişli edilýär. Bu önümleriň hemmesi assimilýasiýa üçin örän möhüm bolan magniý B6 witamini bilen bilelikde ýaşap işleri ýerine ýetirýär. Magniý goşundy hökmünde kabul etmek, lukmanyň gözegçiligi we ýolbaşçylygynda maslahat berilýär.
26
26
Imissyou
09.12.2023 11:12
Bir syry üç adamam gizläp biler, ýöne ikisi öli bolsa

Ýaramazlar bilen iş salyşyp görmeseň hemme adam oňatdyr öýdip ýörmeli!
29
154