Imissyou
11.12.2023 06:15
LAL GYZA...

Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok,
Bize tanyş dilde, biziñki ýaly.
Diliñe düşünmän adam sürüsi,
Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli".

Däli bolmasam-da, telbe dünýämi,
Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma.
Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar,
Men diliñe düşünýän deý, hamala.

Düşündirýäñ hereket hem üm bilen,
Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin.
Kakañ bolsa baka göçüp bimahal,
Garry eneñ gözün ýaşlap gidenin.

Wah,diliñ bolsady, ýene köp zady,
Bilýän,sen janygyp gürrüñ bererdiñ.
Başga zat elimden gelmese-de meñ,
Saña biraz göwünlig-ä bererdim.

Belki,däli dünýäñ o tarapynda,
Seni kösän diliñ zybana geler.
Meniñ bolsa gorkýan zadym o ýerde,
Bu dilim lal açar, amana geler.

Gürleşesim geler, has içgin-içgin,
Maña tanyş dilde gürläniñ eşde.
Ýöne meni goýberermi sakçylar,
Günäsizleñ mekanyna, behişde?

Гызылгюль Аннагылыджова.
30
57
sabyrly
11 Dekabr 2023
@Imissyou, Hm men onda ters okapdyryn rusçadan terjimemyka diýipdim kitapcyda öýtýän sps minnetdar ýatladanyña
sabyrly
11 Dekabr 2023
Awtor şoñ özümika şu goşgynyn terjime edilenni okan ýaldym öñ bir gezek edil şo goşgy bolmasada manysy bir eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.