Imissyou
10.12.2023 16:49
UEFA – bu degişli ýurtlaryň 1-nji Futbol ligalarynda salynan gollaryň üýtgeşik koeffisiýentlere köpeldilip, iñ köp utuk ýygnan futbolça berilýän baýrakdyr.

Ilkinji gezek 1967-1968-nji futbol möwsüminden soñ Fransiýanyñ L’Èquipe žurnaly tarapyndan tä 1990-njy ýylyñ soñuna çenli berildi. Käbir düşünişmezlikler zerarly 1996-njy ýyla çenli ýatyryldy. 1996-1997-nji futbol möwsüminden başlap European Sports Media tarapyndan bu baýrak täzeden berilmäge başlandy.

UEFA-nyñ koeffisiýentindäki ýurtlaryñ sanawynda ilkinji 5 ligalaryñ oýunçylaryñ her gollarynyň sany 2 esse köpeldilýär, 6-21-nji ligalaryñ oýunçylarynyñ her gollarynyň sany 1,5 esse köpeldilýär, 22-nji ligadan soñky oýunçylaryñkyny bolsa 1 esse köpeldilip, iñ köp utuk toplaýan oýunça berilýär. Eger bir möwsümde birden köp oýunçy iñ köp utugy alan bolsalar, onda, hemme oýunça altyn aýakgap baýragy berilýär.

Şuwagta çenli bu baýragy iñ köp 6 gezek Leonel Messi, 4 gezek Cristiano Ronaldo, 2 gezek Gerd Müller, 2 gezek Mario Žardel, 2 gezek Thierry Henry, 2 gezek Diego Forlan, 2 gezek Luis Suarez ýaly oýunçylar mynasyp boldular. Ilkinji gezek bu baýraga, has dogrusy, Altyn aýakgaby 1968-nji ýylda Benfikanyñ hem-de Portugallaryñ meşhur ýyldyzy Eusébio mynasyp bolupdy.

Çekeleşikli we kynçylykly geçen 2019-2020-nji futbol möwsüminde bu baýraga Italia Serie-A ligasyndan Lazio toparynyñ ýyldyz oýunçysy Ciro Immobile 36 goly, jemi 72 utuk bilen mynasyp boldy. Şol bir wagtda Serie A ligasynda mundan ozal 2015-2016 futbol möwsüminde iñ köp gol salan, 36 golly Gonzalo Higuain, 1949-1950 futbol möwsüminde iñ köp gol salan 36 golly Gunnar Nordahl ýaly oýunçylaryñ rekordlaryna şärik bolmagy hem başardy.

Bu möwsümde 34 gol we 68 utuk bilen Robert Lewolandowski, 31 gol hem 62 utuk bilen Cristiano Ronaldo hem bu baýragy almak üçin soñuna çenli gyzyklandyran oýunçylar boldy. Angliýanyñ Premier ligasynda iñ köp gol salan 23 gol bilen Jamie Vardy boldy. Premier ligada 33 ýaşyndaky Jamie Vardy bu baýraga eýe bolan iñ garry oyunçy bolmagy hem başardy.
29
40
tmyigit76
10 Dekabr 2023
Messi 6 sy bn surata düşüpdir. 6 sy bamyka 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.