Imissyou
23.12.2023 14:03
Baky$yñ jady gülim.
Göwnimiñ $ady gülim.
Nicik saldyñ ýüregime.
Lowlayan ody gülim.
23
25
Imissyou
23.12.2023 09:10
Söýgi adamy döredijilige iterýär, täze-täze arzuwlara ýetmäge ganatlandyrýar.Ýüregiň söýgä näçe baý bolsa, şonça-da ýaşaýşa höwesiň artýar.Söýüp bagtly bolýana öýkünme, söýlüp bagtly bolmaga çalyş!Zenanda mähir bolmasa, onda söýgi uzaga gitmez.Söýmek — bu birek-birege däl-de, bilelikde bir ugra seretmekdir.Men seni biziň kimdigimiz üçin däl-de, men seniň ýanyňda kimdigim üçin söýýärin.Söýmek — diýmek adamy Allanyň ýaradyşy ýaly bolşunda görmekdir.Söýgini däl-de, size bagty berip biljek adamy gözläň. Irde-giçde ol bagt söýgä öwrüler.
31
106
Imissyou
23.12.2023 06:29
Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,
Näçe söýseň,
Şonça söýüp ýörmeli.
Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany.
Dost dost bolar,
Şoňa janyň bermeli.

Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
Şoň üçin gar,
Gyşda galanyn bilseň
Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan
Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň.

G. Ezizow.
37
57
Imissyou
22.12.2023 20:07
Bereketli topragymyzda jöwen, şaly, mäş ýaly däneli ekinleriň ençeme görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hem azyklyk, hem dermanlyk ekin hökmünde giňden ýaýran däneli ekinleriň biri-de künjüdir. Dermanlyk hökmünde ulanylyp başlanan bu ösümlikden ýag alnyp, ol hojalykda giňden ulanylýar. Şeýle-de künji ýagynyň bejergi häsiýetinden peýdalanylyp gelinýär.
Alym lukmanlaryň barlagnamalarynyň netijesinde künji dänesiniň düzüminde takmynan 27 göterim belok, 20 göterim uglewodlar, demir, fosfor, kalsiý, E witamini ýaly maddalaryň bardygy anyklanyldy. Künji ýagynyň bir nahar çemçesinde kalsiniň bir gije-gündizlik mukdary saklanýar. Her gün bir nahar çemçe gury künjini çeýnäp iýmek asteoporoz (belli bir ýaşdan soň bedende kalsiý mukdarynyň peselmegi) bilen kesellän adamlar üçin has peýdalydyr. Künji semiz adamlara horlanmaga, hor adamlara bolsa semremäge ýardam berýär. Künji bedeni pugtalandyryp, zäherlerden, zyýanly galyndylardan arassalaýar. Şeýle hem künji öýken kesellerinde, öt haltasynyň, aşgazanasty mäzleriň näsazlyklarynda, hususan-da, süýji keselinde, aşgazan şiresiniň turşulygy ýokarlananda, ganazlykda peýdalydyr.
Häzirki wagtda künji azyk senagatynda hem giňden ulanylýar. Künji dänesi dürli tagamlar taýýarlananda, toý saçaklarynyň bezegi bolan pişme, külçe bişirilende ulanylýar. Onuň ýagyndan taýýarlanan tagamlar adam bedenine ýokumlylygy, siňňitliligi boýunça beýleki ýaglardan aýratyn tapawutlanýar. Künji hoşboý, ýakymly ysly bolup, onuň süýjümtik tagamy hozuň tagamyny ýatladýar.
30
76
Imissyou
22.12.2023 17:08
Gyşda saglyk üçin unaşyň we limonyň peýdasy.

Unaş — gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän tagam. Unaşy irki döwürlerde ene-mamalarymyz saglyga peýdaly tagam hökmünde ulanypdyrlar, ol häzirki günlerde hem şeýle. Unaş türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Mäşli, noýbaly, ajy burçly unaş iýen adam nähoşlap, dümewlän hem bolsa gowy derläp, dertden tiz gutulýar. Saçaga äberilen taýýar unaşa gaýmak ýa-da süzme, ownujak dogralan gök otlar goşulsa, has-da tagamly, ýokumly bolýar. Şeýle-de nahara narpyz sepilse, gowy ys berýär.

Unaşyň iýmitlik we ýokumlylyk gymmaty tagam taýýarlanylanda onuň düzümine goşulan önümleriň düzümine baglydyr. Unaşa goşulýan gyzyl burçuň düzümindäki С witamini sitrus miwelerindäkiden-de köpdür. Burçuň düzüminde efir ýaglary, B1, B2, С, P witaminleri, kükürt, fosfor, kalsiý, demir, kremniý, hlor, kaliý, karotin, şeker, azotly maddalar, likopin bardyr. Unaş bedeni ýyladýar we açlygy gandyrýar.

Howanyň sowamagy bilen, limon adamlar tarapyndan iň kän sarp edilýän miweleriň hatarynda ilkinji orny eýeleýär. Limon dürli witaminleriň: foliýew hem-de askorbin turşusynyň, pantoten turşusynyň, B1, D, PP, P witaminleriniň çeşmesi bolup, ol adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Onuň etiniň esasy düzümi limon turşusyndan ybaratdyr. Gabygy flawonoidlere, efir ýagyna, pektin birleşmelerine, fitonsidlere baýdyr. Günde säher bilen içilen bir käse limonly çaý adama günüň dowamynda gujurly bolmaga, ýokançlardan goranmaga ýardam berýär, rahatlandyryjy täsiri bar. Şeýle-de miwäniň antiseptiki ähmiýetli häsiýeti hem bellidir. Onuň şiresi ýarany bitirýär, mikroblary ýoklaýar, miwäniň gabygy bolsa içiň ýellenmesiniň öňüni alýar, iýmit siňdirişi sazlaýar.

Limony howanyň salkyn, sowuk günlerinde köpräk iýmeli. Ol ýokanç kesellere garşy göreşiji hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adam sowuklan, dümewlän halatynda, limon garylan bally çaýy köp içmeli.
33
37
Imissyou
22.12.2023 13:24
Günüň dowamynda 2 litr suw içmek adam saglygyna örän peýdalydyr. Ir bilen ajöze içilen suw, ilki bilen, bokurdaga soňra içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Suwy ilki gaýnadyp soňra içmelidir. Suwuň gaýnamagy bilen onuň düzümindäki adam saglygyna zyýan ýetirýän käbir maddalar aýrylýar. Suw ýer ýüzünde iň köp içilýän içgidir. Tomus paslynda howanyň çenden aşa gyzmagy bilen derlemek esasynda adam bedeni suwy köp sarp edýär. Şeýle hem tomus paslynda suwy köpräk kabul etmelidir.

Suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suw ýaşaýşyň çeşmesine deňelýär. Suw içmegi endik etmek zerurdyr. Beden maşklary ýerine ýetirilende sowuk suw içmek has köp kaloriýany ýakmaga kömek edýär. Suw aşgazan, ýürek, kellagyry ýaly birnäçe keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Suw deri keselleriniň hem iň täsirli dermanydyr. Ol wagtyndan öň garramagyň öňüni alýar. Damagyň guramagy, el we aýaklarda ysgynsyzlyk, başaýlanma, kellagyry ýaly birnäçe alamatlar bedeniň suwsuz galandygynyň alamatydyr.
31
52
Imissyou
22.12.2023 09:39
Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.

Kokos hozy – bu hoz däl has dogrusy, kokos agajynyň gury şänikleri. Olaryň içinde şire we süýt saklanýar. Bişmedik (5 aýdan hem az) hozuň düzüminde ýarym litr turşumtyk-süýji suwuklyk bolýar-oňa kokos süýdi diýilýär . Haçanda bişensoň, bu suwuklyk galyňlaşýar we ak ete öwrülýär. Kokosyň etine kopra diýilýär. Kokos hozunyň diametri 30 sm, agramy 2-4 kg barabar.

Kokos sport bilen meşgullanýanlaryň ählisine maslahat berilýär. Ol içegäniň hereketini güýçlendirýär we madda çalşygyny gowulandyrýar. Kokos ýagyny aşgazan ýarasy, gastrit, kolit üçin peýdalanmaklyk maslahat berilýär. Kokos ýagy kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Laurin, olein we kapril turşulyklary deriüçin peýdalydyr. Olar suw deňagramlylygyny saklaýarlar, metabolizmi işjeňleşdirýär. Ondan deri ýokumly maddalar bilen iýmitlenýär. Emma ýagly deri ýapyk gözeneklere sezewar bolýar, şonuň üçin ýag gury deri üçin has amatlydyr.

Kokos ýagy saç we dyrnak üçin hem ulanylyp bilner. Sabynlar, çalgy ýaglary we balzamlar onuň esasynda taýýarlanýar. Ondaky E witamin gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär, ateroskleroz howpuny peseldýär. Şeýle-de ol ýürek we gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.
34
21
Imissyou
22.12.2023 05:55
Gijem bolsa uçup geldim,
Seni küýsäp öýme, Läläm.
Çekdi bahar Garaguma
Ajaýyp bir gaýma Läläm.

Senem bahar bilen deň-duş,
Gollara gir, depeden aş.
Tebigatyň özem serhoş,
Maňa serhoş diýme, Läläm.

Çomuç bardyr goşar ýaly,
Köl bar suwa düşer ýaly.
Ylla, älemgoşar ýaly
Başyňdaky öýme Läläm.

Egniňdäki mawy atlaz,
Asman kimin — epin tutmaz.
Gün ynjytmaz, ýel ynjytmaz,
Ýaşylbaş dek ýaýna, Läläm.

Oýumyzyň ady Zäkli,
Gül ýygaly akly-gökli.
Arman, ýöne ömür çäkli,
Ýokdur senden doýma, Läläm.

Berdinazar H.
26
34
Imissyou
21.12.2023 20:38
Wagt azaldy, men muny hökman aýtmaly,
aýtmasam bolmaz. Utanjaňlygy aýyrmalyda aýtmaly, bar güýjimi bir yerik jemlemeli: "önümizdäki duralgada saklasaňyzla şafýor"🤣🤣🤣


Ekzamende:-Hany aýt, hereketlendiriji
dwigetel nähili işleýär?
-Öz sözüm bilen aýtsam bolarmy mugallym?!
-Bolar.
-Brrrrrrrrrrrrrr.🤣🤣🤣


Eger-de siz tokaýda azaşan bolsaňyz, eliňizde-de kompos ýok bolsa, güýze çenli garaşyň.
Güýz paslynda guşlar günorta tarapa uçýalar.🤣🤣🤣
47
343
Imissyou
21.12.2023 15:11
Ýer planetasynda tagamy boýunça towuk etiniň tagamyna meňzeş kükürt – sary reňkli, topbak bolup ösýän Trutowik kömelegi duş gelýär. Onuň telpeginiň ini 40 sm ýetýär.

Geň galdyryjy, ýöne Seratoniýa ösümligi agramy hemişe 0,2 gr bolan birmeňzeş tohumlary berýär. Bu ösümlik gadym wagtlarda zergärler tarapyndan agram daşy hökmünde ulanylyp, häzirki wagtda karat atly ölçeg birligi bilen çalşylypdyr.

Ýokary derejeli sowuga çydamly ösümlik derek we berýozanyň şahalary. Olar 1960°C sowuga çydamlydyr.

Braziliýada “nebit agajy” ady bilen belli bolan- kopaifera agajy ösýär. Onuň şiresiniň düzümi dizel ýangyjynyň düzüminden tapawutlanmaýar.
32
59