Imissyou
22.12.2023 20:07
Bereketli topragymyzda jöwen, şaly, mäş ýaly däneli ekinleriň ençeme görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hem azyklyk, hem dermanlyk ekin hökmünde giňden ýaýran däneli ekinleriň biri-de künjüdir. Dermanlyk hökmünde ulanylyp başlanan bu ösümlikden ýag alnyp, ol hojalykda giňden ulanylýar. Şeýle-de künji ýagynyň bejergi häsiýetinden peýdalanylyp gelinýär.
Alym lukmanlaryň barlagnamalarynyň netijesinde künji dänesiniň düzüminde takmynan 27 göterim belok, 20 göterim uglewodlar, demir, fosfor, kalsiý, E witamini ýaly maddalaryň bardygy anyklanyldy. Künji ýagynyň bir nahar çemçesinde kalsiniň bir gije-gündizlik mukdary saklanýar. Her gün bir nahar çemçe gury künjini çeýnäp iýmek asteoporoz (belli bir ýaşdan soň bedende kalsiý mukdarynyň peselmegi) bilen kesellän adamlar üçin has peýdalydyr. Künji semiz adamlara horlanmaga, hor adamlara bolsa semremäge ýardam berýär. Künji bedeni pugtalandyryp, zäherlerden, zyýanly galyndylardan arassalaýar. Şeýle hem künji öýken kesellerinde, öt haltasynyň, aşgazanasty mäzleriň näsazlyklarynda, hususan-da, süýji keselinde, aşgazan şiresiniň turşulygy ýokarlananda, ganazlykda peýdalydyr.
Häzirki wagtda künji azyk senagatynda hem giňden ulanylýar. Künji dänesi dürli tagamlar taýýarlananda, toý saçaklarynyň bezegi bolan pişme, külçe bişirilende ulanylýar. Onuň ýagyndan taýýarlanan tagamlar adam bedenine ýokumlylygy, siňňitliligi boýunça beýleki ýaglardan aýratyn tapawutlanýar. Künji hoşboý, ýakymly ysly bolup, onuň süýjümtik tagamy hozuň tagamyny ýatladýar.
30
76
my_angel
22 Dekabr 2023
@sazsoft, name onno
sazsoft
22 Dekabr 2023
Suratdaky künji däl-ä :)))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.