Imissyou
22.12.2023 05:55
Gijem bolsa uçup geldim,
Seni küýsäp öýme, Läläm.
Çekdi bahar Garaguma
Ajaýyp bir gaýma Läläm.

Senem bahar bilen deň-duş,
Gollara gir, depeden aş.
Tebigatyň özem serhoş,
Maňa serhoş diýme, Läläm.

Çomuç bardyr goşar ýaly,
Köl bar suwa düşer ýaly.
Ylla, älemgoşar ýaly
Başyňdaky öýme Läläm.

Egniňdäki mawy atlaz,
Asman kimin — epin tutmaz.
Gün ynjytmaz, ýel ynjytmaz,
Ýaşylbaş dek ýaýna, Läläm.

Oýumyzyň ady Zäkli,
Gül ýygaly akly-gökli.
Arman, ýöne ömür çäkli,
Ýokdur senden doýma, Läläm.

Berdinazar H.
26
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.