Imissyou
27.12.2023 21:46

• Yaponiýada Täze ýyl 25-nji dekabrda bellenip

başlanýar we ol bir aya golaý dowam edýär.

• Braziliýada Täze ýyl, köp ýurtlarda bolşy yaly,

31-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda bel-

lenilýär. Bu döwürde jaýlar we köçeler ýagty çy-

ralar bilen yşyklandyrylýar. Braziliýalylar köp-

lenç Täze ýyl saçaklary üçin köp tagamlary

taýýarlaýarlar. Şeýle hem baýramçylyk saçagyna

noýbadan, tüwüden taýýarlanan tagamlar go-

ýulýar. Täze ýyly Braziliýada ak eşikde bellemek

adatdyr.

• Ispaniýada Täze ýyl 1582-nji ýyldan bäri her ýy-

lyň 1-nji ýanwarynda bellenilip geçilýär. Ispan-

lar bezeg üçin gapylara jaňlar bilen gül desse-

lerini asýarlar. Olar Täze ýyl agşamynda süýjüle-

ri hödürlemegi halaýarlar.

• Daniýada gapylarda Täze ýyl gülleri asylýar. Tä-

ze ýyl bezeginde gyzyl we ak reňk agdyklyk ed-

ýä.

• Günorta Afrikada hem Täze ýyl 1-nji ýanwar gi-

jesinde bellenilýär. Afrikalylar agajyň bezegleri

näçe köp bolsa, Täze ýyl şonça-da sahy bolar di-

ýip yrym edýärler.

• Awstraliýalylar Täze ýyl üçin öýlerini bezäp, ga-

pylara gül desselerini asýarlar we şem taýýarla-

ýarlar.

36
116
Imissyou
27.12.2023 16:57
Ajaýyp baýramyň täsirli aýratynlyklary.

Dünýäniň ençeme ýurtlarynda Täze ýyl baýramynda iň ýörgünli hasap edilýän hoşboý ysly goşundy imbir (zenjebil) bolup durýar. Ikinji ýerde wanil we dalçyn hasap edilýär.1895-nji ýylda Amerikada Täze ýyl arçasyny bezemekde ulanylýan reňkli çyrajyklar oýlanyp tapylypdyr we ol meşhur “Ak tamyň” öňünde gurnalypdyr.Eskimoslar Täze ýyl baýramyny ilkinji gar ýagan gününde belleýärler.Baýramçylyk feýerwerkleriniň gelip çykyşy Aziýa ýurtlarynyň irki ýerli halklaryndan gaýdýanlygy bilen baglanyşdyrylýar.Merjimekden taýýarlanylan suwuk tagam (çorba) braziliýaly her bir adam üçin baýlygy we bolçulygy alamatlandyrýan täze ýyl nahary hasaplanylýar.Irki wagtlarda bu baýramçylyk Gadymy Rimde mart aýynda bellenipdir.Dünýäniň iň beýik emeli Täze ýyl arçasy Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ýerleşýär, onuň beýikligi 76 metre deňdir.Ilkinji Täze ýyl gutlag haty 1843-nji ýylda London tipografiýasy tarapyndan çap edilipdir.755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabr diýlip hasaplanan Fransiýada 1564-nji ýylda ýylyň başy hökmünde 1-nji ýanwar kabul edilipdir.Gollandiýada Täze ýyl saçagynda tegelek görnüşli köke, süýjüliklere uly orun berilýär, ýagny olar şeýle görnüşli süýjülikleriň ýylyň bir aýlawyny aňladýar diýip düşündirýärler.Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Daniýa baýramçylyk arçasynyň iň köp satylýan ýeri hökmünde bellidir.Baýramçylyk gutlag hatlarynyň we sowgatlarynyň iň köp satylýan ýeri bolsa ABŞ hasaplanylýar.Gresiýada Täze ýyl gijesi her bir maşgalada öýe üstünlik getirýändigini alamatlandyrýan nar ýere urlup döwülýär.Arça agajy XVII asyrdan bäri Täze ýyl baýramynyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanylyp gelinýär.Ýaponiýada baýramçylyk saçagynda kelem, noýba, kaştan we işbil hökmany bolaýmaly iýmitler hökmünde görülýär. Olar kelem – bagt, noýba – saglyk, kaştan – üstünlik, işbil – köp zürýat diýip ynanýarlar.Täze ýyl gijesinde Tibetde ýoldan geçip barýanlara bir bölek süýjülik, köke önümleri paýlanylýar we şol paýlanan süýjülikleriň sany näçe köp bolsa, onda ol täze ýylyň hem şonça rysgal-bereketli boljakdygyny alamatlandyrýar.
23
36
Imissyou
27.12.2023 12:37
Ine, ýene birnäçe günden Täze 2024-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşy alarys. Siz hem Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyk işlerine başlan bolsaňyz gerek?! Biziň halkymyzda Täze ýyl baýramçylygy maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Şol sebäpden hem biz bu baýramçylygy bereketli saçagyň daşyna bütin maşgalamyz jemlenip belleýäris. Dünýä ýurtlarynda-da Täze ýyl güni edilýän dürli adatlara duş gelmek bolýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Ispaniýa: her sekuntda bir üzüm iýmek adaty

Özüne mahsus adatlary bilen dünýä ilatynyň gyzyklanmasyny özüne çekýän ispan halky Täze ýylda hem başga halklaryňkydan tapawutly adata eýedir. Eger siz Täze ýyl baýramçylygynda Ispaniýa gitmekçi bolsaňyz, onda Täze ýyl gijesi sagat 24-den ozal her sagat zaňy kakylanda bir üzüm dänesini iýmeli bolýarsyňyz. Ispanlaryň ynanjyna görä, bu adaty 12 gezek etseňiz we sagat 24-e çenli üzümleri agzyňyzda saklamagy başarsaňyz, bütin ýylyň dowamynda üstünlik siziň hemraňyz bolar. Çünki ispanlarda 12 sany üzüm dänesi ýylyň 12 aýyny alamatlandyrýar.

Hytaý: gapylary gyzyl reňke boýamak adaty

Hytaý halky bagtyň we şatlygyň simwoly hökmünde Täze ýyl baýramçylygynda gapylaryny gyzyl reňke boýaýarlar. Mundan başga-da, Täze ýyl güni hytaýlylar öýdäki pyçaklary ýaşyryp goýýarlar. Olar munuň sebäbini Täze ýyl güni öýde pyçak bilen bir zat kesilse, geljek ýyl şowsuzlyk bilen geçýär diýip düşündirýärler.

Russiýa: islegler ýazylan kagyzy ýakyp, içmek adaty

Rus halky Täze ýyl güni geljek ýyldan garaşýan ähli isleglerini bir kagyza ýazyp, ony ýakýarlar. Ýakylan kagyzyň küllerini bolsa, içgä goşup, Täze ýyl girende, has dogrusy, ýarygije sagat 00:01-de içýärler.

Çehiýa: almany ikä bölmek adaty

Çehler Täze ýyl güni bazardan alma satyn alyp, şol almalary ortasyndan deň ikä bölýärler. Olar Täze ýylyň şowly boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny şol almalaryň çigitlerine seredip, pal atýarlar.

Danimarka: gapynyň öňüne döwlen tabaklary goýmak adaty

Danimarkalylar 31-nji dekabrdan öň ähli ulanmaýan tabaklaryny gapynyň öňünde goýýarlar. Bu adat olarda Täze ýylyň bereket getirmegi üçin edilýär.

Gresiýa: gapa sogan asmak adaty

Grekler Täze ýyl güni gapylarynda sogan asýarlar. Hatda maşgalalar Täze ýyl güni öz çagalarynyň kellesine sogan bilen urup, olary oýarýarlar. Sogan grekler üçin gaýtadan dogulmagyň simwolydyr.

Türkiýe: gapynyň öňüne duz dökmek adaty

Türkler Täze ýyl güni gapylarynyň öňüne duz dökýärler. Bu adat olarda ýylyň bereketli gelmegini isleýändikleriniň alamaty bolup durýar.

Şwesariýa: ýere buzgaýmak zyňmak adaty

Şwesariýa şokoladyň watany hasaplanýar. Bu ýurtda Täze ýyl güni ýere bir top buzgaýmak zyňylýar. Munuň sebäbi ýere zyňlan şol top buzgaýmak Täze ýylda bolluk we bereket getirýändigine ynanylmagydyr.

Rumyniýa: sygyrlar bilen aragatnaşyga geçmek adaty

Rumyniýanyň ilatynyň esasy bölegi maldarçylyk bilen meşgullanýar. Şol sebäpden hem olar Täze ýyl girmezinden ozal sygyrlar bilen aragatnaşyga geçýärler. Olar eger muny başarsalar, Täze ýylyk bereketli geljekdigine ynanýarlar. Şuňa meňzeş adat Belgiýada hem bar. Ýagny olar hem sygyrlar bilen aragatnaşyk gurup, olar bilen gürleşip, olara Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar.

Braziliýa: okeana ak gül zyňmak adaty

Braziliýada her ýyl ilat okeanyň kenaryna ýygnanşyp, okeana ak gül zyňýar. Olar munuň arkasynda duran sebäbi “Deňiz taňrysyna” berilýän bu sowgadyň netijesinde onuň halkyň dileglerini kabul edýändigi bilen düşündirýärler. Şol bir wagtda, braziliýalylar Täze ýyl güni ak eşik geýýärler. Olar şol geýýän ak eşikleriniň Täze ýylda bolup biljek ähli ýamanlyklardan we şowsuzlyklardan goraýandygyna ynanýarlar.

Kanada: buzly suwa çümmek adaty

Gyş howasy örän sowuk bolan Kanadada adamlar Täze ýyl günleri buzly suwda ýüzýärler. Olarda bu adat 1920-nji ýyllardan bäri dowam edip gelýär.

Estoniýa: şowly sanlarça nahar iýmek adaty

Estoniýalylar 7, 9 we 12 sanlaryny şowly hasaplaýarlar. Şol sebäpden hem Täze ýyl güni şonça gezek nahar iýýärler. Olaryň beýle etmekleriniň sebäbi şol gün olar şonça nahary iýmegi başarsalar, Täze ýylyň olar üçin şowly boljakdygyna ynanýarlar.

Awstriýa: doňuz mowzukly sowgatlar bermek adaty

Awstriýalylar doňzy şowlulygyň simwoly hökmünde kabul edýärler. Şu sebäpden hem, awstriýalylar Täze ýyly bir-birlerine doňzuň şekiljikleri çyzylan sowgatlar berip gutlaýarlar. Munuň ýaly sowgatlar, esasan, şokolad, köke we ş.m. süýjülikler bolýar. Şeýle hem şol gün Täze ýyl saçagynda doňuz etinden taýýarlanan naharlar goýulýar.

Ermenistan: ýörite çörek bişirmek adaty

Ermenistanda Täze ýyl güni şol gün üçin ýörite çörek bişirilýär. Olar bişirilen çöregiň Täze ýylda bereket getirjekdigine we edilen ähli dilegleriň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynanýarlar.

Ýaponiýa: ybadathanalarda 108 gezek zaň çalmak adaty

Ýaponiýada buddizmden gelýän yrym-ynançlara görä, arassalygyň we şypanyň hatyrasyna ýurduň ähli ybadathanalarynda Täze ýyl güni 108 gezek zaň çalynýar. Olar şeýle hem Täze ýyla girilýärkä ýylgyrmagyň hem şowlulyk we şatlyk getirjekdigini aýdýarlar.

Meksika: öýi dürli reňkler bilen bezemek adaty

Meksikalylar Täze ýyl baýramçylygy ýakynlaşanda öýlerini dürli reňkler bilen bezemäge başlaýarlar. Bu adatyň aşagynda şeýle sebäp ýatyr, ýagny reňkler Täze ýyldan edilýän umydy alamatlandyrýar. Meselem, gyzyl reňk – söýgini, sary reňk – işi, ýaşyl reňk bolsa – puly alamatlandyrýar.

Filippinler:
Täze ýyl güni tegelek şekilli zatlary iýmek adaty

Filippinlerde bar bolan bu adat bütinleý maddy islege baglydyr. Olar Täze ýyl saçagynda diňe tegelek görnüşli iýmitleri goýmagyň Täze ýylda baýlyk getirjekdigine ynanýarlar. Olarda tegelek iýmitler teňňeleri aňladýar.

 
22
29
Imissyou
26.12.2023 19:17
Iňilis degişmeleri🤣🤣

Mugallym okuwçylardan 1809-njy ýylyň ähmiýetini aýtmagyny haýyş etdi.
Jon ýerinden turdy we “Abraham Linkoln dünýä indi” diýdi.
Soňra mugallym ýene-de okuwçylardan 1819-njy ýylyň ähmiýetini aýtmagyny haýyş etdi
Soňra Sam birden ýerinden turdy we “Abraham Linkoln on ýaşyndady” diýdi!

Mugallym: Haýsy ýakyn, Gün ýa Afrika?
Okuwçy: Gün
Mugallym: Näme üçin?
Okuwçy: Güni hemişe görüp bileris, ýöne Afrikany görüp bilmeris.

Mugallym: Näme üçin gijä galdyň?
Talyp: onolda bellik sebäpli.
Mugallym: Haýsy alamat?
Talyp: “Mekdep öňde, haýal gidiň” diýlen ýazgy!

Matematika mugallymy: Sara, 1824-nji ýyldan 897-ni aýyryp, 176 goşup, jogaby 3-e bölseň näme alarsyň?
Sara: Kellagyry hanym.

Mugallym:
5 dollaryňyz bar bolsa we ejeňizden ýene 5 sorasaňyz, sizde ýene näçe dollar bolar?
Okuwçy:
5 dollar jenap!
Mugallym:
Arifmetikany bilmeýärsiňiz.
Okuwçy:
Ýöne jenap, sizem ejemi tanamaýarsyňyz!




📌Bellik:Iňilis dilinden terjime eden Ýazgeldi Berdiýew
38
371
Imissyou
26.12.2023 14:00
Söýgi bu-tebigy, ruhy meýilli adamlary ýakynlaşdyrýan we baglanyşdyrýan işjeň güýçdir. Bu duýgy ynam, dostluk, baglanyşyk, duýgudaşlyk we rehimdarlyk ýaly duýgylar ýaly möhüm rol oýnaýar. Söýginiň tersi ýigrençdir. Ýigrenç bolsa, gahar, duşmançylyk, adama gabanjaňlyk ýaly duýgulardan ybaratdyr. Ýigrenç adamlary biri-birinden aýyrýan we uzaklaşdyrýan duýgudyr. Söýgi bolsa bir zatdan lezzet almaga, kanagatlanmaga we owadan görünmäge ýardam edýän duýgudyr. Söýginiň özi ýeke duýgy bolsa-da onuň obýektleri dürlüdir. Bu duýgy ähli janly jandarlary öz içine alýar. Söýgi ünsi we mähiri talap edýär. Adamlaryň arasynda parahatçylyk, dostlyk we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklary döredýär. Adamalaryň arasynda söýginiň ýoklygy ýigrenji we gorkyny güýçlendirýär. Söýgi borç we gadaganlykdan başga, mejbury däl şatlykly özbaşdaklykdyr. Şonuň üçinde söýgi bize buýruk däl-de ýol görkezýän we ýagtylandyýan idealdyr.  Biziň hemmämiz söýgiden gelip söýgä hem barýarys. Söýmek, söýülmek bu ýaradanyň ynsana eçilen iň uly peşgeşidir. Söýgi, jadyly söýgi, onuň näzikden inçe täsiri ynsanyň kalbynda hasyl boljak ýa-da bolmajak arzuwlary oýarýar. Söýgüniň bir pursadynda tutuş bir ömür bar. Bu ýaşaýyş, bu zemin beýik Taňrynyň adama bolan beýik söýgüsinden bina bolupdyr. Eger şeýle bolmadyk bolsa Allatagala adam üçin beýle eşretleri döretmezdi.

Her bir adam söýgüni özüçe göz öňünde getirýär. Ene-atany söýmek, kyn günde ejize kömek etmek, mätaji goldamak, perzendi söýmek, Watany söýmek, megerem söýgüleriň iň sahawatlysydyr. Bu barada beýik hytaý akyldary Konfusiý “Dini ahlak, adamzady söýmek arkaly mümkindir. Bu söýgi duýgusy maşgaladan jemgyýete çenli uzalmalydyr” diýip, belleýär.

Adamlaryň ösüş ýolundaky tagallalary özara alyş-çalyşyň hilini saklasa, jemgyýete-de, adama-da peýdaly bolar. Meşhur psihologiýa alymlary adam aňynyň erkin hereketiniň güýjini güýçlendirýän esasy çeşmäni tapmak üçin uly işleri geçirdiler we esasy çeşmäniň söýgi duýgusydygyny anykladylar. Hakykatdan hem adam bir işe başlanda söýgi bilen şol işe çemeleşse, onda ol hökman özüniň gowy netijesini berýär. Söýgi ähli gowy-belent, güýçli, mylaýym hem-de röwşen zatlary döredýär. Oýlanyp görsek dünýädäki ähi güýçli eserler, kitaplar, heýkeller, binalar ähli zatlar bir adamyň haýsydyr bir zatlara söýgüsiniň nyşanydyr. Söýgi bagt hazynasydyr. Söýmek hem meniň pikirimçe özbaşyna bir sungatdyr. Hindi pähminde: “Söýýän bolsaň, doga okaýan bolsaň, ejir çekýän bolsaň-onda sen adamsyň”-diýilýär. Sebäbi söýmek ynsanlara mahsus bu bolsa adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.

Bilbil güle öz söýgi aýdymyny aýdyp berýärkä, gursagyny tikene ýardyrýar diýýärler. Biziň ählimizem seýle. Sebäbi biz güle aşyk bilbiller ýaly ölenimizi ýitenimizi bilmän, öz bagyr awymyzy duýman söýýäris. Isle ol biziň Watanymyz bolsun, isle-de adam bolsun. Söýgi bu barlyk meýdanydyr. Barlyk meýdanynda ýaşaýyş hyjuwy özüniň iň aňrybaş dartgynlylygyna hem mazmunylygyna ýetýär. Şahsyýet hökmünde adam özüniň barlygyna, hakykatlygyna akyl hem göz ýetirýär. Durmuşyň adaty akmynda duýgular täsirsizligi, gyzyksyzlygy bilen häsiýetlenýär. Duýgular, hamana öňem birnäçe gezek ulanylan, täzeligini, terligini ýitiren zada, aýdaly geýlip-geýlip sary çykan eşige meňzeýär. Çyn söýgide bolsa adam gaýtalanmaz duýgularyň üsti bilen ýaşaýyşyň terligini, dünýäniň asylbaşky eldegmediklerini dadyp görýär. Bu ýerde dynnym ýaljak hem duýgy galplygy, ýasamalygy ýokdur. Söýgini çäksiz başdan geçirmek isleseňiz, ilki bilen özüňizi çäksiz söýüň. Gatnaşyklaryňyzda özüňiz we ýoldaşyňyz üçin boş ýerler goýuň. Hiç kimiň tejribesini peýdalanmaň we diňe öz ýoluňyzy özüňiz dörediň. Bagtly gatnaşyklara mynasypsyňyz we muny hiç haçan ýatdan çykarmaň.
26
48
Imissyou
25.12.2023 19:26
Ýatlananda geljek günler,
Ýada düşdi geçen günler.
(Hanhajykka!
Hanhajykka!
Salgy berer tejenliler...)

...Şüdügärden gidip barýan.
Öňümden bir oba çykýa.
– Nirde, mama, pylan oba?
– Hanhajykka!
Hanhajykka!

Büdresem-de gidip barýan.
Çykýar derýa, çykýar guýy.
Ajy, süýji salkymlardan
Dolup otyr derýaň boýy.

Gol uzadýar gawun, garpyz.
Yza dartýar gyzgan, syrkyn.
(Biri göýä borjun üzýär,
Biri alýar köne hakyn!)

Gidip barýan jeňňellikden.
Öňümden bir baba çykýa.
– Uzakmydyr pylan menzil?
– Uzak nire! Hanhajykka!

Ne şähere düşýär gözüm,
Ne-de oba, ne-de köprä.
Käte dilim bala degýär,
Käte degýär ajy kekrä.

Ýa garrylaň gözlerine
Çöp atdymy ümür, salgym?
Belki, ýaşlyk berip biler
Alys ýoluň, dogry salgyn.

Süriň ýanda çopan gyzy
Tirt berip dur arryk tokla.
– Pylan menzil daşmy, uýam?
– Hanhajykka! Hanhajykka!

Bir ýanynda gara telpek,
Bir ýanynda jotda çakgy,
Gök toraňňyň saýasynda
Uklap ýatyr goja sakçy.

Bir tarapda topar çaga
Garpyz ýolýar (sakçy ýokka!).
Öňki sorag. Öňki jogap:
– Wiçjik, wiçjik,
Hanhajykka!

...Henizlerem gidip barýan
Ogar-ogar, togar-togar.
Kä öňümden bürgüt çykýar,
Käte çykýar tilki, şagal.

Gözlerime gonup ary,
Aýagymdan çybyn çakýa.
Emma öňe gitmek hezil
Wyždanyň päk, kalbyň akka.

Ýollar uzak, menzil agyr.
Agyr...
Ýöne
Hanhajykka!

K Gurbannepesow
25
29
Imissyou
25.12.2023 15:00
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.

Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul –
gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

K Gurbannepesow
25
26
Imissyou
24.12.2023 18:46
Türkiýedäki ýertitreme bolup geçen meýdançada biri-birini tutup duran iki eliň suraty peýda boldy.

Dünýä belli fransuz-şweýsar suratkeş Giýom Legro Türkiýedäki zeýtun tokaýlygynda äpet surat çekdi. Eseri çekmek üçin fewral aýynda bolup geçen ýertitremeler zerarly zyýan çeken meýdanyň bir bölegi peýdalanyldy.

Suratkeş biri-birini tutup duran iki eli şekillendirip, ýer gabygynyň hereketleri bilen bölünen düzlügi «birleşdirmek» kararyna geldi. Ak-gara reňkde çekilen suratyň meýdany, takmynan, 700 inedördül metre deňdir – ony tutuşlygyna diňe guşuçar belentlikden synlamak mümkin. Suraty döretmek üçin düzüminde kömür we hek bolan biodegrirlenip bilinýän boýag ulanyldy.
37
180
Imissyou
24.12.2023 12:40
Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.

Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.

Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.

Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.
Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, ezizim.

G Ezizow.
36
110
Imissyou
23.12.2023 18:30
Owal Adam ata döräp,
Erenler geçen ýoldur bu;
Pygamber hasasyn süýräp,
Weliler geçen ýoldur bu.

Buhar telpegi başynda,
Sürgün ýorganyň joşunda,
Aýny ýigrimi ýaşynda
Ýigitler geçen ýoldur bu.

Ol dereden derä bukan,
Çakmak çakyp, otlar ýakan,
Dagdan aýrak, umga ýykan
Mergenler geçen ýoldur bu.

Ternawly ýapdan ýakanlar,
Gülli ýorunja dakanlar,
Höwes bilen at bakanlar,
Seýisler geçen ýoldur bu.

Dogry oturyp, gyýa bakan,
Aşygynyň janyn ýakan,
Gözün süzüp, gaşyn kakan
Gözeller geçen ýoldur bu.

Ak ýüzünde haly taýly,
Şirin sözli, hoş roýly,
Uzyn boýly, göwsi jaýly
Gelinler geçen ýoldur bu.

Zelili ýar üçin aglap,
Ýandyrdy ýüregin daglap,
— Garybym – diýp, dessan baglap,
Şasenem geçen ýoldur bu.
26
53