Imissyou
27.12.2023 16:57
Ajaýyp baýramyň täsirli aýratynlyklary.

Dünýäniň ençeme ýurtlarynda Täze ýyl baýramynda iň ýörgünli hasap edilýän hoşboý ysly goşundy imbir (zenjebil) bolup durýar. Ikinji ýerde wanil we dalçyn hasap edilýär.1895-nji ýylda Amerikada Täze ýyl arçasyny bezemekde ulanylýan reňkli çyrajyklar oýlanyp tapylypdyr we ol meşhur “Ak tamyň” öňünde gurnalypdyr.Eskimoslar Täze ýyl baýramyny ilkinji gar ýagan gününde belleýärler.Baýramçylyk feýerwerkleriniň gelip çykyşy Aziýa ýurtlarynyň irki ýerli halklaryndan gaýdýanlygy bilen baglanyşdyrylýar.Merjimekden taýýarlanylan suwuk tagam (çorba) braziliýaly her bir adam üçin baýlygy we bolçulygy alamatlandyrýan täze ýyl nahary hasaplanylýar.Irki wagtlarda bu baýramçylyk Gadymy Rimde mart aýynda bellenipdir.Dünýäniň iň beýik emeli Täze ýyl arçasy Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ýerleşýär, onuň beýikligi 76 metre deňdir.Ilkinji Täze ýyl gutlag haty 1843-nji ýylda London tipografiýasy tarapyndan çap edilipdir.755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabr diýlip hasaplanan Fransiýada 1564-nji ýylda ýylyň başy hökmünde 1-nji ýanwar kabul edilipdir.Gollandiýada Täze ýyl saçagynda tegelek görnüşli köke, süýjüliklere uly orun berilýär, ýagny olar şeýle görnüşli süýjülikleriň ýylyň bir aýlawyny aňladýar diýip düşündirýärler.Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Daniýa baýramçylyk arçasynyň iň köp satylýan ýeri hökmünde bellidir.Baýramçylyk gutlag hatlarynyň we sowgatlarynyň iň köp satylýan ýeri bolsa ABŞ hasaplanylýar.Gresiýada Täze ýyl gijesi her bir maşgalada öýe üstünlik getirýändigini alamatlandyrýan nar ýere urlup döwülýär.Arça agajy XVII asyrdan bäri Täze ýyl baýramynyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanylyp gelinýär.Ýaponiýada baýramçylyk saçagynda kelem, noýba, kaştan we işbil hökmany bolaýmaly iýmitler hökmünde görülýär. Olar kelem – bagt, noýba – saglyk, kaştan – üstünlik, işbil – köp zürýat diýip ynanýarlar.Täze ýyl gijesinde Tibetde ýoldan geçip barýanlara bir bölek süýjülik, köke önümleri paýlanylýar we şol paýlanan süýjülikleriň sany näçe köp bolsa, onda ol täze ýylyň hem şonça rysgal-bereketli boljakdygyny alamatlandyrýar.
23
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.