Imissyou
26.12.2023 14:00
Söýgi bu-tebigy, ruhy meýilli adamlary ýakynlaşdyrýan we baglanyşdyrýan işjeň güýçdir. Bu duýgy ynam, dostluk, baglanyşyk, duýgudaşlyk we rehimdarlyk ýaly duýgylar ýaly möhüm rol oýnaýar. Söýginiň tersi ýigrençdir. Ýigrenç bolsa, gahar, duşmançylyk, adama gabanjaňlyk ýaly duýgulardan ybaratdyr. Ýigrenç adamlary biri-birinden aýyrýan we uzaklaşdyrýan duýgudyr. Söýgi bolsa bir zatdan lezzet almaga, kanagatlanmaga we owadan görünmäge ýardam edýän duýgudyr. Söýginiň özi ýeke duýgy bolsa-da onuň obýektleri dürlüdir. Bu duýgy ähli janly jandarlary öz içine alýar. Söýgi ünsi we mähiri talap edýär. Adamlaryň arasynda parahatçylyk, dostlyk we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklary döredýär. Adamalaryň arasynda söýginiň ýoklygy ýigrenji we gorkyny güýçlendirýär. Söýgi borç we gadaganlykdan başga, mejbury däl şatlykly özbaşdaklykdyr. Şonuň üçinde söýgi bize buýruk däl-de ýol görkezýän we ýagtylandyýan idealdyr.  Biziň hemmämiz söýgiden gelip söýgä hem barýarys. Söýmek, söýülmek bu ýaradanyň ynsana eçilen iň uly peşgeşidir. Söýgi, jadyly söýgi, onuň näzikden inçe täsiri ynsanyň kalbynda hasyl boljak ýa-da bolmajak arzuwlary oýarýar. Söýgüniň bir pursadynda tutuş bir ömür bar. Bu ýaşaýyş, bu zemin beýik Taňrynyň adama bolan beýik söýgüsinden bina bolupdyr. Eger şeýle bolmadyk bolsa Allatagala adam üçin beýle eşretleri döretmezdi.

Her bir adam söýgüni özüçe göz öňünde getirýär. Ene-atany söýmek, kyn günde ejize kömek etmek, mätaji goldamak, perzendi söýmek, Watany söýmek, megerem söýgüleriň iň sahawatlysydyr. Bu barada beýik hytaý akyldary Konfusiý “Dini ahlak, adamzady söýmek arkaly mümkindir. Bu söýgi duýgusy maşgaladan jemgyýete çenli uzalmalydyr” diýip, belleýär.

Adamlaryň ösüş ýolundaky tagallalary özara alyş-çalyşyň hilini saklasa, jemgyýete-de, adama-da peýdaly bolar. Meşhur psihologiýa alymlary adam aňynyň erkin hereketiniň güýjini güýçlendirýän esasy çeşmäni tapmak üçin uly işleri geçirdiler we esasy çeşmäniň söýgi duýgusydygyny anykladylar. Hakykatdan hem adam bir işe başlanda söýgi bilen şol işe çemeleşse, onda ol hökman özüniň gowy netijesini berýär. Söýgi ähli gowy-belent, güýçli, mylaýym hem-de röwşen zatlary döredýär. Oýlanyp görsek dünýädäki ähi güýçli eserler, kitaplar, heýkeller, binalar ähli zatlar bir adamyň haýsydyr bir zatlara söýgüsiniň nyşanydyr. Söýgi bagt hazynasydyr. Söýmek hem meniň pikirimçe özbaşyna bir sungatdyr. Hindi pähminde: “Söýýän bolsaň, doga okaýan bolsaň, ejir çekýän bolsaň-onda sen adamsyň”-diýilýär. Sebäbi söýmek ynsanlara mahsus bu bolsa adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.

Bilbil güle öz söýgi aýdymyny aýdyp berýärkä, gursagyny tikene ýardyrýar diýýärler. Biziň ählimizem seýle. Sebäbi biz güle aşyk bilbiller ýaly ölenimizi ýitenimizi bilmän, öz bagyr awymyzy duýman söýýäris. Isle ol biziň Watanymyz bolsun, isle-de adam bolsun. Söýgi bu barlyk meýdanydyr. Barlyk meýdanynda ýaşaýyş hyjuwy özüniň iň aňrybaş dartgynlylygyna hem mazmunylygyna ýetýär. Şahsyýet hökmünde adam özüniň barlygyna, hakykatlygyna akyl hem göz ýetirýär. Durmuşyň adaty akmynda duýgular täsirsizligi, gyzyksyzlygy bilen häsiýetlenýär. Duýgular, hamana öňem birnäçe gezek ulanylan, täzeligini, terligini ýitiren zada, aýdaly geýlip-geýlip sary çykan eşige meňzeýär. Çyn söýgide bolsa adam gaýtalanmaz duýgularyň üsti bilen ýaşaýyşyň terligini, dünýäniň asylbaşky eldegmediklerini dadyp görýär. Bu ýerde dynnym ýaljak hem duýgy galplygy, ýasamalygy ýokdur. Söýgini çäksiz başdan geçirmek isleseňiz, ilki bilen özüňizi çäksiz söýüň. Gatnaşyklaryňyzda özüňiz we ýoldaşyňyz üçin boş ýerler goýuň. Hiç kimiň tejribesini peýdalanmaň we diňe öz ýoluňyzy özüňiz dörediň. Bagtly gatnaşyklara mynasypsyňyz we muny hiç haçan ýatdan çykarmaň.
26
48
bagulya
26 Dekabr 2023
@Imissyou, da da mennede seyle
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.