Imissyou
06.01.2024 15:00
Näbelli organizmiň yzlaryny özünde saklaýan dag jynsynyň nusgasy tapyldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysyna näbelli gadymy organizmiň yzlaryny özünde saklaýan dag jynsynyň nusgasy girdi. Ony daşky gurşaw boýunça alym Waleriý Kuznetsow Magtymguly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Günbatar Köpetdagdaky Sünt-Hasardag gerşiniň eteginden tapdy.
Muzeýiň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu sebitde ýokarky hekiň 60-80 million ýaşly deňiz çökündi ýataklary giň ýaýrapdyr. Şeýle-de bolsa, şunuň ýaly yzlar ozal ýurdumyzyň çäginde duşmandy. Täze eksponaty muzeýiň ylmy hünärmenleri uly gyzyklanma bilen öwrenýärler. Nusgadaky yzlar 8-12 mm diametrli altyburçluk torlara meňzemek bilen, 130-150 inedördül santimetr meýdany tutýan ary öýjügini ýada salýar.
Şeýle geometrik yzygiderli nagyşlary ýumşak deňiz topragynda galdyryp biljek zadyň nämedigini anyklamaga Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa muzeýiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Grigorýew kömek etdi.
Alymyň pikiriçe, belli bir tertipde ýerleşen altyburçluk gurluş bu zadyň biologik gelip çykyşy baradaky pikire iterýär. Häzirki zaman düşünjelerine görä, şular ýaly yzlary gubkalar, suwotular we çuň suwlarda ýaşaýan başlangyç organizmler galdyryp biler.
21
89
Imissyou
05.01.2024 20:59
BAGTY HIJEM BAÝLYK BİLEN ÖLÇEMÄN,
NÄSAG BAÝDAN, SAGDYN GEDAÝ BAGTLYDYR.


Kerim Hallyýew
30
189
Imissyou
05.01.2024 17:55
ISLEG

Aň goýalyp, pana akyl ýetirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Ojagma biminnet çörek getirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Höwes edýän halal gadam urşuna,

Zähmetden gollary dönen gurşuna,

Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Sylagy essedir hormat goýana,

Ejize el berer (gurpa daýana),

Galamymy çalşyp çopan taýaga,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Müdimilik çöle çykmalam bolsam,

Sowatsyzlyk ýükün çekmelem bolsam,

Ýigrimiden kyrka bökmelem bolsam,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,

Beýik arzuwlarmy gysyp, gysyma,

Ýagşy ynsanlygyñ hatyrasyna,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

 

Kerim HALLYÝEW.
27
60
Imissyou
05.01.2024 15:05
KAKA

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.



KAKAÑ BAŞYÑ SYPAMASA

Ýeñsänden ýel kakyp geçer,

Kakañ başyñ sypamasa .

Ýöräp barýan ýollañ öçer,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Durmuş saýlar öz merdini,

Başa täç etmez her kimi.

Iller götermez derdiñi,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Gûnem gizlär ýagtysyny,

Hiç kim bermez artygyny,

Ykbal çalar şarpygyny,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Ýitirip baýlyk sarpasyn,

Ah, seni kimler ýalkasyn?!

Özüñ-özüñe arkasyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Çözüşmez hiç kim ýumagyñ

Ýamanlar bolmaz ýamagyñ,

Dolup durar aç damagyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.

 Kerim Hallyýew
26
38
Imissyou
04.01.2024 20:16
Ýapon ynanjy

Bezenmek 4 minutdan geçse onda sen owadan dälsiň!
40
480
Imissyou
04.01.2024 15:15
NÄME ÜÇIN?!

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?

Saňa çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oňa ir säherlerde.

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä illeň çeken näzini.

Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa gan türkmen gyzyny

 

Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?

 

Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!

Sädi Sädiýew
26
53
Imissyou
04.01.2024 12:03
Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegleriň bilen ganatly guş men.

Asman bilen zemin gapyşan çagy,

Seniň dilegleňden tapýaryn yş men.

                   

Sen maňa ýene-de, dileg et, Käbäm,

Säherde-sabada, şamda-şapakda.

Seniň bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,

Panynyň silleri galýar topukda.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Diýäýme: «Kemiň ýok, ýetenok nämäň?!»

Dilegleň dergähde kabul bolanda,

Nuhuň tupanyna döz geler gämäm.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.

Seniň keramatyň, doga-dilegiň,

Peýkamlaryň oklaryna galkandyr.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegde ulalyp oňalanyň men.

Dilegleň bolmasa dünýäň hubbatyn,

Mähribanym, nädip oňaraýyn men?!

Sädi Sädiýew
28
96
Imissyou
03.01.2024 20:05
Dünýe

Soňky wagtlar saňa bir zad-a bolýar,
Toýuňdan ýaslaryň köpelip barýar.
Segsende, togsanda bükülýän biller,
Indi ýigrimi bäşde bükülip barýar.

Saňa öz erkine gelýän ýok ahyr,
Çagyrlyp gelenler ökünip barýar.
Gelen myhman dälmi, ataňdan uly,
Kiçelip, çekinip bukulyp barýar.

Ýöne ýere aglap saňa inmedik,
Gözlerden ajy ýaş dökülip barýar.
Meňkä aýtmak galanynam özüň bil;
Ynamlaň sütüni ýykylyp barýar.

Saňa gelip suw içmedik göwünler,
Bogun-bogun bolup sökülip barýar.
Daga azy ursa syndyran dişler,
Otuz iki ýerinden dökülip barýar.

Ýorganňy otlaýaň gargap bitiňe,
Kerweni saklaýaň sargap itiňe,
Kesekdenmi, pagsadanmy sütüniň,
Sähel yralasaň ýykylyp barýar.

Belki, alga almarsyňam gepimi,
Herne ýagşa tutawergin niÿetiñi,
Odun goýduk ahyr seniň ýüpüňe,
Gaýçysyz, kesersiz gyrkylyp barýar.

Agyzla gapdyrýaň, toýnaklyň depýär,
Dermanlaryň ejiz gelýär derdiňden.
Bizi goýup bir gaýanyň kertinde,
Gözleň gün ýaşmanka irkilip barýar…

Sädi Sädiýew
22
44
Imissyou
03.01.2024 15:44
Öýlendim saňa bäş ýyl boldy,
Biliň inçe görküň güldi.
Şol durkuňdan näme galdy,
Agramyň çenden agraldy.

Bir sagatlap çaý oturutýaň,
Çaý diýäýsem sen.
Çagalaň ejesi diňle,
Gitde çaý-suw demle,
Semiräpsiň sen ýeňle.

Tur agramyň ýüze ýetjek,
Ýüzden aňaryk nirä gitjek,
Işläýsene menem ýatjak,
Horlanmasaň öýden gitjek.

Bir sagatlap çaý oturutýaň,
Çaý diýäýsem sen.
Малыш-laryň мамаш-y diñle,
Gitde çaý-suw demle,
Semiräpsiň sen ýeňle.
24
406
Imissyou
03.01.2024 08:23
📌Bellik: Surat kä bir postlaryň suratyna öýkünme esasynda düşürildi.🤣🤣🤣🤣


Ynan meniň barlygyma,
Ýekeligiň ezýet berse,
Meň dünýäme dolan käte
Şowsuz günler gujak gerse.
 
Hasyl bolmaz käte  hyýal,
Ahmyr bolar arzuwlaram.
Ýöne bilgin gökde uçan,
Gaýdyp geler ak guwlaram
 
Şoň üçinem  mensiz geçen,
Aýry günden kine etme.
Öýke  bolsa bolsun ýöne,
Ykbalymdan asla ýitme.
 
Hyýallaryň elden gidip,
Ýada düşse köne düwün.
Ynan meniň barlygyma,
Gussa batsa käte göwün.
 
Gunça Orazowa
33
477