Imissyou
04.01.2024 12:03
Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegleriň bilen ganatly guş men.

Asman bilen zemin gapyşan çagy,

Seniň dilegleňden tapýaryn yş men.

                   

Sen maňa ýene-de, dileg et, Käbäm,

Säherde-sabada, şamda-şapakda.

Seniň bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,

Panynyň silleri galýar topukda.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Diýäýme: «Kemiň ýok, ýetenok nämäň?!»

Dilegleň dergähde kabul bolanda,

Nuhuň tupanyna döz geler gämäm.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.

Seniň keramatyň, doga-dilegiň,

Peýkamlaryň oklaryna galkandyr.

 

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,

Dilegde ulalyp oňalanyň men.

Dilegleň bolmasa dünýäň hubbatyn,

Mähribanym, nädip oňaraýyn men?!

Sädi Sädiýew
28
96
loona_girl
4 Yanwar 2024
@Imissyou, aı bolýada
loona_girl
4 Yanwar 2024
@Imissyou, bir uytgan zat ýyl diyyaňmi☺️
loona_girl
4 Yanwar 2024
@Imissyou, aı mnm boljak tazelik bamy @smiling_, sps gülüm senem şeyle bol mydam
loona_girl
4 Yanwar 2024
@smiling_, aı boljak
loona_girl
4 Yanwar 2024
@Karaleva_, gowmy gülüm
loona_girl
4 Yanwar 2024
@smiling_, salam @Imissyou, gowmysyňyz
loona_girl
4 Yanwar 2024
@Imissyou, hemma salam 👋 @enes_, wiii waheý 😔 iman beylygyny bersin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.