Imissyou
03.01.2024 20:05
Dünýe

Soňky wagtlar saňa bir zad-a bolýar,
Toýuňdan ýaslaryň köpelip barýar.
Segsende, togsanda bükülýän biller,
Indi ýigrimi bäşde bükülip barýar.

Saňa öz erkine gelýän ýok ahyr,
Çagyrlyp gelenler ökünip barýar.
Gelen myhman dälmi, ataňdan uly,
Kiçelip, çekinip bukulyp barýar.

Ýöne ýere aglap saňa inmedik,
Gözlerden ajy ýaş dökülip barýar.
Meňkä aýtmak galanynam özüň bil;
Ynamlaň sütüni ýykylyp barýar.

Saňa gelip suw içmedik göwünler,
Bogun-bogun bolup sökülip barýar.
Daga azy ursa syndyran dişler,
Otuz iki ýerinden dökülip barýar.

Ýorganňy otlaýaň gargap bitiňe,
Kerweni saklaýaň sargap itiňe,
Kesekdenmi, pagsadanmy sütüniň,
Sähel yralasaň ýykylyp barýar.

Belki, alga almarsyňam gepimi,
Herne ýagşa tutawergin niÿetiñi,
Odun goýduk ahyr seniň ýüpüňe,
Gaýçysyz, kesersiz gyrkylyp barýar.

Agyzla gapdyrýaň, toýnaklyň depýär,
Dermanlaryň ejiz gelýär derdiňden.
Bizi goýup bir gaýanyň kertinde,
Gözleň gün ýaşmanka irkilip barýar…

Sädi Sädiýew
22
44
manolya
3 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.