Imissyou
10.02.2024 08:13
Sorasaň aýdaýyn kimi söýýänim,
Ejizläp durmaryn muny bilýärin,
Nazar sal sen sözlemleriň baş harpyna,
Indi bilýänsiň sen kimi söýýänim

28
71
Imissyou
09.02.2024 20:02
Aýallara Antraktida-dan başga ähli materikde duş gelmek bolýar, olaryň agramy 36 kg-dan 136 kg çenlidir.

Tizligi sagatda 15-20 km. Olar süýt emdirjiler synpyna degişli bolup, esasan durmuşa çykmak arkaly köpelýärler. Durmuşa çykyp owadanlaşmak
we semremek häsýetleri bilen bellidirler, olar adamlara hüjüm etmek ähtimallygy 0,1% göterim, esasan süýji önümler

bilen iýmitlenýärler, olaryň nahar bişirmäne, tikin-çatyn etmäge ukyby ýokary bolup,

gadymy zamanlarda bary-ýogy 10% göterim aýallar bu işi başarmaýan bolsa häzirki döwürde olaryň sany 30% göterime ýetdi, olar erkeklere garanyňda uzak ömür görüp ärleriniň ömür çägini ajy sözleri, erbet edähetleri bilen kiçeldip, mähri, mylakaty, süýji sözleri bilen ulaltmak mümkinçiligine eýedir. Aýallaryň aglaba bölegi erk diýen zada nädogry düşünýärler
we imo, Instagram, TikTok ýaly beýleki sosial programmalarda ten gözelligini güjeňlemegi abraý hasaplaýarlar. Iň gorkýan zatlary garrylykdyr, erkeklerden tapawutlylykda bezenmek, näz etmek, ýersiz ýere yrsaramak, täze köýnekleri yz gider tikinmek we bu barada joralaryndan has üstünlikli gezmek bularyň iň halaýan zadydyr.

Aglamak aýallaryň esasy ýaragydyr, zenanlara aýdylan syr, syr däldir, emma muňa garamazdan olarda goýulan pul bir näçe banklardakydan ynamlydyr.

Aýallaryň akyly goýalmak üçin azyndan 35 ýyl gerek bolup garradygyça kalby ýumşaýar, erkeklerden üstünlikli taraplary bolsa, äri ýogalandan soňra ojagyny saklap çagalarna seretmegi,

ýoldaşynyň biwepalylygyny geçirmliligi we kakalarna mähribanlygydyr.

Şonuň üçin zenansyz erkek durmuşy uly howp astyndadyr, goý olar biziň ömrümize nur saçyp ömürlik ýoldaşymyz wepaly gyzymyz bolup ýaşasynlar!👍

📌Bellik: Geçilenleri gaýtalamak😁 öňem bir goýupdym😊
57
459
Imissyou
08.02.2024 20:46
Iň uzyn aşaky äňi bolan gadymy balygyň galyndylary tapyldy. Onuň ýaşy 365 million ýyl.

Sýurih uniwersitetiniň we Londonyň Tebigat taryhy muzeýiniň gözlegçileri 365 million ýaşly balygyň galyndylaryny tapdylar. Galyndylardan çen tutsaň, balygyň dişleriniň gysylyş uzynlygy şu wagta çenli mälim bolanlaryň içinde iň uzyny diýip, The Conversation neşirine salgylanýan Ferra ýazýar.

Birbada alymlar galyndylaryň bu bölegini özboluşly oňurgalar diýip hasapladylar, ýöne galyndylar iri süňkli, uzyn äňler bolup çykdy. Alienacanthus malkowskii-niň aşaky äňi, kellesinden iki esse uzyn we awyny tutmak üçin ýiti, yza egrelýän dişleri bilen ýokarky äňi öňe çykýan haýwanlaryň köpüsinden tapawutlanýar.
Tapyndy irki oňurgaly haýwanlarda äňleriň ewolýusiýasyna düşünilişine şübhe döredýär. Gözlegçiler balygyň dişleriniň gysylyş uzynlygynyň, häzirki gylyç balygyňky we ihtiozawrlaryňky ýaly, lukmasyny urup almak ýa-da oňa şikes ýetirmek üçin hyzmat edendigini çaklaýarlar. Äňleriň üýtgeşik gurluşy ýokarky äňiň garaşsyz hereket edýändigini görkezýär.
Şuňa meňzeş daşa öwrülen galyndylar Polşadan we Marokkodan tapyldy, bu deňiz derejesiniň üýtgäp durandygyna garamazdan, balyklaryň ümmülmez ummanlardan aşyp, ondan-oňa göçendiklerini görkezýär.
28
78
Imissyou
06.02.2024 21:13
Jennet guşuny ilkinji görenler ony hakyky däl ýasama oýunjaga ýa-da çekilen surata meňzedipdirler. Bu guşlary ýekeje gezek hem görmän, olaryň nähili owadanlygyny we özboluşlylygyny göz öňüne getirmek kyn. Jennet guşuny latyn dilinden terjime edilende ,,Jennetiň aýaksyz guşy” diýen manyny berýär. Bu guşlar ilkinji gezek Ýewropa 1522-nji ýylda (garantgy görnüşinde) ýeriň töwereginden ilkinji gezek aýlanyp çykan syýahatçy Fernando Magellan we onuň ,,Wiktoriýa” gämisinde getirilýär.

Jennet guşy serçeşekilliler maşgalasyna degişli ajaýyp guşlaryň biri hasaplanýar. Jennet guşlar urugynyň 44 sany görnüşi bolup, olar diňe Täze Gwineýada we Awstraliýanyň demirgazyk günbatarynda duş gelýär. Jennet guşunyň Korol Saksoniýa görnüşiniň kellesinde uzynlygy 50 sm bolan asman gök reňkli kiçijik dörtburçluklar bilen örtülen iki sany ýelekli bezegi bar. Ajaýyp galkanly jennet guşy öz adyny atylan top okuna meňzeş ýogyn sesi üçin aldy.

Köpeliş döwründe mawy reňkli urkaçy kellesini aşak egýär. Egilin kellesini guýrugynyň täsin mawy ýelekleri bilen örtýär. Lenta guýrukly jennet guşunyň guýruk ýeleginiň uzynlygy 1 metre ýetýär. Miweler we mör-möjekler esasy iýmiti bolup durýar. Käbir görnüşleri ýapraklar we tomzaklar bilen iýmitlenýär.

Täze Gwineýanyň aborigen halky Jennet guşunyň ýeleklerini saç bezegi hökmünde peýdalanýarlar. XIX asyryň başlarynda Ýewropada aýal-gyzlaryň köýneklerini we şlýapalaryny bezemek üçin her ýylda 100 müň sany guş derisi satylýar. Täze Gwineýadan Ýewropa getirilen ilkinji guş derileri aýaksyz bolupdyr. Şonda adamlar bu guşlary ýere gonmaýar diýip pikir edipdirler.

Şalyk Jennet guşunyň uzyn guýruk ýelegi beýleki guşlaryň ýeleklerine seredende has hem owadan. Bu guşyň ýene bir täsin aýratynlygy jübütleşme döwründe erkek guş urkaçyny özüne çekmek üçin ajaýyp keşbe girip tans edýär. Ganatlaryny galgadyp urkaçyny özüne çekmäne synanyşýar. Eger urkaçynyň öňünde birnäçe erkek tans edýän bolsa onda urkaçy olaryň tansyna içgin tomaşa edýär we has mynasybyny saýlaýar. Jübütleşmeden soň erkek urkaçyny taşlap gidýär we başga urkaçylar bilen jübütleşmäne çalyşýar.

Şeýle öz boluşly täsinliklere ser salanymyzda, adamzat aňynda ýatdan çykmajak ýatlamalar bolup galýar. Şol täsin ýatlamalaryň ajaýyplarynyň biri hem Jennet guşy bolsa gerek!
25
94
Imissyou
06.02.2024 18:21
Aldyň akyl huşymy,
Yşga saldyň başymy,
Gurşaýyn söýgi bilen,
Läläm seniň daşyňy.
23
29
Imissyou
06.02.2024 12:51
NÄME ÜÇIN?!

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?

Saňa çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oňa ir säherlerde.

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä illeň çeken näzini.

Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa gan türkmen gyzyny

 

Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?

 

Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?

“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”

Diýip gaýta alawladýaň közümi.


Sädi SÄDIÝEW.
25
58
Imissyou
05.02.2024 22:41
Matematika mugallymy:
Mawa, 1824-nji ýyldan 897-ni aýyryp, 176 goşup, jogaby 3-e bölseň näme alarsyň?
Mawy: Kellagyry alaryn hanym.😂😄😂
29
402
Imissyou
05.02.2024 19:39

Klasdaşlarym.

Bir pursatlyk on ýedimde galaýyn, Ýaňadan men şol döwrümden ganaýyn.
Wah okuwçy döwrüm size döneýin,
Mahribanym eziz klasdaşlarym.

Gözlerine bakdy galdy dideler,
Gündüzlere öwrilüp tümli gijeler.
Belki so gündedir görmek bijeler,
Mahribanym eziz klasdaşlarym.

Indi dolanmazmy juwan ýaşlygym,
Düzetmekçi dälmi koýen bäşligim.
Ýatda galan in sonkyja buşlugym,
Mahribanym eziz klasdaşlarym.
21
195
Imissyou
05.02.2024 16:38
Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçinem men bu gün ele galam aldym. Belki sözlerim owadan bolmaz, ýöne ählisi ýürekden, käbäm!

Sen meniň, agalarymyň, kakamyň bu dünýädäki ezizleriniň iň öň hataryndaky mähribany. Seniň barlygyň bize jennet. Onda rahatlyk bar, şatlyk bar, gadyr bar, söýgi bar. Biz üçin gijäňi gündiz edip işleýäniň, özüň iýmän bize iýdirip, durmuşda öz ornumyzy tapmagymyz üçin çeken yhlaslaryň öwezini biz zat bilen ödäp bilmeris. Sensiz ojagymyz ýyly däl, günlerimiz bimany, seniň naharlaryňy biz başga hiç ýerden tapmarys. Biz bu zatlara sen käteler az wagtlyk oba gideniňde göz ýetirýäs. Dünýämiz boşar sensiz. Şonuň üçin Taňrydan saňa uzak ömür dileýäris. Biziň bagtymyza guwanyp kakam bilen öýümiziň törüni uzak ýyllar bezemegiňi dileýäris. Ömrüň uzak, janyň sag, mertebäň belent, güler ýüzüň hiç solmasyn, käbäm!
20
59
Imissyou
05.02.2024 08:38
Ýüregime

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Atyldymy ýene şo köne kesek?!
Neçüýn beýle ses-sedasyz aglaýaň,
Indi dar bolýarmy öňki giň ketek?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeňişlerden köpelýärmi, ýeňlişiň?!
Özüň-ä mydama ýazgaryp gelýäň,
Käbirlerniň çybyk kimin eglişin.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Birden-birden eýläk-beýläk urunýaň,
Öňler aglan oglan emýärdi emmek,
Indi agladygyň derrew urulýaň.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Şükür, hiç zatdanam däl sen hantama!
Tamaly döwürden göçdi obalar,
Indi tama etseň daňylýaň tala…

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Hersi birýan çekýä, çep hem sag gözüň,
Nije dostum, ýakynlarmy ýitirdim,
Kim doldurar indi olaň öwezin?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýa, dilsiz galdymy dil beren dilber?!
Öz göbek ganymyň daman ýerinde,
Ýa gülsüz galdymy üzümli dalbar?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeterlikdi bize sähelçe ümler.
Ýa-da bir zatlary ýaşyrýaň menden,
Ömri gysgalýarmy, sanalgy günleň?

Öňem dodakdaky uçuklarymyň,
Dişimi gysýany ýetikdi, ahyr!
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Döretjek bolýaňmy ýa menden şahyr?!

Sädi SÄDIÝEW.



45
198