Imissyou
09.02.2024 20:02
Aýallara Antraktida-dan başga ähli materikde duş gelmek bolýar, olaryň agramy 36 kg-dan 136 kg çenlidir.

Tizligi sagatda 15-20 km. Olar süýt emdirjiler synpyna degişli bolup, esasan durmuşa çykmak arkaly köpelýärler. Durmuşa çykyp owadanlaşmak
we semremek häsýetleri bilen bellidirler, olar adamlara hüjüm etmek ähtimallygy 0,1% göterim, esasan süýji önümler

bilen iýmitlenýärler, olaryň nahar bişirmäne, tikin-çatyn etmäge ukyby ýokary bolup,

gadymy zamanlarda bary-ýogy 10% göterim aýallar bu işi başarmaýan bolsa häzirki döwürde olaryň sany 30% göterime ýetdi, olar erkeklere garanyňda uzak ömür görüp ärleriniň ömür çägini ajy sözleri, erbet edähetleri bilen kiçeldip, mähri, mylakaty, süýji sözleri bilen ulaltmak mümkinçiligine eýedir. Aýallaryň aglaba bölegi erk diýen zada nädogry düşünýärler
we imo, Instagram, TikTok ýaly beýleki sosial programmalarda ten gözelligini güjeňlemegi abraý hasaplaýarlar. Iň gorkýan zatlary garrylykdyr, erkeklerden tapawutlylykda bezenmek, näz etmek, ýersiz ýere yrsaramak, täze köýnekleri yz gider tikinmek we bu barada joralaryndan has üstünlikli gezmek bularyň iň halaýan zadydyr.

Aglamak aýallaryň esasy ýaragydyr, zenanlara aýdylan syr, syr däldir, emma muňa garamazdan olarda goýulan pul bir näçe banklardakydan ynamlydyr.

Aýallaryň akyly goýalmak üçin azyndan 35 ýyl gerek bolup garradygyça kalby ýumşaýar, erkeklerden üstünlikli taraplary bolsa, äri ýogalandan soňra ojagyny saklap çagalarna seretmegi,

ýoldaşynyň biwepalylygyny geçirmliligi we kakalarna mähribanlygydyr.

Şonuň üçin zenansyz erkek durmuşy uly howp astyndadyr, goý olar biziň ömrümize nur saçyp ömürlik ýoldaşymyz wepaly gyzymyz bolup ýaşasynlar!👍

📌Bellik: Geçilenleri gaýtalamak😁 öňem bir goýupdym😊
57
459
namixas
14 Fewral 2024
🤣🤣👍
yusubowa
11 Fewral 2024
Haladym
fuul
11 Fewral 2024
Waw..50..60njy ýyllañ gazet źurnallaryndana alan dâlsiñďâ
bitanem
10 Fewral 2024
Haladym
bitanem
10 Fewral 2024
Aýalsyz durmyş biderek diýiñde gutaryñda howa biz garramakdan gorkýas
melodie_me
10 Fewral 2024
Aýallaryñ aklynyñ goýalmagyna 35 ýyl gerekliginden galany dogry😊👌🏽
yurek
10 Fewral 2024
Yersiz yere yrsaramak... Menin bolsumda so☺️☺️☺️
yurek
10 Fewral 2024
1 njy suratyn gulkuncdigini. Hakyky adaty durmus suratlandyrylan
clara_💎
10 Fewral 2024
Ikinji has gülkünc😆
nabat_
9 Fewral 2024
🌟👍👍🌟🌟🌟gaty gowy post bolupdyr😊😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.