Imissyou
08.02.2024 20:46
Iň uzyn aşaky äňi bolan gadymy balygyň galyndylary tapyldy. Onuň ýaşy 365 million ýyl.

Sýurih uniwersitetiniň we Londonyň Tebigat taryhy muzeýiniň gözlegçileri 365 million ýaşly balygyň galyndylaryny tapdylar. Galyndylardan çen tutsaň, balygyň dişleriniň gysylyş uzynlygy şu wagta çenli mälim bolanlaryň içinde iň uzyny diýip, The Conversation neşirine salgylanýan Ferra ýazýar.

Birbada alymlar galyndylaryň bu bölegini özboluşly oňurgalar diýip hasapladylar, ýöne galyndylar iri süňkli, uzyn äňler bolup çykdy. Alienacanthus malkowskii-niň aşaky äňi, kellesinden iki esse uzyn we awyny tutmak üçin ýiti, yza egrelýän dişleri bilen ýokarky äňi öňe çykýan haýwanlaryň köpüsinden tapawutlanýar.
Tapyndy irki oňurgaly haýwanlarda äňleriň ewolýusiýasyna düşünilişine şübhe döredýär. Gözlegçiler balygyň dişleriniň gysylyş uzynlygynyň, häzirki gylyç balygyňky we ihtiozawrlaryňky ýaly, lukmasyny urup almak ýa-da oňa şikes ýetirmek üçin hyzmat edendigini çaklaýarlar. Äňleriň üýtgeşik gurluşy ýokarky äňiň garaşsyz hereket edýändigini görkezýär.
Şuňa meňzeş daşa öwrülen galyndylar Polşadan we Marokkodan tapyldy, bu deňiz derejesiniň üýtgäp durandygyna garamazdan, balyklaryň ümmülmez ummanlardan aşyp, ondan-oňa göçendiklerini görkezýär.
28
78
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.