Imissyou
17.02.2024 20:34
Seni bagt ýolunda ýöretjegi gözlemeli❤,
a sen bolsa işleýän Vpn gözläp ýörsiň!😄
34
411
Imissyou
17.02.2024 10:18
Soňky döwür çilimiň zyýanlary barada kän ýazyp başladylar, indi özüme erk etjek, mundan beýläk okajak däl"😄

Meniň arzuwym şeýle Merjenjan, deňiz,
güneşli howa, öz gämim we sen gark bolýaň.😄

Uklap ýatan gyzy bezeýän zat, ýanynda otyran eli flamasterli 5 ýaşly çaga.😄
40
416
Imissyou
16.02.2024 09:24
Ýerdäki iň çuň ýer: Mariana çukury

Ummanlar alymlar üçin entegem uly syr bolup galýar. Ummanlar köp gudratlaryň mekanydyr. Bularyň arasynda iň meşhury, dünýäniň iň çuň ýeri hasaplanylýan Mariana çöketligidir. 147 ýyl ozal Iňlis gämisi «HMS Challenger» tarapyndan açylan bu çukur çöketlik şondan bäri müňlerçe ylmy gözlegleriň mowzugy bolup gelýär.

Şu wagta çenli diňe birnäçe adamyň we gözleg ulaglarynyň ýetip bilmedik bu çöketligi dünýäniň iň çuň nokady hökmünde bellidir. Onuň çuňlugy 10,994 metrde ýetýär. 2012-nji ýylda Jeýms Kameron çöketlige girip gördi ýöne iň çuň nokadyna çenli ýetip bilmedi.

Mariana çukury ABŞ-nyň goralýan sebitine degişli bolup, bu äpet çöketlik iki sany uly gatlagyň çaknyşmagy netijesinde emele gelipdir. Ol özünde birnäçe suwasty wulkanlary jemleýär.

Mariana çukuryndaky ýokary basyşa garamazdan çöketlikde ýaşap bilýän janly-jandarlar bar diýlip çaklanylýar. Emma gynansagam çukuryň düýbi gaty hapa.

Mariana çukurynyň ilkinji gezek 1875-nji ýylda üsti açyldy. Çukuryň içine bir Ewerest sygyp bilýär. Çöketlik Ýeriň dördünji polýusy diýlip hem atlandyrylýar.
31
189
Imissyou
15.02.2024 18:18
700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňi


Fransiýaly Riçard Plaud 8 ýylda 700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňiniň modelini ýasady. Şeýle-de bolsa, Riçard Plaudyň bu işi – dükanlarda satylmaýan otluçöpi ulananlygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilmedi.

Plaud, metbugata beren beýanynda şeýle diýdi: «Meniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek arzuwym puja çykdy. Talapnamada görkezilişi ýaly, ulanylýan otluçöp işewürlik babatda elýeterli bolmaly. Olar meniň ulanan otluçöpüm satuwda ýok diýen netijä gelipdirler».

Emma muňa garamazdan, internetde onuň döreden täsinligi barada öwgüli sözleri aýdýanlar köp.

Plaud bu taslama 2015-nji ýylda başlap, takmynan 4200 sagat sarp etdi. Ol 700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňini ýasamak üçin “Flamup” atly otluçöp öndürýän fransuz kompaniýasyndan goldaw aldy.
30
127
Imissyou
15.02.2024 12:51
Hemmämize mälim bolan “Wi-Fi” belgi bu bary ýogy söwda nyşany hasaplanýar. Aslynda ol hiç hili ýagdaýda “wireless fidelity” (simsiz birikdirmek) sözüniň gysgaltmasy däldir. Häzirki döwürde sanly maglumatlary alyş-çalyş etmekde peýdalanylýan internet ulgamynyň hiç hili Wi-Fi belgisi bilen baglylygy ýok.

Ýöne bu belgi ýa-da nyşan dünýäde internet elýeterliligini aňladýan belgä öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. Ýöne Wi-Fi bu internetiň özi däldir. Ol şahsy kompýuterleriň, wideo oýun enjamlarynyň, akylly telefonlaryň we beýlekileriň biri-birine simsiz baglanmagyny amala aşyrýan tehnologiýadyr ýa-da tilsimatdyr. Wi-Fi taryhy öz gözbaşyny 1970-nji ýyllardan alyp gaýdýar. 1971-nji ýylda Hawaii uniwersitetiniň ALOHA internet ady berlen bir ulgamy döretmekleri Wi-Fi üçin ädilen ilkinji ädimler boldy.
28
45
Imissyou
13.02.2024 13:04
Jorasyna aşyk bolany gördüm,
mollumyna aşyk bolany gördüm,
garyndaşyna aşyk bolany gördüm
ýöne maňa aşyk bolany görmedim...
39
403
Imissyou
12.02.2024 00:06
Zenan mertebesin gorarys mydam,
Ol meni bu dünýä indiren ynsan,
Zenanlar bolarmyş dünýäň diregi,
Ýogsa älem bolardy ýer bilen ýegsan.

Zenanlar ýylgyrsa jahan lälezar,
Bolarmyş tebigat mydam ala-ýaz,
Mähirden ýugrulan zenan ýuregi,
Biz hem siz bilen juda bagtyýar.👍

awtor: I miss you
25
45
Imissyou
11.02.2024 22:21
Düýn TikTokda gyzlara görünjek bolup bir gowy wideo çekdim weli, hemme zat gül ýaly Like gelip dur, gowy gowy Komentarýalar gelip dur, arasynda baryny biderek eden dostymyň Komentarýasyna serdäýdä...
👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇
Oooo, dostum, owadan düşüpsüñä. Ol
aňryňdaky Röwşen- maý? Onuň alan 100 mandyny bermek niýeti ýokmuka?
Ýatlatsana şoña, "Item gitdi, ýüpem gitdi" bolmasyn. Otagam arassaja welin, Atamyratlaň otagy öýdýän. Suratam duruja düşürlüpdir, telefon Orazyňky bolmaly.
Mekanyň köýnegem gowy gelşipdir. Düýn telefonumda pulum ýok diýeňde, 50 teňňe okladym. Yzyna oklamagy ýatdan çykarma.
Sag bol, gowy düşüpsiň.

42
526
Imissyou
11.02.2024 16:59
Gelmintoz keselini dörediji gurçuklar.

Häzirki wagtda ene-atalary alada goýýan esasy ýagdaýlaryň biri-de çagalarda ýüze çykýan gelmintlerdir. Gelmintler – bular adam, ösümlik we haýwan bedeninde gelmintoz keselini dörediji mugthor gurçuklaryň toparydyr. Gelmintlere biri-birinden daşky keşbi hem-de ölçegi boýunça tapawutlanýan sapak şekilli gurçuklar, sorujylar we togalak gurçuklar degişlidir. Adam bedeninde gelmintleriň 250-den gowrak görnüşi mugthorluk etmäge ukyplydyr.

Ýönekeý dilde gelmintler “gurçuklar” diýlip atlandyrylýar. Bedene gelmintler hapa iýmit önümlerinden, hapa ellerden, hapa suwlardan, zyýanly mör-möjekleriň çakmaklygy netijesinde düşüp bilýärler. Gelmintler esasan hem içegede mugthorluk edýärler. Ýöne olaryň beýleki synalarda, ýagny bagyrda, beýnide, deride mugthorluk edýän görnüşleri-de bar. Soňky maglumatlara görä dünýä boýunça hasaba alnanda 30% çagada gelmintoz keseli duş gelýär. Alnyp barylýan sanitar-gigiýeniki çäreler gelmintoz keselini näçe minimum derejä getirse-de, bu keseli dolulygyna 100% ýok edip bolanok.

Çagada gelmintiň barlygy ýa ýoklugyny bilmek üçin yzygiderli gözegçilik edip durmaly. Mundan başga-da çaganyň özüni alyp barşynda we beden ösüşinde şu aşakdaky ýagdaýlaryň peýda bolmaklygy olarda gelmintleriň bardygyndan habar berýär:

Çaganyň beden agramynyň peselmekligi;Täret deşiginde gijilewügiň emele gelmegi;Ir säher ukudan oýanan mahaly ýürek bulanmaklygy we gusmaklygy;Uklap ýatan mahaly dişlerini hytyrdatmaklygy;Gijesine agzynda tüýkülik köp ýygnanyp, suwuň akmaklygy;Içiniň gatamaklygy;Dişiniň çüýremekligi;Garyn töwereklerinde agyrynyň peýda bolmaklygy;Bedeniniň derisiniň reňkiniň solmaklygy;Gözüniň aşagynyň gögermekligi;Işdäsiniň bozulmaklygy;Butlarynyň we bilekleriniň gyzarmaklygy ýa-da örgünleriň emele gelmekligi.

Bu alamatlar aýry-aýrylykda başga sebäplere görä-de ýüze çykyp biler, ýöne olaryň iň bolmanda 5-6 sanysy şol bir wagtyň özünde ýüze çykýan bolsa, onda şol çaga bedeniniň gelmintoz keseli bilen keselleýändigine şübhe ýok.

Gelmintleriň bedene düşmekligiň öňüni almaklyk üçin birnäçe anyk çäreler amala aşyrylmalydyr:

Nahar edinmezden ozal hökmany suratda elleri sabyn bilen ýuwmaly;Kabul edilýän iýmiti temperaturanyň täsirinde zyýansyzlandyrmaly, ter önümleri gaýnadylyp sowadylan suw bilen ýuwmaly;Diňe gaýnadylan suw içmeli;Iýmit önümlerini siňeklerden goramaly;Çagalaryň nejasatlar bilen hapalanan topragy we suwy oýnamaklygyna ýol bermeli däl, olary hapa suwlara düşürmeli däl;Çagalaryň saçlary mydama arassa we dyrnaklary alnan bolmalydyr;Çaga oýnawaçlaryny tiz-tizden zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen zyýansyzlandyryp durmaly;Çaganyň eşiklerini hem-de ýatýan otagyndaky ýassyk-düşekleriniň daşlyklaryny çalşyp durmaly, otagy çygly süpürgiçler bilen süpürmeli.Öýde we çagalar baglarynda zyýan beriji mör-möjekleriň, gemrijileriň bolmazlygyny gazanmaly;Öý haýwanlarynda ýygy-ýygydan degelmintasiýa işlerini alyp barmaly;Çagalaryň bedeninde gelmintleriň bardygy ýüze çykan ýagdaýynda lukmana ýüz tutmaly.

Gelmintleriň bardygy anyklanan ýa-da şübhe dörän mahaly adaty klinikalarda terapewte ýa-da parazitolog lukmanlaryna ýüz tutulýar. Umumy amalyýetde albendazol, mebendozol, tiabendozol derman serişdeleri peýdalanylýar. Ýöne bu serişdeleriň her biriniň gelmintiň diňe aýratyn görnüşlerine täsir edýändigini göz öňünde tutup, lukmanyň maslahatynyň esasynda kabul edilmelidir. Organizmde gelmintleriň mukdarynyň has köp bolmaklygy ekzem ýa-da süýjübaş we dürli hili allergiýa keselleriniň bolmagyna getirýär.

Gelmint 28 gün ýaşaýar. Bedende ýüze çykan ýagdaýynda ähli çäreler talabalaýyk geçirilse, onda 1 aýyň dowamynda ony tutuş ýok etmeklik mümkindir. Şonuň üçin geliň hemmämiz özümizi we çagalarymyzy bu mugthordan halas edeliň!

Halk lukmançylygynda uly ýaşly adamlar kädiniň çigidini (bedeniň 10 kg agramyna 100 gram. Birnäçe gün iýmeli.) gelmintleri ýoklamakda peýdalanýarlar. Çagalara käşiriň ýaňy sykylyp alnan şiresini her gün 50-100 gram içirmeklik arkaly olary gelmintlerden halas edip bolýar.
29
63
Imissyou
10.02.2024 20:37


Göýä guşdeý gaýar ýörsiň,
Dünýä hezil ejeň barka,
Ony baky saýar ýörsiň,
Dünýä hezil ejeň barka.

Balalary alsa daşyn,
Emaý bilen sypar başyn,
Gör jennet nirede asyl,
Dünýä hezil ejeň barka.

Mährin küýsäp günme-günden,
Ganmarsyň hiç hüwdisinden,
Bagt sowa geçmez senden,
Dünýä hezil ejeň barka.

Ejejan...
Sen şeýle mähriban,
Sen şeýle bir eziz,
Kalby ýazym ejemjan.

Mezil aşa ýollar geçe,
Seň ýanyňa barýan eje,
Aýlanaly biz bileje,
Dünýä hezil ejeň barka.

Ýaňagym sypalan aýaň,
Yrylmasyn seniň saýaň,
Sen şeýle bir eziz janam,
Dünýä hezil ejeň barka.
27
147