Imissyou
10.02.2024 20:37


Göýä guşdeý gaýar ýörsiň,
Dünýä hezil ejeň barka,
Ony baky saýar ýörsiň,
Dünýä hezil ejeň barka.

Balalary alsa daşyn,
Emaý bilen sypar başyn,
Gör jennet nirede asyl,
Dünýä hezil ejeň barka.

Mährin küýsäp günme-günden,
Ganmarsyň hiç hüwdisinden,
Bagt sowa geçmez senden,
Dünýä hezil ejeň barka.

Ejejan...
Sen şeýle mähriban,
Sen şeýle bir eziz,
Kalby ýazym ejemjan.

Mezil aşa ýollar geçe,
Seň ýanyňa barýan eje,
Aýlanaly biz bileje,
Dünýä hezil ejeň barka.

Ýaňagym sypalan aýaň,
Yrylmasyn seniň saýaň,
Sen şeýle bir eziz janam,
Dünýä hezil ejeň barka.
27
147
gulnura
16 Fewral 2024
❤️❤️❤️gaty govy
ATOMIC
10 Fewral 2024
@Imissyou, hmm, sesi meňzeş eken😁
ATOMIC
10 Fewral 2024
@Imissyou, Maral Durdyýewamy
tmyigit76
10 Fewral 2024
Owadan post bolupdyr 👍
manolya
10 Fewral 2024
@Imissyou, menem halaýan şony )
manolya
10 Fewral 2024
@Imissyou, gaty gowy bolupdyr 👍🏻,aýdymam gaty gowy ))
manolya
10 Fewral 2024
💙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.