ideallider
02.05.2024 23:36
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 5.

41. 💖 Biziň nähildigimize garaman, ýa-da biziň nähilidigimizi bilsede bizi söýmeklerini dowam edýän adama duşmak, iň uly we tapylgysyz bagtdyr.

42. 💖 Söýgi-bu duýgynyň erbetdigini bilsegem şonsuz oňup bilmezligimiz.

43. 💖 Söýgide haçanda seni söýeninde we haçanda seni taşlanynda demiň ýetmez.

44. 💖 Eger ony söýen bolsaň, onuň üçin aglama, goý göz-ýaşlaryň ony tutmasyn. Oň bilen dawwalaşma, goý ol peselmesin. Oň bilen hoşlaşma ýitme, goý olam senem birnji, ikinji, üçünji... bolmaň. Sessizje SÖÝGÜNI goraň.

45. 💖 Mende bütün dünýä ýetjek mähir-muhabbet bar. Emma bu baýlyk diňe seňki.

46. 💖 Al stakany döw. Inni şony öňkisi ýaly etjek bol. Başararsyňmy? Adamyňam göwni şolarýaly. Emma aýna-gyýyklary çöple, eliňe çümer, ganadarsyň. Gyzgyn peje baryp eret, derlärsiň. Täzeden stakan ýasa. Şonda düşünersiň.

47. 💖 Ajaýyp dünýäm bar. Ol dünýämiň ady - Sen.

48. 💖 — Eeeee gülki meňkem bolsa, sebäpkäri sensiň düşündiňmi!?

49. 💖 Haçan sen barada pikirlenmegi bes-edýän!? Haçan uklamda. Ýöne ukuda seni arzuwlap ýatýan.

50. 💖 Men seni taşlasym gelýär, ýöne sen meni diňlemän alyp gideniňi isleýän!

Toplan: IDEALLIDER.
24
82
ideallider
02.05.2024 00:55
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.

31. 💖 Saňa duşmagym, ömrümdäki iň wajyp hadysalaryň biri.

32. 💖 Duşuşsaňyz, bagt-ýoluna gadam basmak üçin duşuşuň.

33. 💖 Eger siz är-aýal ýaly ýakyn bolsaňyz, gowy dostlarýaly her-zatdan gürrüň edýän bolsaňyz, çaga ýaly kikirdeşýän bolsaňyz, bir-biriňiz barada jigi-doganýaly alada edýän bolsaňyz, diýmek siz bir-biriňiz üçin ýaradylan.

34. 💖 Sen güýçlikäň, beýikkäň, gowylykda şatlananyňda döräni saýlama. Ejizläniňde, pese-düşeniňde, gam-gussa gark bolanyňda geleni saýla.

35. 💖 Söýginiň bar ýerinde utanç ýok. Berk belle.

36. 💖 Söýginiň bar ýerinde köp ýalňyşlyklar döreýär. Söýginiň ýok ýerinde hemmesi ýalňyşlyk.

37. 💖 Erkegiň esasy baýlyklarynyň biri, söýgüli zenanynyň salyhatlylygy.

38. 💖 Söýginiň iň wajyp kanunlarynyň biri "Bir-biriňe wepalylyk".

39. 💖 Eger sen söýeniňi düýşüňde görseň, onda seniň ruhuň onyňky bilen duşuşýar.

40. 💖 Arkaýyn bol, gybatçylar seň gybatyňy etseler seň günäňi alarlar. Diýmek onda arkaýyn ýaşabermeli.

Toplan: IDEALLIDER.
20
92
ideallider
29.04.2024 16:18
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 17

171. Rossiýanyň Odessa gonamçylygynda aktýor M.N.Mitrofanowyň "maňa köp merhumlaryň roluny oýnamak miýesser etdi, emma hijisinem şeýle ussatlyk bilen oýnamandym" diýen ýazgyly gubur-gabyry bar. Ýöne hiç-bir degişmeler Meksikan gabyr-gazyjylarynyňky bilen deňleşmez:"Bu ýerde Tomas Himedeo jaýlandy. Inni sen hudaýyň elinde. Hudaýjan, gapjygyňy gowja gizle", ýa-da "Meniň mähriban aýalym Brunjilda Jalmonte. Hudaýjan, size höwes bilen ugradyşymýaly siz hem höwes bilen garşy alyň." Mundan başgada "Bu ýerde Pankrasio Huwenales jaýlandy. Ol nusga är, gowy kaka, erbet elektrik bolupdy". Ýene has haýran galdyryjy "Gustaw Gumersinda Gutierras. 1984-1939. Ogullaryndan ömürlik ýatlama(özüni zyňmadyk Rikardodan başgasy)".

172. Ýylanlar şeýle maýşgak, ýumşak bolsalarda, ylyma belli bolan ýekeje ýylan hem yzlygyna hereket edip bilenok.

173. Salwadorda we Wenesuellada, içgili ýagdaýda maşyn süren adamyň maşyny, kanun tarapyndan döwletiň haýryna geçirilýär.

174. "It wepaly-aýal biwepa"!? 1138-nji ýylyň 13-nji martynda Ahenada karona geýdirilen karol Frankony, Şwabi we Lotaringi Konrad III 1140-njy ýylda Waýnsberge uruş edip gabawa alanynda, goranýan galadaky aýallara degmejigini we öldürmjegini aýdyp göýberjekligine kepil geçýär(гарантия). Şol bolmaşynada aýallaryň özlerindäki bar bolan, göterip bilen gymmatlyklaryny alyp gitmegine rugsat berýär. Geň göräýmeli, az wagtdan karol, ärlerini egninde göterip galadan çykyp barýan aýallary görýär. Şeýdibem karol Konrad öz sözüne wepaly bolup taryhda şöhratlanýar. Häzirki wagtda ol galadan harabalar galdy we ol gala "Aýal wepalylygy" diýilip atlandyrylýar(Nemes dilinde "Weibertreu")

175. Her ýylda neýro-hiruruglar kelle-beýnisiniň ýarysyny aýyrmakda-gemesferektomy köp operasiýalar geçirýärler. Şeýle operasiýalar beýnä gan öýende we beýni-çişlerinde halas bolmagyň ýeke-täk usulydyr. Geň-üýtgeşik zady, hassanyň beýnisiniň göni ýarysy aýyrlanyndada oň ýadyna, özüni alyp barşyna, hereketlerine hiç-hili täsir edenok.

176. Alymlar, ýagtylygyň täsir etmeginde asgyrmagyň döreýänligini açdylar, "foton refleksde asgyrmak" adamlaryň 30% mahsus bolup bu häsiýet nesilden nesile geçýär. Ýöne bu refleksiň hakyky sebäbini alymlar şuwagda çenli bilenoklar.(geň görmeli, meň özüm hem käte gös-göni güne ýa-da güýçli ýagtylyga seretsem asgyrýaryn.)

178. 2009-njy ýylda Şwessariýada ýaşaýan öýsüz-öwzarsyz(бомж) Kurt Dagerman, özünden soň 1 milion $ goýup gidýär. 30 ýylyň dowamynda demir bankalary toplap satyp, ol belli Şwessar bankynda maýa-goýum edýär. Dagerman ol gazanjyny, kämahal köçedekä ýanyna gelýän dogan-oglanyna(двоюродному) wesýet edip gidipdir.

180. Sparta, bu söz köp adamlaryň göz-öňine "Gaýduwsyzlyk, Wepalylyk, Edermenlik, Güýç-kuwwat, Alarmanlyk, Ezberlik" diýen ýaly güýçli sözleri getirýär. Emma "Akyl" diýen söz göz-öňiňize gelmez. Sebäbi Spartanyň esasy kanuny "Diňe bar bolan ýaraglar bilen söweşmeli, täzeçe ýaragy oýlap tapyp söweşe girmek gadagan" diýilen setirler bar. Ine şu kanun hem olaryň ýok bolup gitmegine sebäp bolan iň uly ýalňyşlyk. Özüňiz pikir edip görüň, Sparta şuwagtda çenli täzeçe ýarag çykarmazdy, sebäbi olaryň kanunynda täze ýarag çykarmak gadagan, onsoň gylyç, naýza we galkanyň garşysyna pistolet, awtomat, bomba has beter hem atom bomba. Haýsy aýdanymyz ýeňer!?

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
22
145
ideallider
29.04.2024 00:05
Mentalist serialdan belläp galanlarym 2...

6. Eger garşyňyzdaky adamyň siz baradaky gizlin pikirini bilmel isleseňiz, onda sizi we özüni nähili jandarýaly hasap edýänini soraň. Meselem ol Bürgüt, sizi bolsa towşan hasap edýän bolsa, onda ol size hüjüm etmäge taýýar.

7. Adamlardan gerek jogaplaryňyzy almak üçin, ilki şol adamyň özüne, özi baradaky çala erbediräk maglumatlary aýdyň we 10 sekuntdan soň öwgüli sözleri diýiň. Şonda köplenç islendik zatlary aýdarlar.

8. Erbet adamlaryň toparyna düşeniňizde, ol adamlaryň arasynda agzalalyk döretjek boluň. Meselem: Kim başlyk, kim buýruk berýär we ýerine ýetirýär ýaly we ş.m. Haçanda agzalalyk başlanynda siz öz planyňyzy durmuşa geçiriň. Belli bir şygar hem bar "Bölekle we şalyk sür=Разделяй и властвуй".

9. Köplenç adamlar bir gizlin zat bukanlarynda has göze görünýän ýerlerde goýýarlar. Meselem lýustranyň içinde, çaýgabyň içinde. Mümkin zenanlaryň içki-geýim goýulýan ýerlerinde.

10. Adamlary gujaklanyňyzda, arkalaryňa çalaja 4-5 gezek kakyň. Bu usul adamlarda gowy duýgulary oýarýar. Sebäbi rahatlylyk duýýar. Munuň hem sebäbi bäbek, entek ejesiniň garnyndaka, ejesiniň ýürek uruşly ritmni ýatda saklap sinhronlaşmagy bilen düşündirilýär.

Topalan: IDEALLIDER.
31
151
ideallider
28.04.2024 23:56
Mentalist serialdan belläp galanlarym 1(S1E2)...

1. Mentalist/'men-tə-list/noun. (Имя существительное) Tkm. Ýiti akyly, zehini, gipnozy, aňa-guýmagy ulanýan adam. Pikir-hereketi dolandyrýan halypa(Master). Рус. Человек исползуеший остроты ума, гипноз и силу внушения. Мастер управляться мыслями и поведением. Eng. Someone who uses mental acuity, hypnosis and/or suggestion. A master manipulator of thoughts and behaviour.

2. Fokusnikler nämçün owadanja-gyzy kömekçi(Asistentka) tutunýarlar?! Sebäbi ol gyzlar, adamlaryň ünsini özüne çekýär. Adamlar owadanja gyzy höwes bilen synlaýarlar we fokusuň nähili pyryldak bilen gutarýanyny görenoklar.

3. Çaga gizlin zeper ýeteninde, köplenç ejesi içinden "Plan-adam bolaýmasa" diýip pikir edýär we bu pikir hemişe diýenýaly dogry çykýar.

4. Köp döwletlerde "Päklik kasamy" bar. Ol kanun tarapyndan kabul edilmedik, raýatlaryň arasyndaky özboluşly kasam. Ýagny oglan ýa gyz tä-durmuş ýoluna gadam basýançalar öz bedenlerini(jyns) arassa-päk saklamaga kasam edýärler. Köplenç bu kasamlar ýüzükler ýa-da boýuna dakylýan zynjyrjyklar bilen berkidilýär.

5. Eger garşyňyzdaky adam, hem ýylgyrýan hem aglaýan bolsa. Ol adam diýseň çykgynsyz ýagdaýda. Kynçylykly meseleler bolsa düzetse bolar, emma köplenç şeýle hereketli adamlar özlerine kast-etmegiň ugrunda bolýarlar. Şol sebäpli bu ýagdaýy ol adamyň ýakyn hossarlaryna duýdurmakçy boluň. Ýada goramaga synanşyň.

Toplan: IDEALLIDER.
27
105
ideallider
28.04.2024 16:07
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 3.

21. 💖 Onuň ýanynda wagtym, gursagymda ýüregim şeýlebir gaty urýar weli, tas özümi ýitirere gelýän.

22. 💖 Gyzy gelejekki gelniň hasaplamaly. Eger beýle bolmasa, onda özgäň bagtyny saklamaň!

23. 💖 Gyzy çagaka kakasy, ulalansoň äri, eje bolanynda bolsa ogly goraýar. Olary hiç wagt ýeke goýmalydäl.

24. 💖 Başgalardan hemişe seniň kölegäňi gözlärdim. Allaha şükür biz aýry däl, ýogsa hakykatdan kölegäňi gözlärdim.

25. 💖 Wagt geler düşünersiň. Ýekeje adam ýüregiňde galar. A beýlekiler durmuşuňdada galmaz.

26. 💖 Arzuwlarymda sen meniňki, ýaşaýşymda bolsa sen meniň arzuwum.

27. 💖 Şu dünýäde seň ýanyňda bolup başgalary unutdyrjak biri hökman tapylar.

28. 💖 Söýgi hiçwagt gutaranok. Dawwalaşylýar, sögüşilýär, göwne-degişmeler bolýar, ahyry soňunda birleşilýär.

29. 💖 Bu ukusuz uzak gijelerde bir-zada göz ýetirdim. SENI KÜÝSEÝÄNIME.

30. 💖 Esasy zat ýanymda sen bar we sen hemişe meni gujaklap "Hemmezat gowy bolar" diýip köşeşdirýäniň üçinem men bagtly

Toplan: IDEALLIDER.
25
68
ideallider
28.04.2024 08:31
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 16

161. "Turritopsis nutricula" ajaýyp meduzalar, mundan başgada olar ölmez-ýitmez meduzalar diýilip hem atlandyrylýar. Bu meduzalar ömürboýy, köpelenlerinden soň beýleki meduzalar ýaly ölenoklarda, ýene meduza bolmak üçin polipwa(nämedigini bilemok) öwrülýärler. Şunluk bilen bu meduzalar hiç-haçan ölmeýärler. Olaryň ölümine diňe tebigy-betbagtçylyklar ýa-da adamlar sebäp bolup biler.

162. Eger adamyň, meselem siziň daş-töweregiňiz hapaçylyk-haramlyk bolsa, onda siz hem azajygam bolsa hapa-haramlyk edersiňiz. Eger siziň daş-töweregeňiz arassa-päklik bolsa onda siz hem arassa-päk hereketler edersiňiz. Beýle häsiýetler 10 adamyň 9-syna mahsus. Psihologiýada bu ýagdaýyň ady "döwük penjire".

163. Ugandanyň Tororo bölejiginde, ýylyň 250 güni gök-gümürdäp geçýär.

164. Tehasdaky ýanyjy-gaza, jesediň ysyna meňzeş himiki element goşýarlar. Şonda gajarlar, gaz-turbalarynyň deşilen ýerinde aýlanyp başlaýarlar we gaz çykýan ýeri ussalar aňsat tapyp bejerýärler.

165. Pişikler süýji tagamy(şokalad, pampaza, şeker) duýup bilmeýärler. Ähli pişikler maşgalasyna degişli bolan jandarlaryň, süýji tagamy duýujy genleri ýok.

166. It-güjükleriň piwosy barada belläp geçenimiz ýadyňyzdamy!? Ýapon winoçylary yza galmazlyk barada pikir edip, 2013-nji ýylda ýörüte pişikler üçin "Nyan Nyan Nouveau" diýilip atlandyrylýan winony(şerap) çykarýalar. Wino "Cebernet" sortly üzümden taýynlanyp oňa pişik-narpyzyny goşýarlar. Geň göräýmeli, ilkinji çykan 1000 çüýşe bary ýogy 15-minutda satyldy.

167. 1961-nji ýylyň 29-njy aprelinde, Sowet Soýuzynyň Antarktidadaky Stansiýasynda Nowolazerskaýa Leonid Rogozow, özüne güýçli-körçege(appendisit) diagnozyny goýýar. Stansiýadan uçup gitmäge hiç-hili mümkinçiligem, başga dogtarlaram ýok. Şeýlelikde Rogozow appendiksi aýyrmak üçin gyssagly operasiýa başlaýar. Stansiýanyň iki işgäri, onuň garnynyň golaýynda aýna saklap, lukmançylyk-enjamlary(skalpi, nit, pagta) Rogozowa uzadyp durýarlar. Rogozow özüni 1 sagat 45 minutlap operasiýa edýär we operasiýa şowly gutarýar hem ol öz janyny halas edýär.

168. Özüni halas edip Rogozow uly batyrlyk görkezýär, emma mundan hem beter howplurak ýagdaý 2000-nji ýylyň 5-nji martynda, Meksikanyň Rio Talea obasynda bolup geçýär. 40 ýaşly hristian aýal Ines Ramirez Perez özüni şowly kesarewa edip sagdyn çagany dünýä getirýär. Haçanda Inesiň garnyndan agyryly-burup(схватки) başlanynda onyň äri içgilidi, golaýdaky okuşerka bolsa 50km uzaklykda ýerleşýärdi. 12 sagatlyk agyryly-burumdan soň Ines aşhana(кухонный) pyçagy alyp, üçinji gezekde garnyny kesýär. Ol matkasyny kesip, çagasyny alyp, göbegini(пуповик) hem pyçak bilen kesýär. Şondan soň ol uly oglyny kömek çagyrmaga ugradýar we çagasyny hem özüni hassahana ýerleşdirýärler(Ines kömek gelýänça garny matkasy açyk ýatýar). Şeýle zatlaryň bolanyna garamazdan, 10 gün soň doly jany-sag halda olar hassahanadan öýlerine ugradylýar. Bu dünýä boýunça hem şuwagda çenli resminalaşdyrylan ýeketäk waka.

169. Adamyň görýän düýşi bütin giýje dowam edýän ýaly hem bolsa, iň uzak düýş bolandada 20 minutdan uzaga gidenok.

170. 2001-nji ýylda nemes Rotenburg-na-Fuldede haýsydyr bir Armin Maýwes internetde 20-30 ýaş aralygynda, öldürilip iýilmäge razy adamy gözlemek üçin mahabat(объявление) goýýar. Şeýle mahabatlaryň birine "Simens" kompaniýanyň programisti Bernd Brans üns berýär. Bernd-iň rugsady we golýazmasy bilen ol öldürilýär we iýilýär. 2006-nji ýylda Maýwes, ömürlik tussag edilýär.



Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
23
68
ideallider
27.04.2024 09:48
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 14

141. 1994-nji ýylda iki daşdeşen, NASA-nyň "Discovery" şatylynyň benzin bagyna köp deşikler deşip zeper ýetirýärler. Remont 2 aýa çekýär we şatyl 1995-nji ýylyň 3-nji fewralynda uçýar.

142. Hytaýda, Koreýada we Ýaponiýada, 4-lik san betbagtlylygyň sany diýip hasaplanylýar, sanyň ady "Ölüm" sözüne sazlaşykly eşidilensoň. Bu ýurtlaryň jaýlarynda, otellerinde soňy 4 bilen gutarýan komnat, kwartiralar ýok diýenýaly.

143. 1983-nji ýylyň awgust aýynyň 11-ne, A.B.Ş.-nyň prezidenti Ronald Reýgan, saýlawlaryň öň ýanyndaky gepleşiklerinde(дебаты), mikrofonlar gurnalyp sazlanýan wagty oýun edip degişdi. Degişmesi "Meniň hormatly amerikan watandaşlarym! Rossiýany baky kanundan daşary diýip görkezme resminamalara gol çekenimi begenip aýdýaryn. 5 minutdan bombalamak başlanar." diýen gürrüňlerinden ybarat. Şunlukda SSSR-iň ýaragly güýçleri doly taýýar ýagdaýa geçýärler. Bu Reýganyň "gowja" degişmeleriniň biri. Şondan 2 ýyl öň, ýene mikrafonyň barlaglary-sazlamalary wagtynda ol "Düýn polşa döwletiniň, harby diktator görnüşleri, birtopar bitli bolgusuz işsizler" sözleri hem aýdypdy.

144. Ýaponiýada her ýyl "aglaýan çagalar" festiwaly geçirilýär. Bu hakyky festiwal bolup şol festiwalda sumoistlar(Sumo, urşganly sport görnüşi) çagany ellerine alyp, çagalary çalt aglamaga mejbur edýärler. Kimiň çagasy gaty çirkin sesli aglasa şol hem ýeňýär. Ýaponlar, "Çaga sesleri erbet ruhlary kowýar we çaganyň sagdyn ösmegine kömek edýär" diýip hasap edýärler.

145. 1963-nji ýylda Milanyň "Vetraria Gallaretese" aýna firmasy, ýubileý mynasybetli kwartaldaky(çatrykdaky) çagalaryň hemmesine "üýtgewsiz arkalaşygyňyz üçin minnetdar" diýen ýazgyly ýaýlary(рогатки) sowgat berýär.

146. Dünýäde piwolaryň müňlerçe görnüşleri bar. Käbir adamlara şol hem az bolmaga çemeli. 2009-njy ýyldan başlap Gollandiýada itler-güjükler üçin hem piwo çykarylyp başlady. Itler bu piwony gaty gowy görýärler. Muňa seretmezden bu "Kwispelbier" piwosy "Heineken"-den 3 esse gymmat, şondada şol piwolar zawoddan çykan wagty çaltlyk bilen satyn alynýar.

147. Ispoli-Kengurularyň böküş uzaklygy ortaça 12 metr. Hatda rekordsmen amur-gaplaňy hem 10 metr böküp kengurudan yza galýar. Impala(jerenleriň bir görnüşi) bökmekde kenguru bilen deňleşip biler.

148. 1909-njy ýylda "Mercedes-Benz"-iň üç-uçly emblemasy(belligi) 3 tarapy, ýagny suwda, ýerde we asmanda öňdebaryjylygy suratlandyrýar(символизирует). Mundan başgada kompaniýa maşynlaryň dwigatelini, uçar we suw-gämi-gaýyklaryň dwigatellerini hem çykarýardy.

149. Dünýädäki iň uly ogurlyk 1990-njy ýylyň 18-nji martynda Bostondaky ýerleşýän "Izabella Stýuart Gardner" muzeýindäki 13 suratyň ogurlanmagy bilen bolup geçýär. Ol suratlaryň jemi bahasy 300milion dollar. Şol ogurlanan suratlaryň biri hem şuwagda çenli tapylanok. Suratlary tapyp yzyna gaýtarylmagyna kömek etjek her bir maglumat üçin 5 milion dollar baýrak bar.

150. Latyn Amerikan döwletleriniň köpüsinde "ok" hereketi(elde ok görkezmek) sögmekligi aňladýar(ýagny "nol" ýada "hiçzat"). Braziliýada bolsa gahar-gazabyňy açyp görkezmek.


Internet sahypalalaryndan toplan: IDEALLIDER.
27
98
ideallider
26.04.2024 22:25
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 17.

161. Käbir gyzlara degişli, goýsaňyzlaňaý. Siziň owadanlygyňyzyň 95% mokry salfetka bilenem aýyryp bilýän.

162. Agşam ukym tutmasa budilnigiň aýdymyny diňleýän. Beýnim "Ýene azajyk ýataýyn" diýip rezka uklaýar.

163. "Sen maňa şeýdip janygyp düşündirýäniňe sagbol. Ýöne saňa gynanýan, sebäbi seň aýdýan zatlaryň maňa gyzygy ýok"

164. "Aýtdymahow 5 minutdan barýan diýip. Nä her sagatda jaň edipdursuň!?"

165. Irden beýnim:
- Tur wagt boldy sen işe gitmeli!!! - diýeninde endamym:
+ Bar ýokbolsanaý, düýn agşam serialyň soňynyň nähili boljagyny bilesi gelen sendälmi!?

166. Interesno, kofe bilen uky dermany bile içsek nähili bolarka!?

167. Seň ýanyňda biri özüni samsykýaly alyp barýan bolsa diýmek ol seni hakykatdanam söýüpdir. Ýada ol hakyky samsyk.

168. Internetde ýazyşýalar:
- A saňa nähili gözler ýaraýar?
+ Aýýý maňa her-hilisi, tapawudy ýok.
- Seň bagtyň çüwdi, meň gözlerim her-hili, biri beýläk, beýlekisem eýläk bakýar.

169. Tilki bilen durna. Bir gün durna tilkiň öýüne myhmançylyga barýar. Tilki hem tarelkada çorba berýär. Durna-da içip bilmeýär. Muňa durnanyň içi ýanýar we:
- Senem meňkä aýlanawer, dost. - diýip, durna tilkini öýüne çagyrýar hem küýzede çorba goýýar. Tilki hem truboçka çykaryp çorbany içýär we: - Men bu ertekini öň okapdym - diýýär. 

170. Ogrudan gorasyn diýip, maşynyň ýanyna iti daňypdyrlar. Eýesi irden turup görse, maşynyň tekerleri ýokmuş, ogurlapdyrlar... Maşynyň aýnasynda bolsa: “Itiňize sögünmäň, ony kösäýmäň. Janawar bar güýji bilen topuljak bolup üýrdi. Daňylgyda. Sen ker ekeniň…” diýip hat ýazyp gidipdirler. 

Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
37
326
ideallider
25.04.2024 20:19
Ölümiň bärsindekä "Oglumy goraň!"


Gadym zamanda, bir ogul ejesini eklemegi agyr görüp, ýarawsyz hassa, kör ejesini egnine alyp dag-beýewanlara alyp gidipdir. Baryp daglaryň arasynda taşlap, ejesine şeýle ýüzlenipdir:
— Eje, sen şu ýerde otyr. Sen hemmezada düşünmeli, maňada düşün, şondada men soňrak gelerin. - diýip ejesinden daşlaşanynda ejesi hemmezada düşünip kör gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp galyberipdir. Oglan öýüne ýolda barýarka aklyna aýlanyp, yzyna ejesini almaga dolanypdyr. Baryp görende, kör ejesi oglunyň gelýänini görmän, oglunyň aýak sesine ýönekeý bir ýolagçydyr öýdüpdir we:
-Kimsiň, ýolagçymyň? Şol ýoldan gitseň öňüňden oglum çykar. Daş-töwerekde şagal-möjegiň sesi bar, olara şam bolaýmasyn. Haýşt edýän, aladasyny ediň, oňa duýduruň hem oglumy goraň! - diýip tabşyrypdyr. Ogly "Men ejemi tas göni şagal-möjege şam edipdirin, emma ejemi taşlap gitsemem, öljek wagty hem ejem meň aladamy edýär" diýip baryp ejesini bagryna basypdyr hem, öýlerine alypgaýdypdyr.


Awtor: Halk arasyndan.
Paýlaşan: IDEALLIDER
25
154