ideallider
26.04.2024 22:25
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 17.

161. Käbir gyzlara degişli, goýsaňyzlaňaý. Siziň owadanlygyňyzyň 95% mokry salfetka bilenem aýyryp bilýän.

162. Agşam ukym tutmasa budilnigiň aýdymyny diňleýän. Beýnim "Ýene azajyk ýataýyn" diýip rezka uklaýar.

163. "Sen maňa şeýdip janygyp düşündirýäniňe sagbol. Ýöne saňa gynanýan, sebäbi seň aýdýan zatlaryň maňa gyzygy ýok"

164. "Aýtdymahow 5 minutdan barýan diýip. Nä her sagatda jaň edipdursuň!?"

165. Irden beýnim:
- Tur wagt boldy sen işe gitmeli!!! - diýeninde endamym:
+ Bar ýokbolsanaý, düýn agşam serialyň soňynyň nähili boljagyny bilesi gelen sendälmi!?

166. Interesno, kofe bilen uky dermany bile içsek nähili bolarka!?

167. Seň ýanyňda biri özüni samsykýaly alyp barýan bolsa diýmek ol seni hakykatdanam söýüpdir. Ýada ol hakyky samsyk.

168. Internetde ýazyşýalar:
- A saňa nähili gözler ýaraýar?
+ Aýýý maňa her-hilisi, tapawudy ýok.
- Seň bagtyň çüwdi, meň gözlerim her-hili, biri beýläk, beýlekisem eýläk bakýar.

169. Tilki bilen durna. Bir gün durna tilkiň öýüne myhmançylyga barýar. Tilki hem tarelkada çorba berýär. Durna-da içip bilmeýär. Muňa durnanyň içi ýanýar we:
- Senem meňkä aýlanawer, dost. - diýip, durna tilkini öýüne çagyrýar hem küýzede çorba goýýar. Tilki hem truboçka çykaryp çorbany içýär we: - Men bu ertekini öň okapdym - diýýär. 

170. Ogrudan gorasyn diýip, maşynyň ýanyna iti daňypdyrlar. Eýesi irden turup görse, maşynyň tekerleri ýokmuş, ogurlapdyrlar... Maşynyň aýnasynda bolsa: “Itiňize sögünmäň, ony kösäýmäň. Janawar bar güýji bilen topuljak bolup üýrdi. Daňylgyda. Sen ker ekeniň…” diýip hat ýazyp gidipdirler. 

Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
37
326
fl_ower
2 May 2024
😅😅👍
kizi
27 Aprel 2024
😆😆😆😆😆
2106
27 Aprel 2024
👍😂😂
jbmm
27 Aprel 2024
Kicikam sheyle waka bolupdy ogrlular birinin towuk ketekdaki hemme towugy ogurlap Horazam yupden asyp boynunada liste hat yazyp gidipdiler Eyam meni bagyshla men towuklara eye cykyp bilmedim olary gorap bilmedim shonada namys edip ozumi asdym menden razy bol diyip
cutie
26 Aprel 2024
👍
eess
26 Aprel 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.