Mentalist serialdan belläp galanlarym 1(S1E2)...
1. Mentalist/'men-tə-list/noun. (Имя существительное) Tkm. Ýiti akyly, zehini, gipnozy, aňa-guýmagy ulanýan adam. Pikir-hereketi dolandyrýan halypa(Master). Рус. Человек исползуеший остроты ума, гипноз и силу внушения. Мастер управляться мыслями и поведением. Eng. Someone who uses mental acuity, hypnosis and/or suggestion. A master manipulator of thoughts and behaviour.
2. Fokusnikler nämçün owadanja-gyzy kömekçi(Asistentka) tutunýarlar?! Sebäbi ol gyzlar, adamlaryň ünsini özüne çekýär. Adamlar owadanja gyzy höwes bilen synlaýarlar we fokusuň nähili pyryldak bilen gutarýanyny görenoklar.
3. Çaga gizlin zeper ýeteninde, köplenç ejesi içinden "Plan-adam bolaýmasa" diýip pikir edýär we bu pikir hemişe diýenýaly dogry çykýar.
4. Köp döwletlerde "Päklik kasamy" bar. Ol kanun tarapyndan kabul edilmedik, raýatlaryň arasyndaky özboluşly kasam. Ýagny oglan ýa gyz tä-durmuş ýoluna gadam basýançalar öz bedenlerini(jyns) arassa-päk saklamaga kasam edýärler. Köplenç bu kasamlar ýüzükler ýa-da boýuna dakylýan zynjyrjyklar bilen berkidilýär.
5. Eger garşyňyzdaky adam, hem ýylgyrýan hem aglaýan bolsa. Ol adam diýseň çykgynsyz ýagdaýda. Kynçylykly meseleler bolsa düzetse bolar, emma köplenç şeýle hereketli adamlar özlerine kast-etmegiň ugrunda bolýarlar. Şol sebäpli bu ýagdaýy ol adamyň ýakyn hossarlaryna duýdurmakçy boluň. Ýada goramaga synanşyň.
Toplan: IDEALLIDER.