ideallider
04.04.2024 20:18
Durmuşdan ýadap höwesim gaçdy.
Bägül-gelin bu gün işden uzakly gün ýadap öýe geldi. Iş hem iş-dirweli, şol-bir sydyrygyn, ol-günden bu güne meňzeş günler ýöne-ýöne gaýtalanypdur. Agşam 17:00 hem bolsa, inniden soň bu gelin gap-gaçlary, çagalaryň ulularyň eşiklerini ýuwmaly, öňki ýuwulanlary ütüklemeli, nahar bişirmeli, çagalaryň öý-işlerini edişmeli, arassaçylyk, syr-süpür. Ol bolmaşynada ýoldaşynyň keýpi ýok bolup, gaharly bolaýsa ber habary... Janypkeş geliniň başy haçan ýassyga ýeterkä. Ertirem şeýle, gün. Birgünem şeýle gün. Düýnem, öňki gün hem şularýaly gün. Işeňňir Bägül şondada durmuşundan nalanok. Ýadamazam. Sebäbi onuň wepadar, akylly ýoldaşy Allanur hemişe ýanynda. Allanur akylly oglan hem bolsa, olam soňky döwür Bägüle gaty sowaşan. Bägüle üýtgeşik mähirli sözler, gyzgyn-öwgüler, sowgatlar edenok. Bägül bu öýde adamdälde, ýönekeý zat ýaly. Belki, gürrüňini edýän gelnimiz gün-saýyn solýandyr, süllerýändir. Ahyrynda şol bir-günler adamy beter irizýär. Bägül gapydan "Ýa Bissimillah" ätläp girdi, goşlaryny gapdalda goýup, çyrany ýakjak boldy. Şyrk-şyrk. Çyra ýok. Üsde-üsdüne inni tok hem ýok. Bägül "Ufffff" diýip, uludan demini alyp, ýarym-garaňkyda köwşüni çykaryp beýleki jaýa geçdi. Ine täsinlik. Öýüň içi şemler bilen, ýokarsy lentadyr, şarlar bilen, stenalar swetamuzuka bilen, ýörejek ýoly bolsa ýodajyk edilip, indiki otaga eltýän güller bilen bezelipdir. Bägül aňk-taňk bolup, çalajada gorkup "Çagalar" diýip öýe gygyrdy. Çagalaryň hijisi ýok. Gaýtam ol jaýdan Allanur gelip:
— Hormatly hanym-Bägül. Çagalar bu günlikçe atalaryna myhmançylyga gitdiler. Siz we men öýde ýeke. Bu gün bolsa men Allanur, siziň hyzmatyňyzda. Ter gülleri menden size sowgat alyň. Öý işleriň ählisini özüm edişdirdim, gap-gaçlar, eşikler ählisi ýuwulan ütüklenen. — diýip öňünden çykyp çalaja baş egdi we gülleri güler-ýüz bilen uzatdy. Aňrybaş kostýumly, saçy salondan çykan, atyrlardan ýaňa bark-urýan ärini-gören Bägül güli alyp, geňler galyp, gözlerini giňden-açyp synlap durşuna:
— Nämboldygyz!? Bu näme!?
+ Gözel-gyz, sizden haýşt edýän. Ol otaga geçäýeliň, bize stol garaşýar. — diýip Allanur Bägüle ellerini mylaýym uzatdy. Bägül begenip ýylgyryp, nurlanyp oglanyň elinden tutup, uçgynlar syçradyp ol jaýa bardy. Jaýyň orta-arasynda ikiçäk bezelgi stol. Stolda ýene güller, şemler, messaý titanik aýdym ýaňlanýar. Bägül geçip stulda oturjak bolanynda Allanur "Gözel-gyz" diýip ýylgyrdy. Bu ýylgyrşa sakga-duran Bägül Allanurdan gözüni aýyrman synlaýar. Allanur bolsa gelip, söýgülisiniň stulyny çekip, oturtdyda, özi hem nahar başyna geçdi. Soňra Allanur:
— Size aýdasym gelýänzatlar gaty köp, emma gerek sözleri tapmakda siziň göz-gamaşdyrjy owadanlygyňyz meni aljyradýar. — diýip ýylgyrdy hem nahar iýmäge başlady. Elbetde Bägül hem. Bägül özini nähildir bir iň owadan romantiki kinonyň gahrymany ýaly duýup, şeýlebir ýylgyrýardyweli, uludan gülmän zordan saklanýar. Allanur ýene:
— Şondada men pikirimi jemläp size aýtjak bolaýyn. Iň gyzyklysy sizi birinji görenimde, syrly bakyşlaryňyz, uzyn-hem galyň ajaýyp saçyňyz, pisse-dahan dodagyňyz, inçeden aýlawly-bedeniňiz mende üýtgeşik täsir galdyrdy. — diýip ýene naharyny iýmegi dowam etdi. Bägül hem gowja naharlanandygyny aňan Allanur, aýdyymyň sesini çalaja gataldyp:
— Asman-melegi Bägül, sizi tansa çagyrmaga rugsat ediň. — diýip, ýerinden turduda baş egip Bägüle elini uzatdy. Bägül hem öz gezeginde kellesini çala gapdal aşak gyşardyp razylygyny bildirdi. Allanur Bägüliň iki elinden hem tutup, öz egninde ellerini goýup, özi hem gelniniň bilinde ellerini goýup ýuwaşjadan yranypjyk tans edip başladylar. Tans wagty Allanur:
— Janym, saňa duşmagym ömrümdäki iň bagtly günümdi. — diýdi. Är-aýal soňra biraz kino gördüler, wagt bir çene baranyndan soň bolsa uka gitdiler.
Awtory: IDEALLIDER.
21
216
ideallider
03.04.2024 14:03
IDEALLIDER-iň toplan peýdaly maslahatlary 2.
11. Eger umiwalnigyň turbasy dykylyp, suw akmasa, onda bize çaý-soda, uksus we eýlesi-beýlesi bir-garş kardonjyk gerek. Şol biten-turbanyň içine ýarty stakan çaý-soda guýuň, söňra yzyndan, ýene ýarty stakan uksus guýuň we turbaň üsdüni ýaňky garş kardonymyz bilen ýapyň. Bäş minut garaşanymyzdan soň üsdüne gaýnag suw guýmaly. Bolany.
12. Size sowgat berilen gülleri suwly-waza(gap) goýanyňyzda, suwly-waza bir näçe damja arak damdyrsaňyz ýa-da 1 çemçe şeker garsaňyz, onda güller öňküden uzak wagt terligini saklar!
13. Eger suwa-düşülýän otagdaky aýna bugaran bolsa, aýna gyzgyn fen tutuň, bug 1 minutda aýrylar.
14. Öýüň içinde iň mikrobly zat gap-gaç ýuwulýan gubkadyr. Emma ol gubkadaky mikroblary aňsat öldürüp bolýar(продезинфицировать). Gubkany gaýnag suwda 1 minut ýa-da mikrawalnowkada 30 sekunt saklaýmaly.
15. Eger ir bilen budilnigiň sesine oýanmasaňyz ýa-da ýene ýatasyňyz gelse, onda telefonyň diktafonyna bankomadyň pul sanaýş-şakyrdysyny ýazgy ediň(zapis) we ol sesi budilnigiň sesine goýuň. Köpler "Kömek edýär, oýanýas" diýýäler weli men barlapgöremok:)
16. Ukudan has gowy açylmak üçin bolsa alma gowy kömekçi bolar. Sebäbi birinjiden almanyň düzüminde bizi çalt oýaryjy witaminler bar, ikinjiden bolsa almany dişlänimizde ýüzümiziň, agzymyzyň muşsalary hem maşk-edýärler(zarýadka). Alma, kofýadan hem beter gowy täsir edýär.
17. Işe ýada okuwa gijä galmazlyk gaty aňsat. Diňe sagadymyzy 15 ýada 20-minut öňe süýşüräýmeli.
18. Eger siziň telewizor ýada týuner pultuňuz uly-batareýkada(AA) işläp sizdede diňe kiçi-batareýka(AAA) bar bolsa, onda kiçi batareýi pulduňuza dakyň we dakan ýeriňizdäki galan boşluk ýerjagaza, bir-çümmük folgany ýyrtyp alyp togalajyk edip şol pultuňuzdaky boşluga goýuň. Pultuňuz işläp başlar. Bu emeli sagatlar bilenem oýnawaçlar bilenem gurnap bolýar.
19. Eger towlanýan-gapakly duza basylan salat hyýary ýada başga gök-önümli bankany açjak bolsaňyz, ilki bilen gapagynyň üsdünden gyzgyn suw(gaýnagdäl, gyzgyn) akdyryň. Gapak aňsat açylar.
20. Eger burnuňyz ganasa hiç-hili ýagdaýda burna zat dykmalydäl, ýa-da kelläňizi ýokaryk galdyrmalydäl. Eger şeýle edilse ganyň öýkene we dem alyş ýollaryna gitmegi mümkin. Berk belläň, howadan başga ähli öýkene giren zat hiç-haçan yzyna çykmaz. Gowsy burundaky ganyň özi diňýänçä akdyrmaly, maňlaýada sowuk suw degirip durmaly. Gan akmaklyk köp gaýtalanyp dursa, hökman lukmana ýüz tutuň. Ýokarda belläp geçen emelimiz uzak wagtdan bir gezek ganan burunlara degişli.
Toplan: IDEALLIDER.
23
143
ideallider
03.04.2024 00:41
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri.
1. 💖 - Eje-eje, men aýlanmaga, prosda arassa howadan dem almaga...
+ Bolýa, ýöne şol "Arassa-howaňa" salam aýt.
2. 💖 - Aufff sen birkemsiz şeýlebir ajaýyp-gowy. Ýöne men sende birzady üýtgederdim!?
+ Nämäni?
- Familiýaňy...
3. 💖 Gyzykly. Seni söýseler gowymy ýa-da söýülseň gowy? Dogurdanam hemmezat iki-taraplaýyn bolsa gowy.
4. 💖 Şeýlebir söý, müňleriň içinden geçeniňde, diňe şondan başgasyna seretmezýaly söý.
5. 💖 "Men seni küýseýän" sözler, gaty-beter-sowukdada gyzdyrýan sözlerdir.
6. 💖 Oň bilen geçiren wagtym 5 minutjyk, emma bütin ömrüme many...
7. 💖 Daşarda nähili howa bolsa bolsun, ýanyňda söýgüliň bolsa hemişe güneşli howa.
8. 💖 Söýenimizde owadanlygy söýemzok. Söýemizde gözleri, aklyny, özüni alyp baryşyny, üýtgeşikligini söýýäs. A owadanlygy bolsa diňe isleýäs.
9. 💖 "Saňa duşanymda, ejem-kakam, doganymýaly ýakynym bolarsyň öýtmedim"
10. 💖 "Gel bir-birimiz üçin özümize gelejek bolaly"
Toplan: IDEALLIDER.
36
186
ideallider
02.04.2024 18:04
GÜLÜŞIME GÜLEÝIN 6.
51. Bir gezek ýatyryn. Okeýana deňize gark bolýanow "Aaaa" edip ýüzjek bolsam dostlarym kelläme oýun edip suw guýupdurlar. Eeee hakykatdanam Awaza gidenýaly boldumow. Barlaýmaň!!!
52. Agşam tuwaleda gidemde telefonymyň çyrasyny ýakyp gidýän. Ýaşamda näme 24, men nä adamdälmi!?
53. - Janam, al azajyk tort iý!
+ Ýok sagbol.
- Al iýäýdä azajyk.
+ Iýjekdäl men agşam 6-dan soň zat iýemok.
- Iýäýdä jan-dogan tortda ýüzük bukup goýdum öýlenesimgelýä saňa!!!
54. - Ejeeee meň gowja kakam barda. Ol meň bilen hezil edip oýnaýaram, multigem görýäs, oýnawaçlaram oýnaýas. Nämçün başga kakalar meň kakamýaly şeýle gowy kaka dälkä?
+ Sebäbi başga kakalar işinde kaska geýýäler!
55. Awtobusda barýan. Bir oglana köp wagt seredipdurdum. Olam maňa seredipdur. Elime telefonymy alyp "Alo kamandir, şol oglany tapdym" diýip eştdirip aýtdym. Nädersiň ýaňky oglan awtobusdan zyňylyp çykaýsa.
56. Iki sany çaga jedelleşýä:
- Meň atam gaty uzyn bolupdur, şu bag ýaly.
+ Meň atam hol dagýaly bolupdyr.
- A meň atam asmana ýetipdir, ýyldyzam alyp bilýän ekeni.
+ A ýyldyzlar ýyljak ekenmi?
- Ýyljak.
+ Togalagammy?
- Togalagam.
+ Onda ol ýyldyzdyr öýdeniňiz meň atamyň dyrnagydyr!
57. - Alo ho jenkam.
+ Seň bilen gürleşesimgelýä.
- Janam men işde ahyry wagtymýoga.
+ Ondada meň saňa aýdasymgelýän gowy hem erbet habarym barda...
- Wagtymýoga gowsyny aýdaý?
+ Bor janam, meň janym sag we paduşka bezapasnost gowy işleýän eken.
58. Bir adam ozerada oturup, güjügi bilen çeňňekli balyk tutup otyr. Birdenem suwdan bir sygyr çykyp:
- Şutaýy Turkiýamaý?
+ Ýok! - diýipdir weli ýaňky sygyr aňryk ýöräp gidiberipdir. Ol adam gapdalyndaky güjügüne haýran galyp aňkarylypdyrweli ol güjügem:
- Nämäňe aňkarýaň, menem tas balagyma göýberipdim!
59. Öňler ýyrtyk jynsylar modady, inni ýyrtyk maýkalar moda, haçan utanmazymýaly ýyrtyk joraplar moda bolarka!?
60. - Degme görsündä multigi, çagadyrda...
+ Zoluşka bolaýşyny, agşam sagat 12-den soň öýe gelýär. Bulam şony öwrenerdä!
61. Biri "Menem bardyryn ýatdan çykarmaň" diýip gygyrypdyr, ol gygyranam Like eken.
Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
44
348
ideallider
30.03.2024 22:12
Gülüşime güleýin 5.
41. Klasdaşlarym bilen oturmaga gitdim, sagat 22:00 töweregi, kakamdan 15 sany nepriniti jaň gelipdir eşitmändirin. Öýe barsam kakam meni ýumurar. Öýe gelip gapyny açyp telefony öz jaýyma zyňdym. Kakam gelip:
- Sen telefony öýde galdyryp gideňok, inniki gezek pola bir zyň, ýardyňa kelläni!!!
42. Damaşna jaň edip:
- Nirdow sen??? - diýýän tanşlamdan aýlanaýyn.
43. Dogtara çüýrük dişini sogurdan çagajygyň ejesi, çagany alyp gitjek bolanda:
- Oglum, dogtara näme diýmeli?
+ Nemäňi nemedeýiniň neme nemesi!!!
44. Gaty şemal turanda horajyk gyz uçup gitdi, entegem gonanok öýdýän.
45. Käwagtlar, käbir adamlary görüp "Eeee, beýnisizem ýaşapbolýan ekenaý" diýip haýran galýanaý.
46. - Ohow dost ýykylaýdyňmy?
+ Ýo bla reska ýere ýatdym!
47. Öýümüzdäki mebelleriň ýerinde duranlygy barlap görmek işi esasanam meň aýagymyň külbike barmagynyň wezipesi.
48. Awtobusda. Bir adam bir çümmük gazet ýyrtyp, togalapjyk aýnadan zyňýar. Yzynda oturan biri hem gyzyklanyp:
- Ýaşuly, nämçün beýdýäň?
+ Pilleri kowýan!
- Otaýda pil ýoga!?
+ Şeýdýänim sebäpli ýokda!
49. Garryja ýaşuly bilen garryja ene düşekde ýatyrlar. Ene:
- Sen haçan soňky gezek meni sypaladyň?...
Ýaşuly elinden sypalapdyr. Ýene ene:
- Soňky gezek haçan meni ogşadyň?...
Ýaşuly enäni ogşapdyr. Ene ýene:
- Haçan soňky gezek gyjynyp meni dişlediň?...
Ýaşuly bu gezek turup ýöräberipdir. Ene bolsa:
- Niräk barýaň???
+ Dişimi almaga!!!
50. Bir jorasy beýleki jorasyndan "atwortka" sorany meni geň galdyrmady ýöne şol jorasy sumkasyndan şol atwortkany çykarany bolsa meni gaty gorkuzdy.
Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
27
341
ideallider
29.03.2024 00:55
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5
51. Bibli-niň(Hristian dininiň mukaddes kitaby) ahyrky sözi "Omyn"
52. Bambuk agajy 24 sagadyň içinde 3metr ösüp bilýär.
53. Ýaponiýada garpyzyň bahasy 100$ çenli ýetip bilýär.
54. Bibli-de diňe 2 jandar, ýagny azdyryjy-ýylan we Walaam eşegi gürläpdir.
55. Owadanlyk esasy zat däl. Ýagny alymlar şeýle barlag geçirip görýärler. Bir erkek adamy, 10 sany owadan, bezegli, kosmetikany köp ulanan ajaýyp gyzlaryň arasyna salyp, şol gyzlaryň birini saýlamagy teklip edýärler. Bu barlag, başga erkek adamlar bilenenem birnäçe gezek gaýtalanýar. Netijede ol erkek adamlaryň hemmesi diýenýaly, iň az kosmetika ulanan, ýönekeýje, ýuwaş, az hereketli gyzy saýlaýarlar.
56. Käte biz düýşümizde nätänyş adamlary görýärs, hem ol adamy biziň aň-düşünjämiz ýasandyr ýada başga sebäpleri bardyr öýdýäs. Emma bu beýledäl. Şol gören adamymyz, biziň, öň haçanam bolsa bir ýerde görüp, ýatda saklamadyk adamymyz.
57. Almaň şänikleri zäherli hasaplanylýar. Sebäbi almaň şäniginiň düzüminde sinil kislotasy bar.
58. Adamlaryň arasyndaky birkemsiz gatnaşyk diýip aşyk-magşuklaryň ynamyna aýtsa bolar.
59. Günüň dowamynda adamyň agzynda ortaça 1,5 litr suwuklyk(başgaça ady bar, owadanlaşdyran boluşum) emele gelýär.
60. Like ýada dislike-sebäbi bilen unutmalyň.
Internet sahypalaryndan jemlän: IDEALLIDER.
30
194
ideallider
26.03.2024 12:23
Gülüşime güleýin 4.
31. - Salam haýwan!?
+ Näme???
- Aýýý seň pişijekdigiňi, towşanjyk ýa guşjagazdygyňy anyk bilmän şeý diýäýdimdä!!!
32. Gelni ärine:
- Iň bolmanda bagşlada diýmediň.
+ Bolýa gülüm bagşla ýalbarýannnn!!!
- Aý bar gümbolsanaý bagşlaň bilen!!!
33. - Eje nämçün gelin restoranda ap-ak geýinýär?
+ Nähili düşündireýin, sebäbi: ak owadan gelişýär, ýene gelin üçin bu gün gowy gün, ol begenýär, ol bagtly...
- Eje. Onda nämçün oglan gara eşikde???...
34. Dostlaryma, söýgülime, ýakynlaryma ýönekeý, biderejik hal-ahwal soraşmak üçin sms ýazdym. Hemmeler bir-erbet zat bolandyr öýtdiler, iň soňundada meni dälirän edip goýdular:)).
35. Hindilerde sygyrlar mukaddes hasaplanylýar. Emma öküzlere ol mukaddeslik bildirenok. Sygyrmy: süýt bersin, gölelije bolsun.
36. - Sen omrüňde heý-bir öwünerýaly bir dogumly birzat, batyrlyk etdiňmi?
+ Howwa!!! Bir gezek algebra sapagynda elimi galdyrdym.
37. Restoranda afisiant, Marydan bolan bir adama:
- Jenap, çemodanyňyzy aşakda goýaýyň!
+ Eeee bu çemodandäl, gapjyk bu gapjyk.
38. Biri oýnamak üçin sagat 12-de başga birine jaň edýär:
- Alýo, şotaýdan bir süri goýun geçdimaý???
+ A nä sen inni öz-sürüňden azaşdyňmy?
39. Iňirdi aýal hyzmatkärini işinden boşadyp kowýar. Hyzmatkär gyz goşlaryny alyp öýden çykjak bolanynda öýdäki güjüge 30 manat oklaýar. Iňirdi aýal geň galyp:
- Bu näme etdigiň???
+ Aladalanmaň gelneje, şu üç aýyň içinde bu itiň tarelkalary ýalap ýuwan halal gazanjy.
40. - Ezizim "Nädip 100 ýyl ýaşamaly" diýen kitabym nirdaý?
+ Ýakdym ýok edip!
- Wi nämçün?
+ Ejeň alyp okajak boldy!!!
Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
47
368