ideallider
02.04.2024 18:04
GÜLÜŞIME GÜLEÝIN 6.

51. Bir gezek ýatyryn. Okeýana deňize gark bolýanow "Aaaa" edip ýüzjek bolsam dostlarym kelläme oýun edip suw guýupdurlar. Eeee hakykatdanam Awaza gidenýaly boldumow. Barlaýmaň!!!

52. Agşam tuwaleda gidemde telefonymyň çyrasyny ýakyp gidýän. Ýaşamda näme 24, men nä adamdälmi!?

53. - Janam, al azajyk tort iý!
+ Ýok sagbol.
- Al iýäýdä azajyk.
+ Iýjekdäl men agşam 6-dan soň zat iýemok.
- Iýäýdä jan-dogan tortda ýüzük bukup goýdum öýlenesimgelýä saňa!!!

54. - Ejeeee meň gowja kakam barda. Ol meň bilen hezil edip oýnaýaram, multigem görýäs, oýnawaçlaram oýnaýas. Nämçün başga kakalar meň kakamýaly şeýle gowy kaka dälkä?
+ Sebäbi başga kakalar işinde kaska geýýäler!

55. Awtobusda barýan. Bir oglana köp wagt seredipdurdum. Olam maňa seredipdur. Elime telefonymy alyp "Alo kamandir, şol oglany tapdym" diýip eştdirip aýtdym. Nädersiň ýaňky oglan awtobusdan zyňylyp çykaýsa.

56. Iki sany çaga jedelleşýä:
- Meň atam gaty uzyn bolupdur, şu bag ýaly.
+ Meň atam hol dagýaly bolupdyr.
- A meň atam asmana ýetipdir, ýyldyzam alyp bilýän ekeni.
+ A ýyldyzlar ýyljak ekenmi?
- Ýyljak.
+ Togalagammy?
- Togalagam.
+ Onda ol ýyldyzdyr öýdeniňiz meň atamyň dyrnagydyr!

57. - Alo ho jenkam.
+ Seň bilen gürleşesimgelýä.
- Janam men işde ahyry wagtymýoga.
+ Ondada meň saňa aýdasymgelýän gowy hem erbet habarym barda...
- Wagtymýoga gowsyny aýdaý?
+ Bor janam, meň janym sag we paduşka bezapasnost gowy işleýän eken.

58. Bir adam ozerada oturup, güjügi bilen çeňňekli balyk tutup otyr. Birdenem suwdan bir sygyr çykyp:
- Şutaýy Turkiýamaý?
+ Ýok! - diýipdir weli ýaňky sygyr aňryk ýöräp gidiberipdir. Ol adam gapdalyndaky güjügüne haýran galyp aňkarylypdyrweli ol güjügem:
- Nämäňe aňkarýaň, menem tas balagyma göýberipdim!

59. Öňler ýyrtyk jynsylar modady, inni ýyrtyk maýkalar moda, haçan utanmazymýaly ýyrtyk joraplar moda bolarka!?

60. - Degme görsündä multigi, çagadyrda...
+ Zoluşka bolaýşyny, agşam sagat 12-den soň öýe gelýär. Bulam şony öwrenerdä!

61. Biri "Menem bardyryn ýatdan çykarmaň" diýip gygyrypdyr, ol gygyranam Like eken.

Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
44
348
nurso
10 Aprel 2024
nurso
10 Aprel 2024
Gumysynyz
ideallider
6 Aprel 2024
@geldiyevna, başarmaz. Goýjak bolsa bireýýäm goýardy. Post goýmak aňsadamweli...😌
ideallider
6 Aprel 2024
@kizi, aý zyýana etmez😁
kizi
5 Aprel 2024
Báh layk aljak bolp setirler yazybam başladyňyzmy
gormegeyje
4 Aprel 2024
55🤣
XL-19
3 Aprel 2024
60 😊
akmyradowna
2 Aprel 2024
🤭😁
danli
2 Aprel 2024
Yyrtyk joraplara bizem garasyas
alma___
2 Aprel 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.