ideallider
04.04.2024 20:18
Durmuşdan ýadap höwesim gaçdy.

Bägül-gelin bu gün işden uzakly gün ýadap öýe geldi. Iş hem iş-dirweli, şol-bir sydyrygyn, ol-günden bu güne meňzeş günler ýöne-ýöne gaýtalanypdur. Agşam 17:00 hem bolsa, inniden soň bu gelin gap-gaçlary, çagalaryň ulularyň eşiklerini ýuwmaly, öňki ýuwulanlary ütüklemeli, nahar bişirmeli, çagalaryň öý-işlerini edişmeli, arassaçylyk, syr-süpür. Ol bolmaşynada ýoldaşynyň keýpi ýok bolup, gaharly bolaýsa ber habary... Janypkeş geliniň başy haçan ýassyga ýeterkä. Ertirem şeýle, gün. Birgünem şeýle gün. Düýnem, öňki gün hem şularýaly gün. Işeňňir Bägül şondada durmuşundan nalanok. Ýadamazam. Sebäbi onuň wepadar, akylly ýoldaşy Allanur hemişe ýanynda. Allanur akylly oglan hem bolsa, olam soňky döwür Bägüle gaty sowaşan. Bägüle üýtgeşik mähirli sözler, gyzgyn-öwgüler, sowgatlar edenok. Bägül bu öýde adamdälde, ýönekeý zat ýaly. Belki, gürrüňini edýän gelnimiz gün-saýyn solýandyr, süllerýändir. Ahyrynda şol bir-günler adamy beter irizýär. Bägül gapydan "Ýa Bissimillah" ätläp girdi, goşlaryny gapdalda goýup, çyrany ýakjak boldy. Şyrk-şyrk. Çyra ýok. Üsde-üsdüne inni tok hem ýok. Bägül "Ufffff" diýip, uludan demini alyp, ýarym-garaňkyda köwşüni çykaryp beýleki jaýa geçdi. Ine täsinlik. Öýüň içi şemler bilen, ýokarsy lentadyr, şarlar bilen, stenalar swetamuzuka bilen, ýörejek ýoly bolsa ýodajyk edilip, indiki otaga eltýän güller bilen bezelipdir. Bägül aňk-taňk bolup, çalajada gorkup "Çagalar" diýip öýe gygyrdy. Çagalaryň hijisi ýok. Gaýtam ol jaýdan Allanur gelip:
— Hormatly hanym-Bägül. Çagalar bu günlikçe atalaryna myhmançylyga gitdiler. Siz we men öýde ýeke. Bu gün bolsa men Allanur, siziň hyzmatyňyzda. Ter gülleri menden size sowgat alyň. Öý işleriň ählisini özüm edişdirdim, gap-gaçlar, eşikler ählisi ýuwulan ütüklenen. — diýip öňünden çykyp çalaja baş egdi we gülleri güler-ýüz bilen uzatdy. Aňrybaş kostýumly, saçy salondan çykan, atyrlardan ýaňa bark-urýan ärini-gören Bägül güli alyp, geňler galyp, gözlerini giňden-açyp synlap durşuna:
— Nämboldygyz!? Bu näme!?
+ Gözel-gyz, sizden haýşt edýän. Ol otaga geçäýeliň, bize stol garaşýar. — diýip Allanur Bägüle ellerini mylaýym uzatdy. Bägül begenip ýylgyryp, nurlanyp oglanyň elinden tutup, uçgynlar syçradyp ol jaýa bardy. Jaýyň orta-arasynda ikiçäk bezelgi stol. Stolda ýene güller, şemler, messaý titanik aýdym ýaňlanýar. Bägül geçip stulda oturjak bolanynda Allanur "Gözel-gyz" diýip ýylgyrdy. Bu ýylgyrşa sakga-duran Bägül Allanurdan gözüni aýyrman synlaýar. Allanur bolsa gelip, söýgülisiniň stulyny çekip, oturtdyda, özi hem nahar başyna geçdi. Soňra Allanur:
— Size aýdasym gelýänzatlar gaty köp, emma gerek sözleri tapmakda siziň göz-gamaşdyrjy owadanlygyňyz meni aljyradýar. — diýip ýylgyrdy hem nahar iýmäge başlady. Elbetde Bägül hem. Bägül özini nähildir bir iň owadan romantiki kinonyň gahrymany ýaly duýup, şeýlebir ýylgyrýardyweli, uludan gülmän zordan saklanýar. Allanur ýene:
— Şondada men pikirimi jemläp size aýtjak bolaýyn. Iň gyzyklysy sizi birinji görenimde, syrly bakyşlaryňyz, uzyn-hem galyň ajaýyp saçyňyz, pisse-dahan dodagyňyz, inçeden aýlawly-bedeniňiz mende üýtgeşik täsir galdyrdy. — diýip ýene naharyny iýmegi dowam etdi. Bägül hem gowja naharlanandygyny aňan Allanur, aýdyymyň sesini çalaja gataldyp:
— Asman-melegi Bägül, sizi tansa çagyrmaga rugsat ediň. — diýip, ýerinden turduda baş egip Bägüle elini uzatdy. Bägül hem öz gezeginde kellesini çala gapdal aşak gyşardyp razylygyny bildirdi. Allanur Bägüliň iki elinden hem tutup, öz egninde ellerini goýup, özi hem gelniniň bilinde ellerini goýup ýuwaşjadan yranypjyk tans edip başladylar. Tans wagty Allanur:
— Janym, saňa duşmagym ömrümdäki iň bagtly günümdi. — diýdi. Är-aýal soňra biraz kino gördüler, wagt bir çene baranyndan soň bolsa uka gitdiler.

Awtory: IDEALLIDER.
21
218
ayymsha
5 Aprel 2024
@ideallider, bolýa 😊
ideallider
5 Aprel 2024
@ayymsha, adaty. Ýagny üýtgeşik reňklerde meselem älemgoşar öwüsgünde ýa açyk gök fonda bolsa has beter owadan bolardy🙂
ayymsha
5 Aprel 2024
@ideallider, Surat hakda pikiriňiz nähili?
ayymsha
5 Aprel 2024
@Perman__, hawala 😊
ideallider
5 Aprel 2024
@ayymsha, mmm. Ok🙂
ayymsha
5 Aprel 2024
@ideallider, suratyň gözlegine çykdym
ayymsha
5 Aprel 2024
@Perman__, meňem gaharym gelmedä 😁
ideallider
5 Aprel 2024
@ayymsha, aý tapylarda bir gownüňize ýakyn surat duşarda🙂👍
ayymsha
5 Aprel 2024
@Perman__, salam uborka hiçle. Begenibem edersiň uborkany
ayymsha
5 Aprel 2024
@ideallider, hawa ýöne nähili surat goýjagymy bilemok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.