HangeldiAkbayew
22.10.2020 19:13

Timon-taze türkmen degismeler portaly!


Öz minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Tsoltanov

Merdan_user

Emin creative


Ýüklemek üçin: https://play.google.com/store/apps/details?id=app.timon.degishmeler
9
116
HangeldiAkbayew
21.10.2020 16:08
0
0
HangeldiAkbayew
21.10.2020 15:10
Medeniýetli aýalyndan ärine sms: "Sögünç sözler bilen haýş edýän öýe gel!"
15
295
HangeldiAkbayew
20.10.2020 18:45
Ykbalyň öz islegine garşy söýmäge mejbur eden adamyň ýigrenjinden has güýçli ýigrenç ýokdyr!
13
76
HangeldiAkbayew
20.10.2020 18:39
Facebook” şereketi kärhanalaryň isleýän“Messenger API” programmasyny Instagrama birleşdirýär. Häzirki wagtda ýapyk beta tapgyrynda alnyp barylýan synaglar kärhanalar bilen sarp edijileriň arasynda Instagram aragatnaşygyny güýçlendirer. Awtomatiki jogap ulgamynyň kömegi bilen, sarp ediji başdan geçirýän meselesiniň çözgüdini aňsatlyk bilen tapyp biler.


Bütindünýä jemgyýetçiliginiň elektron metbugat boýunça ägirt şereketi hasaplanýan  “Facebook” kompaniýasynyň  hyzmatlaryny birleşdirmek syýasaty eýýäm belli bir hakykat. Bu ugurda hiç hili ädim ätmeýän kompaniýa öz işlerine täzelik goşdy. Kompaniýa, ýygy-ýygydan kärhanalar tarapyndan ulanylýan “Messenger API” programmasyny Instagram üçin elýeterli etdi. Bu ýagdaý, Instagramda täze döwrüň başlajakdygyny görkezýär.
Facebook” kompaniýasy  “Messenger API” programmasyny Instagram üçin elýeterli etmeklik bilen, kärhanalara awtomatiki jogap bermäge mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda ýapyk beta görnüşinde bolan bu aýratynlyk geljekde ähli kärhanalar üçin elýeterli bolar.

Facebook” şereketiniň Instagram bilen birleşdirjek “Messenger API” programmasy kärhanalara awtomatiki habarlary döretmäge mümkinçilik berer. Şonuň netijesinde-de, önümçilik kärhanalary sarp edijiler bilen derrew habarlaşyp bilerler. Özbaşdak düzülen habarlar köp kärhanalar üçin möhüm artykmaçlyklary hödürlär. Bu bolsa, Instagramyň kem-kemden elektron söwda platformasyna öwrülmeginiň tebigy netijesidir.

Facebook” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “Messenger API” programmasyny Instagrama birikdirmeklik işewürleriň müşderi aragatnaşyk ulgamlaryny gowulandyrar. Şeýlelik bilen, kärhanalar beýleki iş platformalary ýaly Instagramda-da hünär ulgamyna duş gelerler. 

Instagrama birleşdirilen “Messenger API” programmasy häzirki wagtda käbir kärhanalar bilen işjeň synagdan geçirilýär. Bu kärhanalaryň arasynda “Adidas”, “H&M”, “Sephora”, “Amaro”, “Nars”, “Maýkl Kors” we “Glossier” ýaly meşhur şereketler bar. Ýeri gelende aýtsak, bu aýratynlygyň ýapyk beta prosesiniň näçe wagt dowam etjekdigi we ähli kärhanalaryň bu hyzmatdan haçan peýdalanyp biljekdigi entek belli däl.

Taýýarlan: Hangeldiakbayew
5
300
HangeldiAkbayew
19.10.2020 11:27
Elinde gowy kitaby bolan adam hiç wagt ýalňyz bolup bilmez.

 Karlo Goldoni
12
53
HangeldiAkbayew
17.10.2020 23:01
Salam hormatly agzalarymyz!

Onki we hazirki goyulýan habarlar  baradaky pikirlerinizi aydaysanyz!

Hangeldiakbayew
14
69
HangeldiAkbayew
16.10.2020 21:37
Counterpoint Technology Market Research tarapyndan neşir edilen täze hasabata görä, Samsung 2020-nji ýylyň awgust aýynda smartfon pudagynda öňdebaryjy boldy.  Häkimiýetini ýitirmegi dowam etdirýän Huawei ikinji, Apple üçünji ýerde durýar.

Gözleg firmasy bolan “CounterpointTechnology Market Research” smartfon pudagynda soňky ýagdaýy görkezýän täze hasabat çap etdi.  2020-nji ýylyň aprelinde we 2020-nji ýylyň awgustynda öndürijileriň bazar paýlaryny deňeşdirýän hasabatda güýji ýitiren we bu pudakdaky bazar paýyny artdyran kompaniýalar görkezilýär.

Hasabata görä, Huawei-iň smartfon bazaryndaky paýy awgust aýynyň ahyrynda şol ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 5% -den 16% -e çenli azaldy.  Hytaý kompaniýasy 2020-nji ýylyň aprelinde birinji, awgust aýynda ikinji ýerde durýar.  “Huawei” -iň pese gaçmagy “Samsung” -a 22% göterim bilen liderligi täzeden almaga mümkinçilik berdi.

Counterpoint Research” -iň hasabatyna görä, “Apple” 12% paýy bilen ilkinji üç öndürijiniň hataryna girýär.  “Apple” -iň gapdalynda aprel aýynda 8 göterim paýyny 11 göterime çenli ýokarlandyran Hytaýyň başga bir öndürijisi “Xiaomi” 4-nji ýerde durýar.

Hünärmenler Huawei-iň smartfon pudagynda pese gaçmagyny we geljek ýyl iň uly smartfon öndürijileriniň sanawynda 7-nji orna düşjekdigine ynanýarlar.  Hytaý kompaniýasynyň günsaýyn ýitmegi, bäsdeşleriniň bazardaky ornuny berkitmegine sebäp bolar.

 Beýleki tarapdan, 4-nji çärýegiň ahyrynda “iPhone 12” seriýalynyň çykmagy bilen “Apple” -iň paýynyň artmagyna garaşylýar.  “IPhone 12”, täzelikleriň ýoklugy we zarýad berijiniň gutudan çykmaýandygy sebäpli köp tankytlara sezewar edilse-de, täsirli satuw sanlaryna ýeter.

Günorta Koreýanyň öndürijisi “Samsung” -a gelsek,
2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde ajaýyp ösüşi görkezendigini aýdyp bileris.  Kompaniýa, girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu çärýekde ortaça 58% artyp, 10,6 milliard dollara çenli ýokarlanjakdygyny çaklady.  Şeýle hem kompaniýanyň girdejisiniň takmynan 5% ýokarlanyp, 57 milliard dollara ýetendigi habar berildi.

Taýýarlan: Hangeldiakbayew

Çeşme:
http://www.webtekno.com/ucuncu-ceyrek-akilli-telefon-satislarinda-lider-samsung-h100808.html​​​
9
522
HangeldiAkbayew
HangeldiAkbayew
15.10.2020 19:53
Möwsümiň ilkinji “El Klaosy” 24-nji oktýabrda oýnalar ​​​​Futbol janköýerleriniň iň eý görýän duşuşygy bolan “El Klao” duşuşygy geljek hepdäniň şenbe güni oýnalar. Möwsümiň ilkinji “El Klaosy”
HangeldiAkbayew
HangeldiAkbayew
14.10.2020 19:57
Ronaldodan öňe geçdi, indi diňe Pele galdy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Braziliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Perunyň ýygyndysyny 4-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 3 gol geçiren