2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon satuwynda öňdebaryjy Kompaniýa "SamsunG" boldy!
Counterpoint Technology Market Research tarapyndan neşir edilen täze hasabata görä,
Samsung 2020-nji ýylyň awgust aýynda smartfon pudagynda öňdebaryjy boldy. Häkimiýetini ýitirmegi dowam etdirýän
Huawei ikinji,
Apple üçünji ýerde durýar.
Gözleg firmasy bolan “
CounterpointTechnology Market Research” smartfon pudagynda soňky ýagdaýy görkezýän täze hasabat çap etdi. 2020-nji ýylyň aprelinde we 2020-nji ýylyň awgustynda öndürijileriň bazar paýlaryny deňeşdirýän hasabatda güýji ýitiren we bu pudakdaky bazar paýyny artdyran kompaniýalar görkezilýär.
Hasabata görä,
Huawei-iň smartfon bazaryndaky paýy awgust aýynyň ahyrynda şol ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 5% -den 16% -e çenli azaldy. Hytaý kompaniýasy 2020-nji ýylyň aprelinde birinji, awgust aýynda ikinji ýerde durýar. “
Huawei” -iň pese gaçmagy “
Samsung” -a 22% göterim bilen liderligi täzeden almaga mümkinçilik berdi.
“
Counterpoint Research” -iň hasabatyna görä, “
Apple” 12% paýy bilen ilkinji üç öndürijiniň hataryna girýär. “
Apple” -iň gapdalynda aprel aýynda 8 göterim paýyny 11 göterime çenli ýokarlandyran Hytaýyň başga bir öndürijisi “
Xiaomi” 4-nji ýerde durýar.
Hünärmenler
Huawei-iň smartfon pudagynda pese gaçmagyny we geljek ýyl iň uly smartfon öndürijileriniň sanawynda 7-nji orna düşjekdigine ynanýarlar. Hytaý kompaniýasynyň günsaýyn ýitmegi, bäsdeşleriniň bazardaky ornuny berkitmegine sebäp bolar.
Beýleki tarapdan, 4-nji çärýegiň ahyrynda “
iPhone 12” seriýalynyň çykmagy bilen “
Apple” -iň paýynyň artmagyna garaşylýar. “
IPhone 12”, täzelikleriň ýoklugy we zarýad berijiniň gutudan çykmaýandygy sebäpli köp tankytlara sezewar edilse-de, täsirli satuw sanlaryna ýeter.
Günorta Koreýanyň öndürijisi “
Samsung” -a gelsek,
2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde ajaýyp ösüşi görkezendigini aýdyp bileris. Kompaniýa, girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu çärýekde ortaça 58% artyp,
10,6 milliard dollara çenli ýokarlanjakdygyny çaklady. Şeýle hem kompaniýanyň girdejisiniň takmynan 5% ýokarlanyp,
57 milliard dollara ýetendigi habar berildi.
Taýýarlan: Hangeldiakbayew
Çeşme:
http://www.webtekno.com/ucuncu-ceyrek-akilli-telefon-satislarinda-lider-samsung-h100808.html