HangeldiAkbayew
24.08.2020 12:18
Prezident Wladimir Putin Russiýa dünýäde ilkinji bolup koronawirusa garşy waksinasyny bellige alandygyny aýtdyBütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 garşy sanjymyň hasaba alynmagy barada Moskwa bilen maslahatlaşýar. Kliniki Barlaglar Guramalarynyň Assosiasiýasy Russiýada koronawirusa garşy işlenip düzülen ilkinji sanjymyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny üstünlikli tamamlanýança yza süýşürilmelidigini aýtdy. Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko anna güni rus sanjymynyň tankyt edilmeginiň "gözleglerden has köp maglumat almalydygy" bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. "Ýakyn günlerde, mümkin duşenbe gününe çenli, kliniki gözlegler baradaky maglumatlar çap ediler" diýdi.
Russiýada geçirilen pikir soraşyk lukmanlaryň koronawirus waksinasyna ynamsyzdygyny görkezýär. Lukmanlar Gamaleýa merkezinde döredilen sanjymyň netijeliligi ýeterlik derejede subut edilmedi diýip hasaplaýar.
AP News habarlar gullugy Russiýanyň ýaňy-ýakynda COVID-19 waksinasyny (sanjymyny) taýýarlandygyny habar berýär. Emma bu waksinanyň heniz diňe barlaglaryň 3-nji tapgyryndadygy beýleki ýurtlary aladalandyrýar.
Prezident Wladimir Putin Moskwanyň Gamaleýa Instituty tarapyndan taýýarlanan waksinanyň howpsuzdygyny nygtaýar. Putiniň öz gyzlarynyň biri hem waksinany sançdyryp görüpdir.
Emma welin, adatça birnäçe aý alýan 3-nji tapgyr barlaglaryny gysga wagtda geçirmek ýaramaz netijeleri berip bilýär. Awgustyň başyna çenli 100-den köp adamyň resmi taýdan waksinany sançdyrandygyny Kliniki Barlaglar Guramalarynyň Assosiasiýasy (the Association of Clinical Trials Organizations, AСTO) saglyk ministrligine ýazan hatynda belleýär.
Şeýle-de, alymlar Russiýanyň hereketleriniň halkara neşirýat standartlaryny laýyk gelmeýändigini soraga çekýärler. Çünki Russiýa waksinanyň 2-nji tapgyr barlaglarynyň netijelerini resenzirlenen (syn ýazylan) žurnalda çap etmedi.
"Näme üçin ähli korporasiýalar düzgünlere görä hereket edýärler, emma Russiýaňkylar etmeýär? Kliniki barlaglary geçirmegiň düzgünleri örän anyk we berk düzülen ahyry. Munuň ‘daşy jäjek, içi möjek’ ýaly görünýär. Biz halkara derejede tassyklanmadyk waksinany aljak adamlara näme boljagyny bilmeýäris" diýip, ACTO-nyň ýerine ýetiriji müdiri Swetlana Zawidowa belleýär.
Washington Post habarlar gullugy bu barada şeýle diýýär: Russiýanyň waksina çykarmakda birinjilige çapmagy onuň islendik ýaryşda her zat edip birinji ýeri eýelemäge bolan isleginden gaýdýar. Meselem, 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy ilkinji bolup Sputnik V emeli hemrasyny äleme uçurdy we global älem ýaryşyny başlatdy.

Taýýarlan: Hangeldi Akbaýew
6
929
HangeldiAkbayew
24.08.2020 06:56

"BAWARIYA" çempionlar ligasynyň Ýeňijisi boldy!

Lissabonda geçen duşuşykda ýeke-täk pökgini «PSŽ-niň» öňki oýunçysy Kingsli Koman 59-njy minutda tora gönükdirdi.
Bu ýeňiş «Bawariýanyň» taryhynda Çempionlar ligasynda altynjy ýeňşidir. Ýeňiş sany babatda ol iňlisleriň «Liwerpul» kluby bilen üçünji orunda ýerleşýär. Birinji ýerde Madridiň «Realy» (13) we Italiýanyň «Milany» (7) ýerleşýär.

©Sport
8
68
HangeldiAkbayew
23.08.2020 18:50
Häzirki wagtda bütin dünýäde tehnologiýanyň ösüş depginine haýran galmaýan adam ýok bolsa gerek. Hem dünýä ülňüleriniň talaby sebäpli hem-de adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmek maksady bilen birnäçe ulgamlar we edaralar öz hyzmatlaryny sanly ulgamda halka ýetirmäge ýykgyn edýärler. Bu aýdylanlara mysal hökmünde ýurdumyzdaky käbir üýtgeşmeleri görkezmek bolar. Esasan hem söwdaulgamynda gazanylan öňegidişlikler has uludyr. Meselem, öňler ulag edinmek isleýän adam belli bir aralygy aşyp, diňe kesgitli wagtlarda satlyk bolan ulaglary görüp bilýän bolsa, indi bu mesele ortaça ýagdaýdaky ykjam enjamlar bilen kösençsiz çözülýär.
Şol bir wagtyň özünde şeýle öňegidişlikler gündelik durmuşymyza käbir ýaramaz täsirleri hem ýetirýär. Olaryň iň esasysy bolsa saglygymyza ýetirýän zyýanydyr. Emma biz bu ýazgyda siziň bilen temamyza ýakyn meseleleriň biri bolan howpsuzlyk barada gürleşmekçi.
Biziň üçin ýönekeý harplar we sanlar bolup görünýän şahsy maglumatlarymyz başgalar üçin uly baýlyk. Adamlaryň maglumatlaryndan many çykarmak bolýar. Meselem, bir adamyň suratyny köp görýän egin-eşiginden peýdalanyp, haýsy kompaniýanyň önümini ýa-da haýsy reňki halaýandygyny bilmek bolýar. Bu maglumatlar soňra adama görä sazlanan mahabatlandyrma işlerinde ulanylýar. Bu sebäpli «Facebook» ýaly käbir ulgamlaryň ulanyjylarynyň maglumatlaryny başgalara satmagy känbir geň galdyryjy bolmasa gerek. Maglumatlar aslynda has erbet ýagdaýlara-da getirip bilýär. Meselem, biziň bank hasabymyzyň maglumatlarynyň başgalaryň eline düşmegi iň aýylganç ýagdaýlaryň biridir.
Ulanyjy hökmünde howpsuzlygy saklamak üçin biziň edip biljek zadymyz örän akyllylyk bilen howpsuz açarsözler ýasamakdyr. Käbirleriniň «Näsagyň ýagdaýyna şol keseli başyndan geçiren has gowy düşüner» diýşi ýaly, bizem, geliň, howpsuz açarsöz ýasamagy öwrenmekden ozal maglumat ogurlaýjy hakerleriň açarsözleri bilmek üçin ulanýan tilsimlerine seredip göreliň.
Bu çozuşda kompýuter programmasyna açarsöze degişli bolup biläýjek ähli mümkinçilikleri barlamak ýumşy berilýär. Has düşnükli bolar ýaly, geliň, durmuşda duş gelmeýän we örän sada açarsözleri mysal hökmünde alalyň. Eger biziň açarsözümiz iki harply bolsa, onda kompýuter programmasy aşakdaky ýaly hemme ähtimallyklary bir-birden barlap çykýar:
aa, ab, aç, ad, …, ba, bb, bç, …, a1, a2, …, a!, a@, …
2012-nji ýylda berlen maglumata görä, islendik sekiz harply açarsözi alty sagadyň dowamynda tapyp biljek kompýuterler bar.
Edil ady ýaly bolup, öz-özünden düşnükli we aňsat usul. Bu çozuşda belli bir diliň sözlügi ulanylyp, açarsöz hökmünde sözlükdäki ähli sözler barlanyp görülýär.
Meselem: aba, abadan, abadançylyk, …, zyýarat, zyýaratçy, …
Bu çozuşdan goranmagyň iň gowy ýoly kompýuteriň güýji ýetmez ýaly birnäçe sözi bilelikde ulanmakdyr:
Meselem: MeniňŞahsyAçarsözüm
Bu adamlaryň iň köp aldanýan usulydyr. Bu çozuşda ulanyjyny ýalan elektron hatlar we sahypalar bilen aldawa salýarlar. Meselem, size lotoreýa geçirilendigi we şol lotoreýada siziňem utandygyňyz barada hat gelýär. Hatda sizden bank hasabyňyzyň maglumatlaryny ýollamagyňyz soralyp, şeýle ýagdaýda size puluň geçiriljekdigi aýdylýar. Bu ýagdaýa aldanan adamyň maglumaty arka tarapda sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan kiberkriminalyň eline düşýär.
Indi kibernetiki çozuşlara azda-kände düşünen bolsaňyz gerek. Geliň, indi bolsa güýçli açarsöz ýasamagyň ýollaryny öwreneliň.
Meşhur açarsözlerden gaça durmak gerek. Olardan käbiri:
123456, qwerty, 11111111, password, 123123, 000000.
Bulardan başga-da size we töweregiňize belli açasözlerden daşda duruň.
Goranmak üçin aşakdaky tilsimleri ulanyň:
  1. Uzyn açarsöz ýasaň. Sebäbi açarsözüňiz uzyn boldugyça, kompýuter üçin ony bilmek kynlaşýar.
  2. Harplary garyşdyryň. Baş we setir harplary, şol sanda sanlary hem garyň. Meselem: MeNiŇ1aÇaRsÖzÜm.
  3. Meşhur klawiatura yzygiderliliklerini ulanmaň. Meselemler: qwerty, 123456, asdf.
Ýokardaky tilsimleri berjaý etmek bilen bir hatarda aşakdaly usullary ulanmak we berlen maslahatlara eýermek arkaly has-da güýli açarsözler ýasap bilersiňiz.


Meşhur usullar we maslahatlar

  1. Öz şahsy durmuşyňyza degişli bir uzyn sözlem düzüň.
  2. Her sözüň ilkinji iki harpyny birleşdirip açarsöz ýasaň.
Meselem:
Sözlem: Men Owrenmek Üçin «Owrenmeli» Sahypasyna Girýärin.
Açarsöz: MeOwÜçOwSaGi
Bu usulyň gowy tarapy ýatda galyjylygydyr.
Käbir internet sahypalary açarsözleri kriptografik prosesden geçirip, şifrlenen görnüşde maglumat binýatlarynda saklaýarlar. Bu görnüşdäki açarsözler ynamdar däl adamyň eline düşäýende-de, hiç hili işe ýaramaýar. Ýöne, gynansak-da, bu usuly ulanmaýan internet sahypalaryna häzir hem duşmak bolýar. Şol sebäpli açarsözümizi kime ynanýandygymyza üns bermelidiris.
Esasan hem töleg ulgamlarynda ynanýan hyzmatymyzyň dünýäde howpsuzlyk babatda bellenen ölçeglere nä derejede laýyk gelýändigini barlamak gerek. Meselem, internet sahypasynyň howpsuz aragatnaşyk gurnamak üçin «https» ýaly protokollary ulanyp ulanmaýandygyny barlamak zerurdyr.
Eger bu agzalanlar ulanýan hyzmatyňyzda ýok bolsa, onda siziň şahsy maglumatlaryňyz barada alada etmegiňiz gerek.
Iki-faktor ýa-da köp-faktor autentifikasiýa ulanmak arkaly biz ulanýan ulgamymyz bilen özümiziň aramyza ýene-de birnäçe gatlak goşýarys. Bu gatlaklardan doly geçmek üçin diňe açarsözüni bilmek ýeterlik däl. Bu ulgam siziň açarsözüňizden daşary aşakdaky maglumatlaryň hem birini ulanmak bilen siziň hakykatdanam sizdigiňizi anyklaýar:
2FA we MFA has çalt ösýän, meşhur usullardyr. Size bu barada has köp maglumat edinmegi maslahat berýäris.
Açarsöz dolandyryjy siziň ýeriňize ähli açarsözleri ýatda saklaýar. Muňa görä, biziň ýeke-täk etmeli zadymyz diňe açarsöz dolandyryjynyň açarsözüni ýatda saklamakdyr. Bu dolandyryjyny ulanyp, uzyn we adamlar tarapyndan toslanmajak açarsözler ýasamak bolýar. Gowy tarapy bolsa, şol çylşyrymly we uzyn açarsözleri ýat tutmak kösenji biziň jogapkärçiligimizden aýrylýar. Bize diňe dolandyryjynyň açarsözüni ýat tutaýmak galýar.
Howpsuzlygy üpjün etmek maglumat dünýäsinde alnyp barylýan iň uly işleriň biridir. Şol sebäpli bu ugurda gazanylan öňegidişlikler hem uludyr. Bu ugra degişlilikde düşünjämizi giňeltmegimiz geljekde internet bilen özümiziň aramyzdaky baglanyşygy sagdyn saklamaga ýardam berer.

Taýýarlan: Hangeldi Akbaýew
14
1 448
HangeldiAkbayew
23.08.2020 12:32
Göz lukmany, oftalmohirurg Andreý Sorokin öz blogynda göreji gowulandyrmak üçin iýmit rasionyna hökman girizilmeli bolan peýdaly önümleri sanap geçdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Ysmanak. Onuň iň esasy gowy tarapy — gözi Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goraýan lýutein antioksidantynyň barlygy. Ysmanagyň düzüminde foliý turşusy, beta-karotin, C, K witaminleri, B topary, magniý we kaliý hem saklanýar.
Çernika göreji uky wagtynda gowulandyrýan antosianlary saklaýar. Miwe antioksidantlara, A, C witaminlerine we şöhle ýetmezçiligi şertlerinde göreji uýgunlaşdyrmaga kömek edýän sinke hem baý. Mundan başga-da, çernikada “kataraktanyň güýçlenmeginiň öňüni alýan” E witamini hem saklanýar.
Ýumurtga. Hünärmeniň aýtmagyna görä, ýumurtganyň sarysy iki sany “göz” antioksidantynyň – lýuteiniň we zeaksantiniň çeşmesidir.
“Pigmentleriň ikisi hem gözüň iýmit goldawyny üpjün edýär – birinji nobatda, setçatkany zeper ýetmeden goraýar. Mundan başga-da, ýumurtga A, B2, B5, B12 we E witaminlerini, şeýle-de foliý turşusy, seleni, kalsiýni, demiri, kaliýni, sinki, magniýni, hakyky beloklary we “gowy ýaglary” saklaýar – diýip, Andreý Sorokin özüniň You-Tube kanalynda habar berdi.
Zeýtun ýagy. Peýdaly doýgun däl ýagly kislotalardan başga, onda antioksidantlar – A prowitamini we E witamini hem bar. “Birinji göreji berkidýär we gowulandyrýar, ikinji bolsa gözüň işine oňyn täsir edýär” – diýip, lukman belleýär we zeýtun ýagynyň köp bolmadyk möçberini ulanmagyň gözüň setçatkasy bilen bagly keseli bolan adamlara aýratyn maslahat berilýändigini hem sözüniň üstüne goşýar.
Ýagly balyk. Tunes, losos ýa-da skumbriýa gözüň setçatkasy üçin möhüm bolan doýgun däl Omega-3 ýagly kislotanyň örän gowy çeşmesidir. “Omega-3-iň ýetmezçiligi gury göz alamatyny ýüze çykaryp bilýär. Eger-de siz balygy halamaýan bolsaňyz, ýagly kislotalary zygyr ýa-da zeýtun ýagyndan hem tapmak bolar” – diýip, hünärmen belleýär.
Mindal “sary tegmiliň degenerasiýa hadysasyny togtadýan” E witaminini saklaýar. Bir gysym hoz (pisse hem bolup biler) bu witaminiň maslahat berlen bir gije-gündizki normasynyň ýarysyny saklaýar.
Pomidor – C witamininiň we sary tegmiliň degenerasiýasyny (“garry adamlarda görejiň ýitmeginiň esasy sebäbi”) togtadýan likopiniň çeşmesi. “Ýöne bu gök önümi termiki işlerinden soň ulanmak has gowy, sebäbi şondan soň onda likopin köp bolýar. Ter pomidorlary stola almazdan öň, olara zeýtun ýagynyň uly bolmadyk mukdaryny guýuň” – diýip, Andreý Sorokin maslahat berýär.
Käşir – özünde beta-karotini saklamak boýunça liderleriň biri. Onda A witaminiň bardygyny hem bellemek gerek: ol sary tegmiliň degenerasiýasy howpuny 50% peseldýär, şeýle-de “gözi nemlendirýän gorag neminiň çykarylmagyny ýokarlandyrýar”.
Brokkol – göz üçin köptaraply kömekçi. Ol göz üçin ähli gerek bolan maddalara – lýuteine, zeaksantina, B2, C witaminlerine hem-de güýçli antioksidant sulforafana baý. Bu maddalar göreji ýaş bilen bagly näsazlyklardan goraýar diýip, göz lukmany aýdýar.

Taýýarlan: Akbaýew Hangeldi
32
1 805
HangeldiAkbayew
23.08.2020 11:15
Messi hem milliarder bolar
Häzirki wagtda “Barselonada” galyp-galmajakdygy gümana bolan super ýyldyz Lionel Messi eger-de galaýan ýagdaýynda onuň girdejisi 1 milliard dollardan geçer. Bu barada Forbes žurnaly habar berýär. Messi 2020-2021 möwsümini “Barselonada” tamamlan ýagdaýynda onuň karýerasy boýunça umumy toplan girdejisi 1 milliard dollara ýeter. Şeýlelikde, ol 1 milliard dollar gazanan 2-nji futbolçy, 4-nji türgen bolar. Mälim bolşy ýaly, futbolçylardan Kristiano Ronaldonyň umumy girdejisi şu ýyl 1 milliard dollara ýetipdi. Ondan ozal bolsa, golfçy Taýger Wuds bilen boksçy Floýd Meýwezeriň girdejileri-de 1 milliard dollardan geçipdi.
8
199
HangeldiAkbayew
23.08.2020 08:30
Ine bugun doglan gunum!
  23.08.2020ý
Sylaýanlar sagbolun!
  Imoda we Paýlaşda gutlag sözleriňiz üçin!
16
118
HangeldiAkbayew
22.08.2020 00:50
Birgün şuwagtky meseleleriňe gülersiň..
5
30
HangeldiAkbayew
21.08.2020 15:04
TOEFL – bu, edil IELTS ýaly, iňlis dilini biliş derejäňi ölçeýän halkara synagdyr. Onuň doly ady «Test Of English as a Foreign Language» bolup, «Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy» diýmegi aňladýar. 1960-njy ýyllaryň başlarynda Amerikadaky ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da okamaga dalaşgär, daşary ýurtly talyplaryň iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen ýüze çykýar. Stanford uniwersitetinde taýynlanan synagyň administrasiýasy başda birnäçe gezek guramalaryň arasynda üýtgäp, soňra 1973-nji ýylda «ETS» (Educational Testing Service) TOEFL synagynyň ýeke-täk administratiw guramasy bolýar.
Häzirki ýagdaýda TOEFL 165 ýurtda 4500-den gowrak synag merkezleri tarapyndan kabul edilýär. Başda çykan wagty el bilen ýazyp jogaplanýan ýa-da kagyz görnüşinde (PBT: Paper Based Test), düzülen synag soňy bilen kompýuterde hem jogaplanýan görnüşde (CBT: Computer Based Test) we 2005-nji ýyldan bäri bolsa internet arkaly jogaplanýan görnüşlerde hödürlenýär (IBT: Internet Based Test).
2006-njy ýyldan bäri CBT, ýagny kompýuter görnüşli synag geçirilmeýär we onuň netijeleri güýjüni ýitirdi. Käbir ýurtlarda PBT dowam edýän bolsa-da, IBT esasy synag görnüşi bolmagynda galýar.
 
TOEFL IBT jemi 4 bölümden ybarat:
Reading – Okap düşünmek bölümi ortaça 700 sözden ybarat bolan 3-5 aralygynda tekstden we ahyrynda her tekste degişli soraglardan ybarat. Tekstler akademiki tematikaly bolýar we köplenç ýokary okuw jaýynda birinji ýylda okadylýan kitaplarda oňa meňzeşleri tapylýar. Tekstler esasan sebäp-netije, deňeşdirme-degşirme we argumentasiýa ýaly söz bilimi funksiýalaryna düşünmäge ukyplylygyňy barlaýar. TOEFL IBT-däki täze sorag görnüşlerinde tablisa doldurmak ýa-da jemleme görkezmek hem talap edilýär. Dogry jogaby bilmek üçin tema barada öňden maglumata eýe bolmak hökman däl.
Listening – Diňläp düşünmek bölümi her biri 3-5 minut aralygyndaky 6 sany ses ýazgysyndan ybarat. Bu böleklerde iki sany okuwçy özara gepleşýär, dört sany akademigiň arasynda leksiýa ýa-da diskusiýa bolýar. Iki adamyň arasyndaky gepleşikler talyp bilen mugallymyň ýa-da administrasiýa işgäriniň bolup geçýär. Leksiýalarda bolsa esasan akademiki leksiýanyň bir bölegi berilýär we içinde diňleýjiler bilen lektoryň arasynda diskusiýalar hem geçip bilýär. Geçilýän leksiýanyň ýa-da diskusiýanyň temasy barada öňden maglumata eýe bolmak hökman däl. Her bölek diňe bir gezek diňledilýär, synaga girýänler bellik alyp, synagy jogaplanlarynda öz belliklerine ýüz tutup bilýärler. Her gürrüňdeşlik böleginiň ahyrynda 5 sany sorag berilýär, leksiýalaryň ahyrynda bolsa 6 sany sorag berilýär. Soraglar umumy pikire düşünmek, möhüm jikme-jiklikleri bellemek, gürleýän kişiniň maksadyny we garaýşyny anyklamak ýaly birnäçe ukybyňy barlaýar.
Speaking – Gepleşik bölümi 6 sany bölekden ybarat: iki özbaşdak we dört sany netijelendirmek bölegi. Iki sany özbaşdak bölekde synaga gatnaşýanlar tanyş temalara degişli soraglara öz pikirleri bilen jogap bermeli. Olar bu bölekde jogap berenlerinde, öz ideýalaryny dury we yzygiderli ýagdaýda beýan edişleri bilen synalýarlar. Netijelendirmek bölekleriniň ikisinde synaga girýänler kiçi tekst okaýarlar we akademiki leksiýa ýa-da talyp durmuşy barada gepleşik diňleýärler. Berlen soraglara tekst bilen gepleşikden alnan garyşyk görnüşli maglumatlar bilen jogap berýärler. Galan iki sany netijelendirmek böleginde synaga girýänler akademiki leksiýa ýa-da talyp durmuşy barada gepleşigi diňleýärler we eşiden zatlary barada soraglara jogap berýärler. Netijelendirmek böleginde synaga girýänleriň okalan we diňlenen materiallardan gerekli maglumatlary almak we täsirli jogap bermek ukyplary barlanýar. Synaga girýänler bellik alyp bilýärler we jogap berenlerinde öz belliklerinden peýdalanyp bilýärler. Jogaplaryň ählisi ýazga alynýar we «ETS» synag gullugynyň «Online Scoring Network» ulgamyna, ýagny «Onlaýn baha beriş» merkezine iberilýär.
Writing – Ýazuw bölüminde synaga girýäniň akademiki tematikada ýazuw ukyby barlanýar. Ol jemi iki sany bölekden ybarat: netijelendirmek bölegi we özbaşdak bölek. Netijelendirmek böleginde synaga girýänler akademiki tematikada bir tekst okaýarlar we şol tema degişli diskusiýa diňleýärler. Synaga girýänler diňlenen materialdaky esasy meseleler bilen okalan tekstdäki meseleleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirip kiçiräk tekst ýazýarlar. Özbaşdak bölekde bolsa synaga girýänler bir pikir barada öz garaýyşlaryny düşündirýän we öz garaýyşlaryny goldaýan argumentler görkezýän ýazuw işini ýazýarlar. Jogaplar «ETS» synag gullugynyň «Onlaýn baha beriş» merkezine iberilýär we işlere 4 sany barlagçy tarapyndan baha berilýär.
Wagt: «Reading» bölümi 3-5 tekstden ybarat bolup, her tekstiň ahyrynda 12-14 sany sorag bar, muňa 60-100 minut berilýär. «Listening» bölümi 6-9 bölekden ybarat bolup, her bölekde 5-6 sany sorag bar, muňa 60-90 minut berilýär. 10 minutlyk arakesmä çykylýar. «Speaking» bölümi 6 bölekden ybarat bolup, muňa 20 minut berilýär. «Writing» bölümi bolsa 2 bölekden ybarat bolup, muňa 50 minut berilýär.
Netijeler: TOEFL IBT synagynda her bölüm üçin 0-30 aralygynda baha berilýär. Umumy baha dört bölüme degişli bahanyň jemi esasynda çykarylýar we umumy baha 0-120 bal aralygynda bolýar.
Testiň haýsy hem bolsa bir bölegi goşmaça bolup, onuň netijeleri hasaba alynmaýar. «ETS» geljekki soraglara ugrukdyrmak maksady bilen goşmaça materiallary goşýar. Synaga gatnaşýanlara uzyn bölüm berlende, olar ähli soraglara deň derejede üns bermeli, sebäbi olar haýsy soragyň artykmaçdygyny we hasaba alynmajakdygyny bilmeýärler. Meselem, eger-de synagda «Reading» bölüminde 3 tekstiň ýerine 4 tekst bar bolsa, onda olaryň haýsy hem bolsa biri goşmaça berlendir, ýöne olaryň islendik biri hasaba alynmaýan bolup biler.
Paper-Delivered Test. Internet görnüşli synagyň internet ýa-da kompýuter meseleleri sebäpli elýeterli bolmadyk ýerinde TOEFL PDT alynýar. Onda edil IBT-niň netijelendirilişi ýaly netijelendirilýän «Listening», «Reading» we «Writing» bölümleri bar.
Paper-Based Test. TOEFL synagynyň kagyz görnüşli warianty bolup, PBT 2017-nji ýyla çenli PDT bilen orny çalşyrylýança hereket edýärdi.
Netijeler synag gününden başlap iki ýyl möhlet bilen ulanylyp bilinýär.
 
Bölümler:
  1. Listening (30-40 minut). Bu bölüm 3 bölekden durýar. Birinji bölek gysga gepleşikler barada, 30 soragdan ybarat. Ikinji bölek uzyn gepleşikler barada, 8 soragdan durýar. Iň soňky bölek bolsa leksiýalar ýa-da gürrüňdeşlikler barada, 12 soragy özünde jemleýär.
  2. Structure and Written Expression (25 minut). Bu bölümde sözlemleri dogry doldurmak barada 15 sany ýumuş we ýalňyş tapmak barada 25 sany gönükme berilýär.
  3. Reading Comprehension (55 minut). Bu bölüm okalmaly tekstler barada, 50 soragdan ybarat.
  4. Writing (30 minut). TOEFL synagynyň PBT görnüşinde ýazuw bölümi hem bar. Bu bölümde bir sorag berilýär we şol soraga 250-300 söz aralygynda düzme ýazmaly.
Jemi PBT baly 310 bilen 677 bal aralygynda bolýar we ol üç sany bölümiň netijeleri esasynda hasaplanýar: «Listening» (31-68), «Structure» (31-68), «Reading» (31-67). CBT görnüşinden tapawutlylykda, bu synagyň ýazuw bölüminiň netijeleri jemi bala goşulman aýratyn hasaplanýar we ol 0 bal bilen 6 bal aralygynda netijelendirilýär.
TOEFL PBT 2017-nji ýylyň maý aýynyň soňlarynda güýjüni ýitirdi we onuň ýerine synagyň internet görnüşi elýeterli bolmadyk ýerleri üçin niýetlenen TOEFL PDT ulanylýar.
Bellik: Kabul edilýän iň pes TOEFL IBT baly:  61.

Taýýarlan: Hangeldi Akbaýew!
12
895
HangeldiAkbayew
20.08.2020 14:30
IMO programmasy barada
Häzirki wagtda internet ulanyjylarynyň arasynda habarlaşmak üçin iň köp ulanylýan programmalarynyň biri IMO diýsek ýalňyşmarys. Makalamyzyň bu gezekki sanynda okyjylarymyza IMO hakynda giňişleýin gürrüň bermegi makul bildik.

IMO näme?
IMO – internet arkaly online ýazyşmak(çatlaşmak) üçin niýetlenen mobil programma üpjünçiligi.

IMO-ny nireden  indirmek bolar?
Ony telefonyň degişliligine laýyklykda “Android” operasion ulgamly telefonlar üçin “PlayMarket”-den, “IOS” operasion ulgamly telefonlar üçin bolsa “AppStore”-dan indirip ýükläp bolar.

IMO-nyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem barmy?
Hawa, bar. Soňky wagtlarda IMO programmasynyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem çykdy. Ony internetden indirmek bolar.

IMO kim tarapyndan oýlanyp tapyldy we şu wagt kime degişli?
Internet maglumatlaryna görä, ol “Palo Alto” kompaniýasynda, “Google” kompaniýasynyň ilkinji 10 işgärleriniň biri bolan Georges Harik tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Ilkibada ol meşhur çat serwislerini birikdirýän ýönekeý serwis hökmünde işläpdir. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ol öz başyna aýratyn habarlaşmak programmasyna öwrülipdir.

Häzirki wagtda IMO-nyň eýeleri jigi-dogan Georges Harik we Ralph Harik diýlip internet çeşmelerinde aýdylýar
Jigi-dogan: Ralph Harik we Georges Harik

IMO programmasynyň nähili mümkinçilikleri bar?

IMO ulanyjylara şu mümkinçilikleri berýär:

Tekst habarlary ibermek we kabul etmek (ýazyşmak)


Sesli habarlary ibermek we kabul etmek (audio jaňlar)


Wideo habarlary ibermek we kabul etmek (wideo jaňlar)


Surat we wideo ýüklemek we olary ibermek (multimediýa faýllary ibermek)


Paýlaşylan pursatlary (история, лента) görmek (dostlaryňyzyň we dostlaryňyzyň dostlarynyň paýlaşylan pursatlaryny görmek)


Birnäçe adam bilen birbada konferensiýa arkaly habarlaşmak


Ýokarda agzalan mümkinçilikleriň ählisi ýokary hilde hyzmat edýär. Meselem, IMO-da dostuňyz bilen audio jaň arkaly gürleşseňiz, hakyky jaňlaşylan ýaly hili ýokary bolýar.

IMO-nyň ulanylyşy kynmy ýa-da aňsat? Işleýşi nähili?
 Ulanmasy aňsat, işleýşi ýeňil. Emma, ýeňil işlemegine garamazdan, käbir ulanyjylaryň bellemegine görä, IMO ulanylanda telefonlary käte haýallaýar.

IMO – täze programma bolup,  döredijileri ony gün-günden has kämilleşdirýärler we tiz-tizden onuň maglumatlar binýadyny täzeläp (обновление) durýarlar.

IMO-nyň işleýiş prinsipi nähili? Dostlaryňyz (kontaklar) nireden çykýar?
  Haçan-da siz biriniň telefon belgisini öz telefonyňyzyň ýadyna (kontaktyna) goşsaňyz we şol kişiniň IMO-da hasaby (kontakty) bar bolsa, IMO awtomatiki usulda şol hasaby  siziň IMO-ňyza goşar we dostlaryňyzyň arasynda peýda bolar.

Eger-de goşmak isleýän adamyňyzyň IMO hasaby sizde ýok bolsa, onda onuň telefon belgisini gözletmek arkaly öz IMO-daky dostlaryňyzyň arasyna goşup bilersiňiz.

IMO-ny ulanmak töleglimi?
   IMO programmasy tölegsiz. IMO-ny ulanan mahalyňyz diňe internet puluňyz gider.

IMO-da üns berilmeli zatlar
   Habarlaşmak üçin ulanylýan beýleki programmalardan tapawutlylykda, IMO-da çatda ýazyşyp otyrkaňyz, ähli ýazýan simwollaryňyz onlaýn görnüşde garşyňyzdaky adama (dostuňyza) görünýändir. Ibereniňizden soň däl, ýazyp otyrkaňyz harpma-harp, nokatma-nokat sohbetdeşiňize görünýär;

 
IMO-da üns berilmeli zatlaryň dowamy we beýleki peýdaly gurnamalar barada giňişleýin indiki sanymyzda hökman ýazarys.

Taýýarlan: Akbayew Hangeldi
0

Makalamyz göwnuňize ýaradymy?

17
3 695
HangeldiAkbayew
20.08.2020 10:47

iPhone 11 dünýäniň iň köp satylan smartfony boldy
Apple-iň «iPhone 11» smartfony dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly iň köp satylan smartfon boldy. «Counterpoint-iň» berýän maglumatyna görä, telefon ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Angliýa we Germaniýa boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýar.
     Bu barada dni24.com habar berýär.

Öň Apple-iň özi telefonyň Hytaý bazaryndaky öňdebaryjylygy habar berilýän satuw hasabatyny köpçülige ýetiripdi. “IPhone 11” ähli ýerli smartfonlardan, şol sanda “Xiaomi” we “Huawei” enjamlaryndan öňe geçmegi başardy. Onuň bilen ýeke-täk çynlakaý bäsdeş "Oppo A8" boldy. Şeýle hem, “Counterpoint” “Honor 9X”-iň Hytaýda ilkinji üçlüge girendigini habar berdi.

 ABŞ-da hem “iPhone 11”-e uly isleg bildirilýär. “Apple” önümleri eýýäm dördünji nesil smartfonlary peýda bolaly bäri, satylyşy boýunça ABŞ-nyň bazarynda öňdebaryjylygy saklap gelýär. “IPhone 5S” çykandan soň, onuň bilen bäsdeşleriniň arasyndaky tapawut, takmynan, 60% boldy.

 Şu ýyl “iPhone 12”-niň hödürlenmegine garaşylýar. Ol 5G maglumat geçiriş tehnologiýasyny goldaýan ilkinji “Apple” smartfony bolar. Bu model 5,4 dýuým diagonally soňky ýyllaryň iň kiçi displeýini alyp biler.

Taýýarlan: Hangeldi Akbaýew
7
460