Häzirki wagtda internet ulanyjylarynyň arasynda habarlaşmak üçin iň köp ulanylýan programmalarynyň biri IMO diýsek ýalňyşmarys. Makalamyzyň bu gezekki sanynda okyjylarymyza IMO hakynda giňişleýin gürrüň bermegi makul bildik.
IMO näme?IMO – internet arkaly online ýazyşmak(çatlaşmak) üçin niýetlenen mobil programma üpjünçiligi.
IMO-ny nireden indirmek bolar?Ony telefonyň degişliligine laýyklykda “Android” operasion ulgamly telefonlar üçin “PlayMarket”-den, “IOS” operasion ulgamly telefonlar üçin bolsa “AppStore”-dan indirip ýükläp bolar.
IMO-nyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem barmy?Hawa, bar. Soňky wagtlarda IMO programmasynyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşi hem çykdy. Ony internetden indirmek bolar.
IMO kim tarapyndan oýlanyp tapyldy we şu wagt kime degişli?Internet maglumatlaryna görä, ol “Palo Alto” kompaniýasynda, “Google” kompaniýasynyň ilkinji 10 işgärleriniň biri bolan Georges Harik tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Ilkibada ol meşhur çat serwislerini birikdirýän ýönekeý serwis hökmünde işläpdir. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ol öz başyna aýratyn habarlaşmak programmasyna öwrülipdir.
Häzirki wagtda IMO-nyň eýeleri jigi-dogan Georges Harik we Ralph Harik diýlip internet çeşmelerinde aýdylýar
Jigi-dogan: Ralph Harik we Georges Harik
IMO programmasynyň nähili mümkinçilikleri bar?IMO ulanyjylara şu mümkinçilikleri berýär:Tekst habarlary ibermek we kabul etmek (ýazyşmak)
Sesli habarlary ibermek we kabul etmek (audio jaňlar)
Wideo habarlary ibermek we kabul etmek (wideo jaňlar)
Surat we wideo ýüklemek we olary ibermek (multimediýa faýllary ibermek)
Paýlaşylan pursatlary (история, лента) görmek (dostlaryňyzyň we dostlaryňyzyň dostlarynyň paýlaşylan pursatlaryny görmek)
Birnäçe adam bilen birbada konferensiýa arkaly habarlaşmak
Ýokarda agzalan mümkinçilikleriň ählisi ýokary hilde hyzmat edýär. Meselem, IMO-da dostuňyz bilen audio jaň arkaly gürleşseňiz, hakyky jaňlaşylan ýaly hili ýokary bolýar.
IMO-nyň ulanylyşy kynmy ýa-da aňsat? Işleýşi nähili? Ulanmasy aňsat, işleýşi ýeňil. Emma, ýeňil işlemegine garamazdan, käbir ulanyjylaryň bellemegine görä, IMO ulanylanda telefonlary käte haýallaýar.
IMO – täze programma bolup, döredijileri ony gün-günden has kämilleşdirýärler we tiz-tizden onuň maglumatlar binýadyny täzeläp (обновление) durýarlar.
IMO-nyň işleýiş prinsipi nähili? Dostlaryňyz (kontaklar) nireden çykýar?
Haçan-da siz biriniň telefon belgisini öz telefonyňyzyň ýadyna (kontaktyna) goşsaňyz we şol kişiniň IMO-da hasaby (kontakty) bar bolsa, IMO awtomatiki usulda şol hasaby siziň IMO-ňyza goşar we dostlaryňyzyň arasynda peýda bolar.
Eger-de goşmak isleýän adamyňyzyň IMO hasaby sizde ýok bolsa, onda onuň telefon belgisini gözletmek arkaly öz IMO-daky dostlaryňyzyň arasyna goşup bilersiňiz.
IMO-ny ulanmak töleglimi? IMO programmasy tölegsiz. IMO-ny ulanan mahalyňyz diňe internet puluňyz gider.
IMO-da üns berilmeli zatlar Habarlaşmak üçin ulanylýan beýleki programmalardan tapawutlylykda, IMO-da çatda ýazyşyp otyrkaňyz, ähli ýazýan simwollaryňyz onlaýn görnüşde garşyňyzdaky adama (dostuňyza) görünýändir. Ibereniňizden soň däl, ýazyp otyrkaňyz harpma-harp, nokatma-nokat sohbetdeşiňize görünýär;
IMO-da üns berilmeli zatlaryň dowamy we beýleki peýdaly gurnamalar barada giňişleýin indiki sanymyzda hökman ýazarys.Taýýarlan: Akbayew Hangeldi