Häzirki wagtda bütin dünýäde tehnologiýanyň ösüş depginine haýran galmaýan adam ýok bolsa gerek. Hem dünýä ülňüleriniň talaby sebäpli hem-de adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmek maksady bilen birnäçe ulgamlar we edaralar öz hyzmatlaryny sanly ulgamda halka ýetirmäge ýykgyn edýärler. Bu aýdylanlara mysal hökmünde ýurdumyzdaky käbir üýtgeşmeleri görkezmek bolar. Esasan hem
söwdaulgamynda gazanylan öňegidişlikler has uludyr. Meselem, öňler ulag edinmek isleýän adam belli bir aralygy aşyp, diňe kesgitli wagtlarda satlyk bolan ulaglary görüp bilýän bolsa, indi bu mesele ortaça ýagdaýdaky ykjam enjamlar bilen kösençsiz çözülýär.
Şol bir wagtyň özünde şeýle öňegidişlikler gündelik durmuşymyza käbir ýaramaz täsirleri hem ýetirýär. Olaryň iň esasysy bolsa saglygymyza ýetirýän zyýanydyr. Emma biz bu ýazgyda siziň bilen temamyza ýakyn meseleleriň biri bolan
howpsuzlyk barada gürleşmekçi.
Biziň üçin ýönekeý harplar we sanlar bolup görünýän
şahsy maglumatlarymyz başgalar üçin uly baýlyk. Adamlaryň maglumatlaryndan many çykarmak bolýar. Meselem, bir adamyň suratyny köp görýän egin-eşiginden peýdalanyp, haýsy kompaniýanyň önümini ýa-da haýsy reňki halaýandygyny bilmek bolýar. Bu maglumatlar soňra adama görä sazlanan
mahabatlandyrma işlerinde ulanylýar. Bu sebäpli «Facebook» ýaly käbir ulgamlaryň ulanyjylarynyň maglumatlaryny başgalara satmagy känbir geň galdyryjy bolmasa gerek. Maglumatlar aslynda has erbet ýagdaýlara-da getirip bilýär. Meselem, biziň bank hasabymyzyň maglumatlarynyň başgalaryň eline düşmegi iň aýylganç ýagdaýlaryň biridir.
Ulanyjy hökmünde howpsuzlygy saklamak üçin biziň edip biljek zadymyz örän akyllylyk bilen howpsuz açarsözler ýasamakdyr. Käbirleriniň «Näsagyň ýagdaýyna şol keseli başyndan geçiren has gowy düşüner» diýşi ýaly, bizem, geliň, howpsuz açarsöz ýasamagy öwrenmekden ozal maglumat ogurlaýjy hakerleriň açarsözleri bilmek üçin ulanýan tilsimlerine seredip göreliň.
Bu çozuşda kompýuter programmasyna açarsöze degişli bolup biläýjek ähli mümkinçilikleri barlamak ýumşy berilýär. Has düşnükli bolar ýaly, geliň, durmuşda duş gelmeýän we örän sada açarsözleri mysal hökmünde alalyň. Eger biziň açarsözümiz iki harply bolsa, onda kompýuter programmasy aşakdaky ýaly hemme ähtimallyklary bir-birden barlap çykýar:
aa, ab, aç, ad, …, ba, bb, bç, …, a1, a2, …, a!, a@, …2012-nji ýylda berlen maglumata görä, islendik sekiz harply açarsözi alty sagadyň dowamynda tapyp biljek kompýuterler bar.
Edil ady ýaly bolup, öz-özünden düşnükli we aňsat usul. Bu çozuşda belli bir diliň sözlügi ulanylyp, açarsöz hökmünde sözlükdäki ähli sözler barlanyp görülýär.
Meselem:
aba, abadan, abadançylyk, …, zyýarat, zyýaratçy, …Bu çozuşdan goranmagyň iň gowy ýoly kompýuteriň güýji ýetmez ýaly birnäçe sözi bilelikde ulanmakdyr:
Meselem:
MeniňŞahsyAçarsözümBu adamlaryň iň köp aldanýan usulydyr. Bu çozuşda ulanyjyny ýalan elektron hatlar we sahypalar bilen aldawa salýarlar. Meselem, size lotoreýa geçirilendigi we şol lotoreýada siziňem utandygyňyz barada hat gelýär. Hatda sizden bank hasabyňyzyň maglumatlaryny ýollamagyňyz soralyp, şeýle ýagdaýda size puluň geçiriljekdigi aýdylýar. Bu ýagdaýa aldanan adamyň maglumaty arka tarapda sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan kiberkriminalyň eline düşýär.
Indi kibernetiki çozuşlara azda-kände düşünen bolsaňyz gerek. Geliň, indi bolsa güýçli açarsöz ýasamagyň ýollaryny öwreneliň.
- Meşhur açarsözlerden daşda dur!
Meşhur açarsözlerden gaça durmak gerek. Olardan käbiri:
123456, qwerty, 11111111, password, 123123, 000000.Bulardan başga-da size we töweregiňize belli açasözlerden daşda duruň.
- «Brute force attackdan» goran!
Goranmak üçin aşakdaky tilsimleri ulanyň:
- Uzyn açarsöz ýasaň. Sebäbi açarsözüňiz uzyn boldugyça, kompýuter üçin ony bilmek kynlaşýar.
- Harplary garyşdyryň. Baş we setir harplary, şol sanda sanlary hem garyň. Meselem: MeNiŇ1aÇaRsÖzÜm.
- Meşhur klawiatura yzygiderliliklerini ulanmaň. Meselemler: qwerty, 123456, asdf.
Ýokardaky tilsimleri berjaý etmek bilen bir hatarda aşakdaly usullary ulanmak we berlen maslahatlara eýermek arkaly has-da güýli açarsözler ýasap bilersiňiz.
Meşhur usullar we maslahatlar
- Öz şahsy durmuşyňyza degişli bir uzyn sözlem düzüň.
- Her sözüň ilkinji iki harpyny birleşdirip açarsöz ýasaň.
Meselem:
Sözlem:
Men Owrenmek Üçin «Owrenmeli» Sahypasyna Girýärin.
Açarsöz:
MeOwÜçOwSaGiBu usulyň gowy tarapy ýatda galyjylygydyr.
- Kime ynanýandygyňyza üns beriň
Käbir internet sahypalary açarsözleri kriptografik prosesden geçirip, şifrlenen görnüşde maglumat binýatlarynda saklaýarlar. Bu görnüşdäki açarsözler ynamdar däl adamyň eline düşäýende-de, hiç hili işe ýaramaýar. Ýöne, gynansak-da, bu usuly ulanmaýan internet sahypalaryna häzir hem duşmak bolýar. Şol sebäpli açarsözümizi kime ynanýandygymyza üns bermelidiris.
Esasan hem töleg ulgamlarynda ynanýan hyzmatymyzyň dünýäde howpsuzlyk babatda bellenen ölçeglere nä derejede laýyk gelýändigini barlamak gerek. Meselem, internet sahypasynyň howpsuz aragatnaşyk gurnamak üçin «
https» ýaly protokollary ulanyp ulanmaýandygyny barlamak zerurdyr.
Eger bu agzalanlar ulanýan hyzmatyňyzda ýok bolsa, onda siziň şahsy maglumatlaryňyz barada alada etmegiňiz gerek.
- Iki-faktor autentifikasiýa (2FA ýa-da MFA)
Iki-faktor ýa-da köp-faktor autentifikasiýa ulanmak arkaly biz ulanýan ulgamymyz bilen özümiziň aramyza ýene-de birnäçe gatlak goşýarys. Bu gatlaklardan doly geçmek üçin diňe açarsözüni bilmek ýeterlik däl. Bu ulgam siziň açarsözüňizden daşary aşakdaky maglumatlaryň hem birini ulanmak bilen siziň hakykatdanam sizdigiňizi anyklaýar:
- Telefon belgiňize ugradylan kod
- Biometriýa (barmak yzy, göz barlagy)
- Fleşka (USB) görnüşinde ýasalan fiziki enjam
2FA we MFA has çalt ösýän, meşhur usullardyr. Size bu barada has köp maglumat edinmegi maslahat berýäris.
- Açarsöz dolandyryjy ulanyň
Açarsöz dolandyryjy siziň ýeriňize ähli açarsözleri ýatda saklaýar. Muňa görä, biziň ýeke-täk etmeli zadymyz diňe açarsöz dolandyryjynyň açarsözüni ýatda saklamakdyr. Bu dolandyryjyny ulanyp, uzyn we adamlar tarapyndan toslanmajak açarsözler ýasamak bolýar. Gowy tarapy bolsa, şol çylşyrymly we uzyn açarsözleri ýat tutmak kösenji biziň jogapkärçiligimizden aýrylýar. Bize diňe dolandyryjynyň açarsözüni ýat tutaýmak galýar.
Howpsuzlygy üpjün etmek maglumat dünýäsinde alnyp barylýan iň uly işleriň biridir. Şol sebäpli bu ugurda gazanylan öňegidişlikler hem uludyr. Bu ugra degişlilikde düşünjämizi giňeltmegimiz geljekde internet bilen özümiziň aramyzdaky baglanyşygy sagdyn saklamaga ýardam berer.
Taýýarlan: Hangeldi Akbaýew