Guller___
10.10.2024 18:53
Balyklar garaňkyda görýärmi?
Gün şöhlesi deňziň 200-300 metr çuňlugyna çenli ýetýär. Soňra bolsa kem-kemden azalyp başlaýar. Suwdan deňziň düýbüne gidildigiçe diňe yşyk azalmak bilen çäklenmän, basyş güýji hem ýokarlanýar. Ýagny islendik jisimiň suwuň düýbüne çümmegi üçin örän agyr bolmagy gerek. Bolmasa deňziň basyşy ony ýokarlygyna, suwuň akymy bolsa kenara itip çykarýar. Deňiz suwunyň düzüminde duzuň mukdarynyň köp bolandygy üçin dykyz bolup, oňa çümmek aňsat däl. Bulara garamazdan, ummanlaryň has çuň ýerlerinde hem janly-jandarlaryň köp görnüşi, şol sanda balyklar ýaşaýar. Tüm garaňkylyk bolan suwda ýaşaýan jandarlaryň her biriniň aýratyn görüş ukyby bar. Bu jandarlaryň käbiriniň bedeni tutuşlygyna ýa-da belli bir bölegi ýagtylyk saçýar. Şeýlelikde, awuny özüne çekip, aňsatlyk bilen tutýar. Käbirleri bolsa, suwda basyşyň üýtgändigini duýýar we golaýyna nähili ululykdaky jandaryň gelendigini aňýar. Deňiz jandarlarynyň köpüsi ses we ys almak arkaly beýleki jandarlaryň bardygyny aňýar. Ses suwda açyk howadakydan has çalt ýaýraýar. Bu bolsa, balyklara aňsatlyk bilen aw etmäge mümkinçilik berýär. Deňiz jandarlarynyň köp görnüşiniň bedeni aýna ýaly bolup, özüne gelýän örän az mukdardaky yşygy yzyna serpikdirmek arkaly garaňkyda görüş ukybyny artdyrýar. Ýagny deňziň çuňluklarynda ýaşaýan balyklaryň görmeýäni hem bar, örän az görýäni hem. Ummanyň dürli çuňluk gatlaklarynda dürlüçe ýaşaýyş bar.
8
36
Guller___
08.10.2024 19:19
Mätäç eýleme!
Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!
Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga,
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme!
Namart köprüsinden ölsem geçmez men,
Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men,
Elinden bir käse şerap içmez men,
Sag elim sol ele mätäç eýleme!
Ýagşy niýet – senden dilegim köpdür,
Ajy sözler dilden çykan bir okdur,
Doganyň dogana bahasy ýokdur,
Agany inige mätäç eýleme!
Magtymguly, hakdan dile baryny,
Dilär bolsaň, dile öz imanyňy,
Abat eýle iki gözüm nuryny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!
Magtymguly Pyragy
9
64
Guller___
08.10.2024 02:38
At İslärin
Kerem etseň, kadyr alla,
Düňýälikden at islärin.
Talygym ukuda galmyş,
Bir açylmyş bagt islärin.
Ýoksuzluk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Halal ryzk ber, kesp bildir,
Kimiýa atlyg ot islärin.
Ýalan dünýäde ýörmäge,
Döwlet ber, aşret sürmäge,
Ömür ekläp, gün görmäge,
Segsen ýyl pursat islärin.
Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,
Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,
Feridun bir öwlüýädir,
Baryndan hümmet islärin.
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet islärin.
Magtymguly Pyragy
8
45
Guller___
07.10.2024 19:26
Arşy aglaýa
Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň,
Adyň asman gider arşy aglaýa.
Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň,
Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa.
Eýrana gylyç ur, ýörüt sypahy,
Başyňda berk bolsun döwlet kulahy,
Humaýun dagynda şirleriň şahy,
Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa.
Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen,
Rumustan beýnisi, döwüň biri sen.
Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,
Guştasp ogly dek belli belaýa.
Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr,
Dost işiňe hoşwagt, duşman haýrandyr,
Ykbalyň açylar, işiň döwrandyr,
Merhemet nazaryň salsaň bir jaýa.
Pyragy diýr, rowaç biýr sen, sen dini,
Şalaryň şalary, yslamyň zeýňi,
Emriňe mutyg et Eýran zemini,
Ruz-u şeb nalyşym budur Hudaýa.
Magtymguly Pyragy
6
92
Guller___
06.10.2024 23:54
Atça bolmaz
Haryň işi hardyr, dostlar,
Müň magtasaň, atça bolmaz.
Bedasyla emel ýetse,
Biliň, asylzadça bolmaz.
Pany dünýäge ynanmaň,
Altyn-kümüşe guwanmaň,
Giýewlere köňül bermäň, —
Bir dogan zürýatça bolmaz.
Köp ýollarny görse gözüň,
Her magnydan bilseň ozüň,
Bir nadana aýdan sözüň
Ösüp giden badça bolmaz.
Başyň ýassyga ýetende,
Sabyr, karar bolmaz sende.
Güýjüň-kuwwatyň gidende,
Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.
Magtymguly, ajap çaglar,
Kimse güler, kimse aglar,
Dürli miwe beren baglar
Sowular, jennetçe bolmaz.
Magtymguly Pyragy
9
46
Guller___
06.10.2024 10:13
Gözlemeýin bolarmy?
Bir käkilik aldyrsa zürýe balasyn,
Saýraý-saýraý, gözlemeýin bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,
Hasratyndan sözlemeýin bolarmy?
Kürresi elinden gitse eşegiň,
Telmuryp tört ýana, gözlär uşagyn,
Akmaýa aldyrsa elden köşegin,
Bagryn bozup, bozlamaýyn bolarmy?
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,
Bala sesin diňläp, salar gulagyn,
Döke-döke gözýaşynyň bulagyň.
Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?
Agsagyň elinden alsaň agajyn,
Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,
Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,
Jojugyny gizlemeýin bolarmy?
Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar görmeýen ajal hilesin,
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?
Magtymguly Pyragy
12
35
Guller___
05.10.2024 23:39
Näme sen?!
Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!
Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!
Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!
Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!
Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!
Magtymguly Pyragy
11
92
Guller___
04.10.2024 15:44
Gözel sen
Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen!
Ussa Jagfar işi, senjap jüppesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!
Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,
Aýn-al baky suwnuň laýy, gözel sen!
Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,
Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyň taýy, gözel sen!
Her kim güýçli bolsa, oňa “pir” diýrler,
“Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler,
“Gawunuň ýagşysyn şagal iýr” diýrler,
Ýkbally bendäniň paýy, gözel sen!
Owazyň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,
Seni görenleriň akly çaşasy,
Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,
Suraýy çilimniň naýy, gözel sen!
Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese,
Owalda, ahyrda eýäm gözlese,
Garyp biçäräniň paýy, gözel sen!
Magtymguly Pyragy
7
15