Guller___
07.10.2024 19:26
Arşy aglaýa

Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň,
Adyň asman gider arşy aglaýa.
Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň,
Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa.

Eýrana gylyç ur, ýörüt sypahy,
Başyňda berk bolsun döwlet kulahy,
Humaýun dagynda şirleriň şahy,
Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa.

Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen,
Rumustan beýnisi, döwüň biri sen.
Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,
Guştasp ogly dek belli belaýa.

Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr,
Dost işiňe hoşwagt, duşman haýrandyr,
Ykbalyň açylar, işiň döwrandyr,
Merhemet nazaryň salsaň bir jaýa.

Pyragy diýr, rowaç biýr sen, sen dini,
Şalaryň şalary, yslamyň zeýňi,
Emriňe mutyg et Eýran zemini,
Ruz-u şeb nalyşym budur Hudaýa.

Magtymguly Pyragy
6
92
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, beladeýt onna saňa 🙄
matsuriken
7 Oktýabr 2024
Dörtmuçlak 3D bilýäs KUB diýip aslynda şoň keramatly Käbe (Kaab) dan gelip çykanny bilýäňizmi meselem???
olia
7 Oktýabr 2024
@matsuriken, goni sho dowurde Eyran diyendirler oydemok
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, Iran - Eýran... Ämin - Omyn. Tawaf - Togap, Sawab - Sogap, Sabr - Sabyr... başga? Araplardaky kahwa iňlislere cofee bolup geçen... Arap dili hemme dilede söz beren dil hasaplanýa... Pars dilem şonýaly köp dillere söz beripdir...
olia
7 Oktýabr 2024
@matsuriken, 🤦🏻‍♀️🤦🏻‍♀️
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, Başga dilden bir söz alynanda öz diliniň äheňine görä maslaşdyrlan.
olia
7 Oktýabr 2024
@matsuriken, o dowurde hazirki turkmen dili yokdy. Umuman Magtymguly ilkinji bolup adaty halkyn dilinde goshgy yazypdyr diyipdiler, shona cenli goshgylar parsca yazylanmysh
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, persia ýewropalylaň oýlap tapan sözi (fars dan ňelip çykan)
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, bilende näme goşgylarny göni parsça ýazsynmy? 🤦🏻‍♂️
olia
7 Oktýabr 2024
@matsuriken, mena Magtymguly parsca bilen diyip bilyan. Son goni Eyran diymeza
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.