Guller___
05.10.2024 23:39
Näme sen?!

Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

Magtymguly Pyragy
11
92
timm
6 Oktýabr 2024
Goşgyda ýüze çykan soraglar arkaly şahyr söýgüli kişisini göz bilen görmese-de, onuň içki duýgularynda we pikirlerinde mydama orun alandygyny beýan edýär. Bu goşgy, türkmen poeziýasynyň duýgy çuňlugyny görkezýän täsin eserlerden biridir.

ChatGPT

timm
6 Oktýabr 2024
Magtymgulynyň "NÄME SEN?" goşgusy şahyryň duýgy we hyýallarynyň çuňňur beýany bolup, onuň ýar-yaryna bolan söýgüsini, hasratyny we başa-baş bolan düşünjelerini suratlandyrýar. Goşgyda Magtymguly, söýgüli kişisine dürli zatlar bilen meňzetmeler berýär we onuň nähili bir täsin zadyň bolandygyny sorag görnüşinde ýüze çykarýar. Şeýle soraglar söýginiň näçe çylşyrymly we düşünmesi kyn bir duýgy bolup durýandygyny görkezýär.

ChatGPT

timm
6 Oktýabr 2024
@olia, menem Yaradana bagyshlanan diyip bilyan sebabi her durli keshbe salyarda.
timm
6 Oktýabr 2024
@olia, hawa
olia
6 Oktýabr 2024
@timm, bir kinodamy birzatda Magtymguly gyza okap berýän bolmaly şu goşgyny🤔
olia
6 Oktýabr 2024
@ideallider, Ýaradana bagyşlanan diýipdi biri kimdigi ýadymda ýok
timm
6 Oktýabr 2024
Yone koplerin anynda ornapdyr gyza bagyshlanan diyip bilyarler adamlar kabirleri
timm
6 Oktýabr 2024
Bashynda aytyara asla seni gormemishem dildarym diyip
timm
6 Oktýabr 2024
@olia, gyza bagyshlanan dala bu goshgy
ideallider
6 Oktýabr 2024
@olia, howwa. Menem eşitdim. Umuman biz aňly-düşünjeli ynsanlar dünýäniň ýeketägidäl, bizden başga jandarlar hem bar. Şol näbelli janly Magtymgulynyň ýanyna baranynda hatda ol hem aň ýetirip bilmändir diýip okapdym.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.