Guljeren
26.07.2021 20:43
TOÝ GUTLAGY
Gowudyr toýlañ bary,
Nika toýy gowudyr.
Gözbaşydyr durmuşyñ,
Oglanlygyñ soñudyr.
Gelniñ bilen bileje
Bu durmuşa ätlärsiñ.
Oñuşyk başa düşer,
Eklänleri ýatlarsyñ.
Iki ýürek bir bolar,
Iki bolsañ ýeñildir.
Ykbalyñyz birleşer,
Birleşdirýän köñüldir.
Ene size guwanar,
Gülüp-oýnap gezseñiz.
Ata size ynanar,
Synaglara dözseñiz.
Bir-birege guwanyñ,
Derek bakar derege.
Dakylsyn nika ýüzük,
Barmaga däl, ýürege!
15
109
Guljeren
14.03.2020 02:06
MEN NIRÄ HOWLUGÝAN ?!
Ir säher. Men ýene ýol bilen barýan,
Gyssanmaç işleriň ýyndam atynda.
Şu pursat ýatladym, guýnan çaýymam
Galan eken öýde, saçak başynda.
Ine-de, duralga. Onuň çetinde,
Bir gözel dur, gözelleriň serweri.
Sagat soran bolup, ýol soran bolup,
Lak atyp soňuny görübermeli.
Bilýäňiz, men weli juda howlukmaç,
Ýetişjek däl işe, ünsümi sowsam.
Şujagaz pursatda meniň bolşuma,
Söýgiň göwni galan dälmidir eýsem.
Elleri torbaly, zordan çybşyldap,
Ine-de, bir goja barýar öňümden.
Ýene-de gyssandym, gözüm ýumdum-da,
Geçip gitdim ýagşylygyň deňinden.
«Dur-la, ho-ol görünýän dostum ýaly-la»,
Olam meni gördi sähel sägindem.
Men weli howlugyp, başym atdym-da,
Geçiberdim onuň aňyrragyndan.
Birdenem ýapyldy köçäň çatrygy,
Bu nämekä?! Dowul düşdi köňlüme.
Görsem gölegçiler geçip barýarlar,
Bir agaç tabydy alyp egnine.
Doňup galypdyryn, oýlar içinde,
Sowurdym wagtymam asla gysganman.
Hemem sowal berdim özüm-özüme
«Sözlesene, ömrüm, nirä gyssanýaň?»
14
693
Guljeren
14.03.2020 02:03
Sabyr
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Berdinazar Hudaynazarow
10
167
Guljeren
09.03.2020 23:26
Talyplyk dowri barada degismeli gosgyjyk
Yagmyr yagyar, yene howa sowayar. ?
Yapraklar saralyar, şemal güyjeyär. ??
Gaytalanyar ine her yylky yagday?
Wagt hem göryäñmi gaty tijenyär?
Sizihä bilmedim diñe mendemi?♀
Hiç geçmeyän yaly günüñ dowamy?♀
Yene-de paltomy, kurtgamy geyip?
Düşünip bilemok sowuk howany?
Ejelerem diyyar ogul- gyzyna???
Galyñja geyingin, üşäyme birden?
Ah enedâ, gaygy edyärdä balasyn?
Halyñ sorayandyr giçde hem irden?
Säher turmak hiç talyba yakanok?
Yyly yassyk, jana gaty yakymly☕
Okuwda_da mugallyma bakañok?
Uky gelip sesi huwdä dakylgy?
Gije hem hiç hili uky gelmeyär?♂
Sagat 2.3siz hiçkim yatanok?
Kimler pubg? oynar, kimleri karta?
Kimler diyyä, intägem dañ atanok?
Ah talyp yyllarym, talyp yyllarym?
Geçip gidyän eken ähli günleñde?♀
Näçe yokmasada okuw okamak?
Gowydyr şol talyp, ajap yyllañda
11
491
Guljeren
09.03.2020 22:30
Dostlarym, gijäňiz rahat bolsun!
Ynjalsyn ýürekler, dynç alsyn göwre.
Howpurgap oýanmaň, gara basmasyn,
Gije düýşüňizde sallançak üwräň.
Ýazylsyn öýkeler, undulsyn kine.
Gahar-gazap gitsin tüsse dek gaýyp.
Ýigitler, wepaly söwer ýaryňyz
Ýatsyn gujagňyzda saçlaryn ýaýyp.
Tolgunyp,ogrynça bakan ýigdekçä
Biperwaý sereden bolupdyň sen, gyz!
Ýygralyk huşuňda salsa-da badak,
Düýşüňde bir seni goýmasyn ýalňyz.
Säher ukyňyzdan oýarsyn guşlar,
Täzeden doglan dek dünýä ser salyň.
Dostlarym, gijäňiz rahat bolsun,
Bu gohly dünýäni unduň birsalym....????????
15
621