Guljeren
14.03.2020 02:06
MEN NIRÄ HOWLUGÝAN ?!

Ir säher. Men ýene ýol bilen barýan,
Gyssanmaç işleriň ýyndam atynda.
Şu pursat ýatladym, guýnan çaýymam
Galan eken öýde, saçak başynda.

Ine-de, duralga. Onuň çetinde,
Bir gözel dur, gözelleriň serweri.
Sagat soran bolup, ýol soran bolup,
Lak atyp soňuny görübermeli.

Bilýäňiz, men weli juda howlukmaç,
Ýetişjek däl işe, ünsümi sowsam.
Şujagaz pursatda meniň bolşuma,
Söýgiň göwni galan dälmidir eýsem.

Elleri torbaly, zordan çybşyldap,
Ine-de, bir goja barýar öňümden.
Ýene-de gyssandym, gözüm ýumdum-da,
Geçip gitdim ýagşylygyň deňinden.

«Dur-la, ho-ol görünýän dostum ýaly-la»,
Olam meni gördi sähel sägindem.
Men weli howlugyp, başym atdym-da,
Geçiberdim onuň aňyrragyndan.

Birdenem ýapyldy köçäň çatrygy,
Bu nämekä?! Dowul düşdi köňlüme.
Görsem gölegçiler geçip barýarlar,
Bir agaç tabydy alyp egnine.

Doňup galypdyryn, oýlar içinde,
Sowurdym wagtymam asla gysganman.
Hemem sowal berdim özüm-özüme
«Sözlesene, ömrüm, nirä gyssanýaň?»
14
693
sahet_ashyrov
14 Mart 2020
awtory kimka muñ oran ajayyp
Ангел
14 Mart 2020
mlds?
Fatima
14 Mart 2020
Dogry nira gyssanyas???
Aycicek
14 Mart 2020
Ajap?
Myhman Myhman
14 Mart 2020
Gowmy Gic yagsy yene sana salam bolsun
Guljeren
14 Mart 2020
Salam
Myhman Myhman
14 Mart 2020
Emir men ssalam guljeren
Guljeren
14 Mart 2020
Jennedin in gowy goryan gosgylarynyn biri mana nesip edipdir paylasmak???
Myhman Myhman
14 Mart 2020
? net slov
Myhman Myhman
14 Mart 2020
Gowy gosgy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.