GYLYJOW DIYAR
08.04.2020 19:47
Bir gün gündiziň günortany bankda talaňçylyk bolupdyr. Banka gelen talaňçylar: - Gymyldamaň! Pul döwletiňki, jan bolsa siziňki diýipdir. Herkim sesini çykarman, ýuwaşlyk bilen aşak ýatypdyr.Muňa "Pikir üýtgetme" diýilýär. Öwrenişilen düşünjäni üýtgetmek. Soň zenan maşgalaň biri stoluň üstüne egilip, ýatypdyr. Muny gören talaňçy: - Kadaly bolup, ýerdeýat. Bu talaňçylyk, zorlama ýok diýipdir. Muňa "Professionallyk"diýilýär. Işiň näme bolsa, ähli ünsüň şonda bolmak. Soň talaňçylar pul baryny alyp, gaçýarlar. Barmaly ýerlerinebaransoňlar, talaňçylaryň ýaş bolany beýlekisine: - Bol, indialan pullarymyzy sanaly diýýär. Ýaşulysy: - Haý, samsyjak.munça pulam bir sanalarmy. Agşam telewizordan näçe pul alyp gaýdanymyzy aýdarlar diýýär. Muňa "Tejribe" diýilýär.Okuwdan has gerekli we peýdaly. Talaňçylar bankdan gaçyp gaýdansoň, şol şahamçaň müdiri kömekçisine: - Dessine,polisiýa jaň et diýýär. Kömekçisi bolsa: - Başlyk, dur entek howlukma. Bizem 10 milýon ýaly özümize alyp, ogurlanan 70 million dollaryň üstüne goşsak näder?! diýýär. Muňa "Tolkuny tutmak" diýilýär. Başyňa gelen bir işi öz peýdaňa öwürmek. Müdir bolsa: - Wah, her aý bir talaňçylyk bolsabolmajakmy.. hezil ederdigeý diýýär. Muňa "Dertlerden dynmak" diýilýär. Şahsy bähbidiňi işiňden öňde goýmak.Agşam habarlarda bankdan 100 million dollar ogurlandy diýip, habarberýärler. Ogurlan pullaryny aýdylan sandan az gören talaňçylar otyryp, birnäçe gezek alan pullaryny sanapdyrlar. Bary ýogy 20million çykýan eken. Gazaba giren ýaşuly talaňçy şeýlediýipdir: - Biz janymyzy howp astyna salyp 20 million alýas. Bankyňmüdiri bir elini galgadyp 80 milýon alýar. Talaňçy bolanyňdan adam ýaly okuw okanyň gowy eken diýýär. Muňa "Güýçli birini, bilimli müňüni ýykar" diýilýär
9
432
GYLYJOW DIYAR
08.03.2020 09:40
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!
Ogul-gyzyn adam edip ulaldan,
Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan,
Emma meniň üçin, perzendiň üçin
Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan!
Bergili men Saňa, bergili baky,
Şol bergi dur ömürbaky boýnumda,
Bu barada pikir etmän ozallar,
Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda.
Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe,
Synlap Seniň gyraw basan başyňy,
Öz içimden Saňa sorag berýärin:
«Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!»
Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden,
Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»
A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:
«Bermesin ol Saňa beýle jezany!»
Gyzlar bayramlarynyz gutly bolsu.?
7
226
GYLYJOW DIYAR
07.03.2020 18:31
Bir firmanyñ bashlygy sekretaryna jañ edýär: -bir hepdelik komandirowka gidýäs, taýýarlygyñy gör. Sekretar ärine jañ edýär: -men 1 hepdelik komandirowka gitjek. Äri oýnashyna jañ edýär: -aýalym bir hepde komandirowka gidýär, öýe gel... Oýnashy kireýine sapakberýän mugallym eken, okuwçysyna jañ edýär: -men bir hepde öýde bolmaýan gelip oturma. Okuwçy babasyna jañ edýär: -mugallymam bir hepde okatjak däl diýdi, siz ish ýerleriñize gezdirmäne söz beripdiñiz, men siziñke barjak. Babasy-da ýañky firmanyñ bashlygy eken, sekretaryna jañ edýär: komandirowka gidip bolmaýar, ish çykdy. Sekretar ärine jañ: -kom-ka gitmeli däl boldy. Äri oýnashyna jañ: -aýalym gitmeýämish, öýe gelme.Mugallym okuwçysyna jañ: -men öýde bolýän, geliber okatjak. Okuwçy babasyna jañ: -men baryp bilmeýän, mugallym okatjak diýdi. Babasy sekretaryna jañ: -taýýarlygyñy gör..............
8
950
GYLYJOW DIYAR
07.03.2020 18:11
Kabir pursatlary yzyna dolap bolmayar!
Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryn uçmagyna bir sagat ýalywagt bolansoň, okap güýmenmeküçin gazet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamakwe dynjyny almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy.Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başgabir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady. Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:”Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýöne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan: ”Indi bu edepsizadam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi. Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypdy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, oladama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýenebir gezek göz ýetirdi:
Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1- Daş zyňylandan soňra;
2- Söz agyzdan çykandan soňra;
3- Pursat gaçandan soňra;
4- Wagt geçenden soňra.
7
411