GYLYJOW DIYAR
08.03.2020 09:40
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!

Ogul-gyzyn adam edip ulaldan,
Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan,
Emma meniň üçin, perzendiň üçin
Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan!

Bergili men Saňa, bergili baky,
Şol bergi dur ömürbaky boýnumda,
Bu barada pikir etmän ozallar,
Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda.

Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe,
Synlap Seniň gyraw basan başyňy,
Öz içimden Saňa sorag berýärin:
«Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!»

Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden,
Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»
A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:
«Bermesin ol Saňa beýle jezany!»

Gyzlar bayramlarynyz gutly bolsu.?
7
226
Fatima
8 Mart 2020
Gowy goshgy ??? Sagbolun?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.