GYLYJOW DIYAR
07.03.2020 18:11
Kabir pursatlary yzyna dolap bolmayar!
Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryn uçmagyna bir sagat ýalywagt bolansoň, okap güýmenmeküçin gazet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamakwe dynjyny almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy.Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başgabir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady. Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:”Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýöne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan: ”Indi bu edepsizadam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi. Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypdy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, oladama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýenebir gezek göz ýetirdi:
Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1- Daş zyňylandan soňra;
2- Söz agyzdan çykandan soňra;
3- Pursat gaçandan soňra;
4- Wagt geçenden soňra.
7
411
K_e_M_a
7 Mart 2020
Atymyn oljegni bilsem bir halta una calsardym - diyyara. Sonky yalyda. Hiczady blp blnkda. Dine sonundan wah diyyas.
gulshatayewa97
7 Mart 2020
Arada şoňo meňzeş zat menne-de bolluda... Bir taxa mündim bir ýere äkitdi ony biraz egledim 10 mint garaşaýň dýip soň ýene alan ýerinde düşürtdm... Soň näçe bermeli dýsem tapawudy ýok näm berseň beräýiň dýdi... Şonda az pul beripdirindä... Soň düşenimden soň waheýý dp gaty gynandymda... Özi bolýa diýdi... Ýöne şoňa az beripdirin dp içime kesel bolluda... Inni gabat gelmezmikä artyk berer ýaly dýändä... Bir hepde bäri şo şony pikir edip ýöründä... Artyk beren bolsam gynanmazdym?????☹
Ангел
7 Mart 2020
dogry
Sayrak guşjagaz
7 Mart 2020
Hakyky
Myhman Myhman
7 Mart 2020
oran dogry
Fatima
7 Mart 2020
Dogry?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.