Gülpam:)
07.06.2022 00:17
Ene:
- Gyzym, ýatda sakla palaw atarsaň,
Tüwüsini guýgun ýagyňa görä.
Myhman bolmasa-da, onuň paýynam
Goşgun atalaryň däbine görä. :)

Elim uzyn diýip eselme hergiz.
Elim gysga diýip peselme hergiz.
Gysgarak bolsa-da, bolsa-da uzyn,
Siňňin ýagyş ýaly birtap bol, gyzym!

Ömrüňde ak zady ýere dökmegin,
Özüňden artykmy -- ile - güne ber. :)
Gaýra üzülýändir ene süýdüne
Hyrydar tapmadyk naçar eneler...

Ata:
- Erkek adam bolup dünýä inensiň,
Erkek adam ýalam ýaşajak bolgun.
Uly bolgun akly keltäň ýanynda,
Danalaň ýanynda ýaşajyk bolgun.

Ýamanlyk edene ýagşylyk etseň,
Düşünse ne ýagşy,
Düşünmese kyn. :)
Nan oklasaň, ýarak itiň öňüne,
Ajyganda, ýene ýarmagy mümkin. :)

Huşuňda münenden sygryň gerşine,
Düýşünde bedewe atlanan ýagşy. :))
Illerde bigadyr bagşy bolandan,
Sürüde arzyly it bolan ýagşy. :))

Berdinazar Hudaýnazarowyň
,,Mertebe" kitabyndan. :))
6
126
Gülpam:)
Gülpam:)
06.06.2022 09:04
Gök eýwana çykdyň ak jaýdan parlap, Gaşy gylyç, göreçleri okly gyz. :) Bakdyň welin duşaklandy aýagym, Bu nätdigiň boldy, bokurdakly gyz? :) Ulaldyp aýdamok, çykamok çenden, Ýasalana-a dälsin
Gülpam:)
Gülpam:)
05.06.2022 01:00
Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy? Dolanmakmy geçip giden ýazlarma? Ala gözlim, bakyp beýle gaharly, Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma! Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde, Alsa meni seniň söýgiň