Gülpam:)
07.06.2022 00:17
Ene:
- Gyzym, ýatda sakla palaw atarsaň,
Tüwüsini guýgun ýagyňa görä.
Myhman bolmasa-da, onuň paýynam
Goşgun atalaryň däbine görä. :)

Elim uzyn diýip eselme hergiz.
Elim gysga diýip peselme hergiz.
Gysgarak bolsa-da, bolsa-da uzyn,
Siňňin ýagyş ýaly birtap bol, gyzym!

Ömrüňde ak zady ýere dökmegin,
Özüňden artykmy -- ile - güne ber. :)
Gaýra üzülýändir ene süýdüne
Hyrydar tapmadyk naçar eneler...

Ata:
- Erkek adam bolup dünýä inensiň,
Erkek adam ýalam ýaşajak bolgun.
Uly bolgun akly keltäň ýanynda,
Danalaň ýanynda ýaşajyk bolgun.

Ýamanlyk edene ýagşylyk etseň,
Düşünse ne ýagşy,
Düşünmese kyn. :)
Nan oklasaň, ýarak itiň öňüne,
Ajyganda, ýene ýarmagy mümkin. :)

Huşuňda münenden sygryň gerşine,
Düýşünde bedewe atlanan ýagşy. :))
Illerde bigadyr bagşy bolandan,
Sürüde arzyly it bolan ýagşy. :))

Berdinazar Hudaýnazarowyň
,,Mertebe" kitabyndan. :))
6
126
sahyrlar_we_men
7 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow, dusundim sag bol
ŞirnazarTaganow
7 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN,Halypama ýok.Ýerinde gelmedik sözleriñ nesihat däl,edepsizlik bolýar.Şuny unutma.
sahyrlar_we_men
7 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow, nahili geñ

ŞirnazarTaganow, soragy birhili berdimmi
ŞirnazarTaganow
7 Iýun 2022
SAHYRLARWEMEN,özüñi alyp baryşyñ geñlaý?!
Gülpam:)
7 Iýun 2022
ŞirnazarTaganow, hawa goşgularňyzdan aňdym eýýäm . SAHYRLARWEMEN, dogry :).
sahyrlar_we_men
7 Iýun 2022
Gülpam:), gosgy bn surat ozara gabat gelman dur unsi cekir dur
ŞirnazarTaganow
7 Iýun 2022
Gülpam:),ýok.Käte seýrek halda ser salaýmasam,owaldan Pyragyñ döwürlerinde ýazylan goşgulara gyzyklanýan.
sahyrlar_we_men
7 Iýun 2022
Gülpam:), gosga degisli surat goymaly ekenin dogrymy aytsam
Gülpam:)
7 Iýun 2022
Goşgynam okaýaňyzmy :)
ŞirnazarTaganow
7 Iýun 2022
"A"-warianta sebäbi ol geliniñ elinde hem göwresinde çaga bar,ulag silkinse çagajyklara zeper ýeter,uzak erbedindenem ýogalmagy mümkin.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.