Gülpam:)
06.06.2022 09:04
Gök eýwana çykdyň ak jaýdan parlap,
Gaşy gylyç, göreçleri okly gyz. :)
Bakdyň welin duşaklandy aýagym,
Bu nätdigiň boldy, bokurdakly gyz? :)

Ulaldyp aýdamok, çykamok çenden,
Ýasalana-a dälsin zybrygyn tokdan?
Ýa-da şu durşuňa indiňmi gökden,
Nirden aldyň bu syraty, şekli gyz ? :)

Birdem ýalkym atdy çägesow köçe,
Gitdiň. Boşap galdy eýwanyň içi.
Topukdan ýokarda tans edýän saçy, :)
Sypamaga kim bolarka hakly gyz ? :)

- O gyz kim?
Diýdiler : ,,Geljekki wraç"
Başym ýaýakap galdym, ýok başga alaç,
Men-ä ir dogulýan, senem juda giç -
Bolýan işe seret, al ýaňakly gyz ?! :)

Bolsaňam biz üçin näçe elýetmez,
Gumsalt köçe bilen gögümtil atlaz,
Indi, ömür boýy gözümden gitmez
Derek boý, giň maňlaý, giň gursakly gyz! :))

B.Hudaýnazarow ,,Mertebe" kitabyndan :)
10
220
Gülpam:)
7 Iýun 2022
Myhman Myhman, ýok men şahyr däl :)
ideallider
6 Iýun 2022
Gülpam:), owadanlygyna owadan, ýöne bahanadäldi, duýgudaşlykdy.
Myhman Myhman
6 Iýun 2022
Gowy goşgydygyny🤩🤩🥰🥰🥰💖💖💕💜💜
_ÖzüñÝaly_😉
6 Iýun 2022
Gaty gowy gosgy oglanlar beydip gyzlaryn ustunden dusup yada at dakmak erkek oglanlara gelsmeyamika diyip pikir edyan gosgy okasynyz gelse gosgy okan surat goresiniz gelse surat gorun yone beydip herzada at dakyp otyman (akyl satdy doybem gaty gorman)
Dusia
6 Iýun 2022
Men haýran adamlar öz gapysynyň agzyndakyny görmän goňşysynyň üçegindäki hapa yrsaraýalarla 😕👍

Ay bu goşgy ýürejigimden geçip gitdile 😁🥰👍
ideallider
6 Iýun 2022
Gülpam:), hä jany sagmy ýa. Näbleýin "Hatda asmandaky-aýyň ýüzündede şikes bar" diýjek boldum.
ay_kiz_
6 Iýun 2022
Gülpam:), surat goýsaň bolýa gülüm ýöne şeýle suratlar goýulsa halananok🤗
ay_kiz_
6 Iýun 2022
Gülpam:), näme boldy gülüm, şu gün hiç gülýän stiker ugradanyňy görmedimdä🤨
Keremaly.
6 Iýun 2022
Reklama
ŞirnazarTaganow
6 Iýun 2022
"Ýüregimde pynhan yşkyñ derdi bar Dert kaýsydyr,derman kaýsy bilmedim"-Magtymguly Pyragy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.