Gülhan
Gülhan
27.12.2021 00:50
Käbirlerniň käbirlerinde goýup giden ýaralarny saramakda "Bint" bolup çykyş etdik...👍🏻 Bolany.. Barybir üýtgeşiklik bolmady, ýenede "Täp-täze ýaralar" täze adamlarda" döredi..
Gülhan
Gülhan
26.12.2021 14:32
Sen ýönekeý bir dörän depder däl, Geçmişimi jemläp gitjek arhiw sen, Dostuma aýtmadyk sözlerim sende, Ýakylsañda külüm bolup biljek sen. Sende dörän her sahypa bir derdim, Belläp geçdim bir bagtsyz
Gülhan
25.12.2021 21:35
Içine bir krokodil ýerleşdirilen howuzyň daşyny ýüzlerçe adam tutup durdy. Howuzyň
bir tarapyndan beýleki tarapyna ýüzüp geçene gymmat bahaly sowgat beriljekdi. Emma,
muňa howuzyň daş töweregindäki adamlaryň hiç biriniň gaýraty çatmaýardy. Edil şol
wagt hem biri howuza bökdi we janhowuryna krokodile ýetdirmän, howuzyň garşy
tarapyna çykdy.
Soňra ähli habarçylar howuzdan çykan adamdan habar almak isleýärler, emma ol
adam gaharjaňlyk bilen kimdir birini gözleýärdi. Howuzdan çykan adamdan kimi
gözleýändigi hakynda soralanda, ol soraga şeýle jogap berdi: “Meni howuza iteni!”.

Meni-de biri ummana itdi we men ýüzmegi ummanyň ortasynda öwrendim. Indi pikir edip otursam, meni ummana iten adama sagbolsun aýtmak isleýärin. Çünki, başga hili
ýüzmegi öwrenip bilmezdim.
6
194
Gülhan
25.12.2021 01:50
Azrak bolsada belki peýda eder umydy bn...🙂

Oňa şeý diýdiler - ine al bu seňki!. Onuň durmuşyny seniň elleriňe berýäris. Sen oňa islän durmuşyňy ýaşadyp bilersiň. Ýazgydy saňa bagly. İndi al we onuň ýazgydyny ýazmana başla!

......Aa ol agzy açyk halda haýran galdy durdy. İlki başda näme etjegini bilenokdy. Çünki ullakan bir durmuşy oň eline beripdiler. Uzyyn wagtlap ol durmuşa, ýagny oň elne berilen durmuşa seredip durdy. Näme etsem? Nirden başlasam? - diýip pikirlenýärdi... Gorkýardyda... Amanady yzyna bermek isledi. Ullakan bir durmuşy boýnuna alyp, bu ýüküň aşagynda galmakdan gorkýardy çünki. Ýöne yzyna bermejeginide gaty gowy bilýärdi...

..... Biraz wagt geçdi. Bütin gorkularny ýeňip, herekede geçmek isledi. Sebäp bir zady anyk bilýärdi, BAŞLAMAK GEREK!

İlki bilenä amanada ALLA SÖÝGÜSİNİ bermek isledi. Çünki bu bar zatdan möhümdi. Yzy bolsa bu bilen aňsatdy.
Soňra ynsanlara bolan söýgini berdi. Bu bilen durmuşy gözelleşjekdi.
Soňra REHİMLİLİK duýgysyny berdi. Şeýlelikde rehimsiz bolup bilmezdi. Soňra SABR berdi. We bu - has möhümi diýdi ! Emma bir zady aýry bellemek zerurdy. SABR bilen ÇYDAMAK ikisi meňzeş zat däldiler. Çünki ynsan söýen zatlary üçn, Umyt besleýäni üçn, hemme zadyň gowy boljagyna ynanýany üçn Sabr eder. Ýöne çydam etmek bu başga... Ynsan söýmedik zatlarna çydar. Gowy bolmajakdygny pikir eder we gutulmak üçin çydaýar. İne şuň üçinem aradaky tapawudy tapawutlandyrmak isledi. We elne berlen amanada Çydamlylyk duýgusyny bermek islemedi....
Soňra oňa ŞÜKRİ berdi. Bu bilen asla erwet zatlaryň bolýanyny eşdip bilmezdi. Sebäbi ýagdaý nähili erbet bolsada bolsun, durmuşyndan elbetde bir gözellik tapyp, şonuň üçn şükür ederdi. Soňra GOWLYK, gowy düşünjeler berdi. Şeýlelik bilen bütin ervetliklerden uzak durardy.
Soňra YLYM we OKAMAK HÖWESİ berdi. Bu bilen akmaklykdan uzak durardy. Sebäp bilýärdi Ylym- bilim ynsany has düşünjeli edýändigni... Olar Ynsany hakykata ýakynlaşdyrar, peýdasyz, ruhuna garaňkylyk etjek ähli zatlardan uzaklaşdyrar.
Soňra beýleki ynsanlaň duýgularna DÜŞÜNÜP BİLMEK duýgusyny berdi. Şeýlelik bilen beýleki ynsanlaryň asla göwnüne değip bilmezdi. Sebäbi olaryň duýgularna düşünip bilmek başarnygna eýedi..
Soňra ARZUW-HYÝALLARY berdi, bu bilen geljege has ynamly serederdi. Ýaşaýşyň manysyna has gowy düşünerdi. Ve durmuşa tutunmak üçn sebäpleri boljakdy.
Soňra GÜÝÇ berdi. Bu bilen arzuwlary üçn göreşip bilerdi....

İndi tamamladygyny pikir etdi we ýazan durmuşyna seretdi.. Derler içinde galypdy sebäbi bir zatlary ýalňyş etmekden we oňa Amanat edilen durmuşy zyýan etmekden gorkupdy. Ýöne gutarandan soň, oň gözüne hemme zat gowy göründi. Edil durmuşyny bagt bilen dolduran ýalydy. Çünki ýazan ähli zady diňe bagta iterýärdi. Soň ýazan zatlarna has içgin seretdide, uludan demini dürsedi we şeý diýdi. -MEN BAŞARDYM!. Howwa gaty kyn boldy. Ýöne BAŞARDYM!.
İndi ullakan bir durmuş meniň ýazan ýazgydym bilen zyýan bolmazdyr. O durmuş möhüm- diýdi...

Bilýämiň o durmuş kimiňkidi? O amanat berlen kişi kimdi? Aýdaýynmy? O durmuş ÖZ durmuşyň, we o durmuşy amanat üçn alan ynsanam SENSİŇ. O durmuşy saňa amanat etdiler. O ullakan durmuşyň zyýan bolmaklygyda, gadyr-gymmatly bolmagyda SAŇA BAGLY! Sen özüňi bu duýgulaň barsy bilenem iýmitlendirip bilersiň. Özüňi SEN döredersiň. İsle özüňe GOWY duygular ber islede ERVET. Ýöne UNUTMA! Sen öz beren duýgulaň bilen öz durmuşyňy, ýazgydyňy belleýärsiň.

Bolsana al! İndi gezek sende. Özüňi saňa Amanat etdiler. Öz ullakan durmuşyňy öz elleriňe berdiler. İndi al! We öz ýazgydyňy ýazmana başla! Ýazgydyň saňa bagly!...
7
242
Gülhan
24.12.2021 21:49
TÜRKMEN GYZLARYNA YNANMAÑ

Hiç hαçαn ynαnmαň türkmen gyzlαryna,
"Söýýän" diýen çαgyň, "Söýemok" diýse.
Dαmαrdα çogýαrkα nαmys, uýαdy,
Bir urnuşda "Söýýάn" diýermi eýse?!

Ynαnmαk zerur däl türkmen gelnine,
Diýse "Ärim öýüň sütün, diregi"
Aslyndα ojαgyň ýükün deň çekip,
Goldαýαndyr türkmen birek-biregi.

Ynαnαýmαň "men dok" diýip çαgαsyn,
Nαhαrlαýαn bolsα türkmen zenαny.
Olαr αçlykdα-dα perzendin doýrup,
Şolαryň gözünden iýýändir nαny.

Agtyklαryn ýygnαp türkmen kempiri,
Ýylgyryp gαdymdαn gürrüň αçαndα.
Ynαnmαň ol ýαlαn ýylgyryşlαrα,
Görkezmezler gözden düwme gαçαndα.

Çünki mertlik synmαz, dişi synsα-dα,
Ýyllαr dyrmαsα-dα mähirli ýüzün.
Şeýle gudrαtα-dα αýyp ýαpylsα,
Ynanmαň!
Diňlemäň olαryň sözün!

Kerim_Hally
8
130
Gülhan
23.12.2021 22:14
Ozal mekdep bilen geçerdi günler,
Tapardym men güýmenmäge bahana.
Wah, şol synagdan ýykylan günüm,
Sygmadym men bu giň dünýä jahana..

Wagt duran ýaly geçenok şindem,
Ýada meň dileğim Alla ýetmedi.
Şunça bisowatlar gireninde-de,
Gelip-gelip men şowsuza bu ýyly,
Talyp bolmak bagty nesip etmedi...

Ýogsam menem arzuw edipdim ozal,
Häzirem edýän, indäm ederin.
Elimde portifel gyzyl köýnekli,
Paýtagtyň iň meşhur institutyna,
Barsam diýýän alym ýaly äýnekli...

Bahar Toylyyewa
10
168
Gülhan
Gülhan
23.12.2021 12:41
Bärik gelen bolsañ, ýöne ýer-ä däl, Hökman bähbit gözläp gelensiñ – diýip. Bähbit bilen ýatyp-örýän kişiler Göwnüme degdiler – geleňsiz – diýip.,☹️ Olar başga dilde gepleýärdiler,!!!! Men bolsa ol
Gülhan
23.12.2021 00:00
Bugün saňa näme arzuw etsemkäm,
Näme barka bu dünýäde üýtgeşik..
Elmydam gül yüzüň ýylgyrsyn gülsin,
Dertden ýaňa agyrmasyn Ýüregiň...

Gutlaýan men çyn göwünden niýetläp,
Bu günki günüňi täze ýaşyňy...
Goý, bu durmuş seň jadyly gözleňden,
Damlatsyn mydama beğenç göz ýaşy...

Allam ömür boýy, ýanýoldaş edip,
Ugratsyn "Bagt" atly perişdesini..
Ol hem "Bagt" keşbinde dünýäňe girip,
Gorasyn sen ýaly Melikesini...

İne, meniň şu sadaja arzuwlam,
Nurlar çaýyp bezesin bu günüňi..
Bir wagt şu goşgyny okasaň birden,
Ýada salsyn alysdaky bu gyzy... :)

❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️

D/ ünýäniň iňň gowy mähirli gyzy,
U/ çup gelip, bagt guşy gonsun üstüňe
R/ eňbe reň üýtgeşik ter güller ýaly,
S/ eň ykbalyň gözelleşsin mydama
U/ zak ýaş, islegiňdek ajaýyp bagty
N/ esip etsin Beýik Biribar saňa...:)

Doglan günüňiz bn gyzlar!!!!!🥳
13
508
Gülhan
Gülhan
21.12.2021 23:25
Dostlarym, gijäňiz rahat bolsun! Ynjalsyn ýürekler, dynç alsyn göwre. Howpurgap oýanmaň, gara basmasyn, Gije düýşüňizde sallançak üwräň. Ýazylsyn öýkeler, undulsyn kine. Gahar-gazap gitsin tüsse dek
Gülhan
Gülhan
20.12.2021 22:30
ÝALŇYZLYK ADASY” Ýalňyz, okeanda ýalňyz ada bar Ýalňyz, öý bar, ortasynda adanyň. Ýalňyz, öýde ýalňyz adam ýaşaýar, Ýalňyz, pişigi bar ýalňyz adamyň. Ýalňyz, adam ýalňyz pişigi bilen, Ýalňyz, adadaky