Gülhan
25.12.2021 21:35
Içine bir krokodil ýerleşdirilen howuzyň daşyny ýüzlerçe adam tutup durdy. Howuzyň
bir tarapyndan beýleki tarapyna ýüzüp geçene gymmat bahaly sowgat beriljekdi. Emma,
muňa howuzyň daş töweregindäki adamlaryň hiç biriniň gaýraty çatmaýardy. Edil şol
wagt hem biri howuza bökdi we janhowuryna krokodile ýetdirmän, howuzyň garşy
tarapyna çykdy.
Soňra ähli habarçylar howuzdan çykan adamdan habar almak isleýärler, emma ol
adam gaharjaňlyk bilen kimdir birini gözleýärdi. Howuzdan çykan adamdan kimi
gözleýändigi hakynda soralanda, ol soraga şeýle jogap berdi: “Meni howuza iteni!”.

Meni-de biri ummana itdi we men ýüzmegi ummanyň ortasynda öwrendim. Indi pikir edip otursam, meni ummana iten adama sagbolsun aýtmak isleýärin. Çünki, başga hili
ýüzmegi öwrenip bilmezdim.
6
194
KakamyratNurjanow
27 Dekabr 2021
☺️ gecipdir ozaa
ideallider
25 Dekabr 2021
Beýle hereketde ýaha adamda ömürlik was-waslyk gorky galýar, ýada öwrenýär. Hökman 50-50. Meselem güjükden gorkýan uly oglanlara duş gelýän.
N.T.
25 Dekabr 2021
Biri komek etmese sho yuzmekden gorkar ýorerdi👍👏👏👏
guli_
25 Dekabr 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏♥♥♥♥♥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.