Azrak bolsada belki peýda eder umydy bn...🙂
Oňa şeý diýdiler - ine al bu seňki!. Onuň durmuşyny seniň elleriňe berýäris. Sen oňa islän durmuşyňy ýaşadyp bilersiň. Ýazgydy saňa bagly. İndi al we onuň ýazgydyny ýazmana başla!
......Aa ol agzy açyk halda haýran galdy durdy. İlki başda näme etjegini bilenokdy. Çünki ullakan bir durmuşy oň eline beripdiler. Uzyyn wagtlap ol durmuşa, ýagny oň elne berilen durmuşa seredip durdy. Näme etsem? Nirden başlasam? - diýip pikirlenýärdi... Gorkýardyda... Amanady yzyna bermek isledi. Ullakan bir durmuşy boýnuna alyp, bu ýüküň aşagynda galmakdan gorkýardy çünki. Ýöne yzyna bermejeginide gaty gowy bilýärdi...
..... Biraz wagt geçdi. Bütin gorkularny ýeňip, herekede geçmek isledi. Sebäp bir zady anyk bilýärdi, BAŞLAMAK GEREK!
İlki bilenä amanada ALLA SÖÝGÜSİNİ bermek isledi. Çünki bu bar zatdan möhümdi. Yzy bolsa bu bilen aňsatdy.
Soňra ynsanlara bolan söýgini berdi. Bu bilen durmuşy gözelleşjekdi.
Soňra REHİMLİLİK duýgysyny berdi. Şeýlelikde rehimsiz bolup bilmezdi. Soňra SABR berdi. We bu - has möhümi diýdi ! Emma bir zady aýry bellemek zerurdy. SABR bilen ÇYDAMAK ikisi meňzeş zat däldiler. Çünki ynsan söýen zatlary üçn, Umyt besleýäni üçn, hemme zadyň gowy boljagyna ynanýany üçn Sabr eder. Ýöne çydam etmek bu başga... Ynsan söýmedik zatlarna çydar. Gowy bolmajakdygny pikir eder we gutulmak üçin çydaýar. İne şuň üçinem aradaky tapawudy tapawutlandyrmak isledi. We elne berlen amanada Çydamlylyk duýgusyny bermek islemedi....
Soňra oňa ŞÜKRİ berdi. Bu bilen asla erwet zatlaryň bolýanyny eşdip bilmezdi. Sebäbi ýagdaý nähili erbet bolsada bolsun, durmuşyndan elbetde bir gözellik tapyp, şonuň üçn şükür ederdi. Soňra GOWLYK, gowy düşünjeler berdi. Şeýlelik bilen bütin ervetliklerden uzak durardy.
Soňra YLYM we OKAMAK HÖWESİ berdi. Bu bilen akmaklykdan uzak durardy. Sebäp bilýärdi Ylym- bilim ynsany has düşünjeli edýändigni... Olar Ynsany hakykata ýakynlaşdyrar, peýdasyz, ruhuna garaňkylyk etjek ähli zatlardan uzaklaşdyrar.
Soňra beýleki ynsanlaň duýgularna DÜŞÜNÜP BİLMEK duýgusyny berdi. Şeýlelik bilen beýleki ynsanlaryň asla göwnüne değip bilmezdi. Sebäbi olaryň duýgularna düşünip bilmek başarnygna eýedi..
Soňra ARZUW-HYÝALLARY berdi, bu bilen geljege has ynamly serederdi. Ýaşaýşyň manysyna has gowy düşünerdi. Ve durmuşa tutunmak üçn sebäpleri boljakdy.
Soňra GÜÝÇ berdi. Bu bilen arzuwlary üçn göreşip bilerdi....
İndi tamamladygyny pikir etdi we ýazan durmuşyna seretdi.. Derler içinde galypdy sebäbi bir zatlary ýalňyş etmekden we oňa Amanat edilen durmuşy zyýan etmekden gorkupdy. Ýöne gutarandan soň, oň gözüne hemme zat gowy göründi. Edil durmuşyny bagt bilen dolduran ýalydy. Çünki ýazan ähli zady diňe bagta iterýärdi. Soň ýazan zatlarna has içgin seretdide, uludan demini dürsedi we şeý diýdi. -MEN BAŞARDYM!. Howwa gaty kyn boldy. Ýöne BAŞARDYM!.
İndi ullakan bir durmuş meniň ýazan ýazgydym bilen zyýan bolmazdyr. O durmuş möhüm- diýdi...
Bilýämiň o durmuş kimiňkidi? O amanat berlen kişi kimdi? Aýdaýynmy? O durmuş ÖZ durmuşyň, we o durmuşy amanat üçn alan ynsanam SENSİŇ. O durmuşy saňa amanat etdiler. O ullakan durmuşyň zyýan bolmaklygyda, gadyr-gymmatly bolmagyda SAŇA BAGLY! Sen özüňi bu duýgulaň barsy bilenem iýmitlendirip bilersiň. Özüňi SEN döredersiň. İsle özüňe GOWY duygular ber islede ERVET. Ýöne UNUTMA! Sen öz beren duýgulaň bilen öz durmuşyňy, ýazgydyňy belleýärsiň.
Bolsana al! İndi gezek sende. Özüňi saňa Amanat etdiler. Öz ullakan durmuşyňy öz elleriňe berdiler. İndi al! We öz ýazgydyňy ýazmana başla! Ýazgydyň saňa bagly!...