Gülhan
06.03.2022 00:17
"Allo"

Her gün birnäçe gezek ulanýan ALO sözümiz nirden gelip çykypdyr?! Köpümiziñ bilşimiz ýaly telefony ilkinji oýlap tapan adam Alexander Graham Bell. Bu adam telefony oýlap tapandan soñra ilki bilen söýgülisiniñ öýüne telefon çekipdir. Söýgülisi gözel gyzyñ adyna Alessandara Lolita Oswaldo diýer ekenler.

Graham Bell ussahanasyna jañ gelende, telefony her gezek söýgülisiniñ adyny tutup"Alessandra Lolita Oswaldo" diýip alar eken. Sebäbi diñe söýgülisinden jañ gelýärdi, başga hiç ýerde telefon ýokdy. Graham Bell telofony ýaýratmak üçin gije gündiz ussahanasynda işleýär eken. Soñ soñlar söýgülisinden jañ gelse adyny gysgaldyp "Ale Lol Os" diýip telefona jogap beryar eken.

Günleriñ geçmegi bilen Graham Bell özüni telefona berip wagtynyñ köp bölegini ussahanasynda geçirýar eken. Işiñ köplügi we wagtynyñ azlygy sebäpli söýgülsiniñ adyny has hem gysgaldyp diñe baş harplary aýdypdyr - ALO.

Graham Bell özuni telefona berip ony ýaýratmagyñ üstünde işläp söýgülisi bilen wagt geçirmeýanligi üçin Alessandra Lolita Oswaldo, Graham Belli terkedipdir. Telefon bütün şähere ýaýrapdyr. Graham Bell söýgülisine köp garaşypdyr. Her gezek telefon jyrlanda jañ etýän söýgülisidir öýdüp ALO diýip telefony alýar eken. Graham Belliñ hormatyna bütün şäher ALO sözüni ulanyp başlapdyrlar we şeýle dowam edip shu günümize ýetip gelipdir.

Çeşme: WikipediA
14
74
Gülhan
03.03.2022 19:24
SAWÇYLAR BARYBERSINMI?

Sawçylar barybersinmi?!
Has giňelsin söýgimiziñ çäkleri,
Erkanalyk çäklendirmez çäk ýeri.
Günde düwüp-dañyp toý düwünçekleri,
Enem toý harydyn alybersinmi.
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Gözleriñ göwünsiz bakmady herne,
Haýyş, şu päkligñi eliñden berme
Edil meniñ sygman ýörşim deý dünýä,
Kakam bagtdan başyn aýlabersinmi,
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Ýaz gelip Gün gonýar üçeklermize,
Ýaz gelip gül ýagýar ýüreklermize.
Derwezedir diwar, işiklermize,
İnim täze reñkler çalybersinmi,
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Kalbymdan kalbyña göçýärkä göçüm,
Durmuşda aýyp däl muñ ýaly hüjüm,
Günde ýedi ölçäp, bir kesmek üçin,
Öýmüze myhmanlar ýagybersinmi,
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Söýjek seni gelin bolup gelinçäň,
Onsoñ söýjek tä jan berip ölinçäm,
Gyz-gelinler toýymyzda geýinjek,
Köýneklik matasyn alybersinmi,
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Şatlyk Hudaýnazarow
19
378
Gülhan
Gülhan
03.03.2022 01:59
Belki..aýagyňa batýan tikenler, gözlenýän gülüň habarçysydyr....🌼
Gülhan
01.03.2022 02:47
ÖZ DÜNÝÄME GIDERIN

Men giderin, gözleriňden ýiterin
Hem özüme, hemem saňa dözerin.
Ykbalymdan bolman nägile hergiz
Mydam saňa bagt diläp gezerin.

Her gün Güneş dogar öňki ýerinden
Dileglerim bilen menem örerin.
Hakykylyk meň gözüme görünmez
Men şo:l hyýalymda gezer ýörerin.

Käte Aý şuglasy oýarsa meni,
Oňa içim döküp, sessiz aglaryn.
Öz boluşym bilen kimdir birine
Ejir berýänime ýürek daglaryn.

Ýöne şeýle bir gün geler,görersiň,
Söz bilen bagtyñ suratyn çekerin.
Şonda düşünersiň, nämüçin meniň
Saňa bolan duýgymdan el çekenim.
14
53
Gülhan
Gülhan
01.03.2022 00:55
ÇIGILDEM “Alyň, alyň, bar ine, Dagda biten çigildem!” Bulduraşyp dur tämiz Çyglar içinde gülleň. Gelýär gülleň közüne Bakdygyňça bakasyň. Ýöne utanýaň olaň Soramaga bahasyn. Dur satyjy gülleri Her
Gülhan
28.02.2022 12:59
“IŇ BOLMANDA, SEN-Ä WEPALY MAŇA...”

Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwnüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.

Ýanymdan gideňok, taşlaňok meni,
Şat günüme goşulyşýaň deň bile.
Kynçylyklar basmarlanda, siltände
Olary hem deň çekişýäň meň bile.

Men seni göterýän ýüregme ýakyn,
Bolýaň süýji ýatlamalaň gyr aty.
Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa,
Melegimiň suraty!..


Sapa Hommadow.
13
52
Gülhan
27.02.2022 01:04
TALYPDAN..

Irden tanyş ýollar bilen barýaryn,
Köçeler eýýämden gohly, şowhunly.
Şadyýan çagalaň gyk-bak seslerin
eşidip, göwnüm ýene saňa owsundy.

Ýadymda, gumaksy ýollardan ýöräp,
Mekdebime giderdik biz bileje.
Şol gumaksy ýollar, çaňly köçeler
Aýna deý ýollardan mähremdi, eje.

Indi uzaklarda üşeýär käte,
Seniň berk gysymlan şol çaga elleň.
Seň maňa bagş eden mähriň ýerini
Tutup biljek mähir görmedim delden.

Dostlarmy küýsämde goşga ýüzlendim,
Aýdym aýtdym ýaksa söýgimiň derdi.
Ýöne seni juda göresim gelse,
Ne goşgy, ne aýdym hemaýat berdi.

Ýyllar geçdigiçe anyk bilýärin,
Bu duýgy ömrüme ýakymyn seçer.
Bu günem ýüregim saňa owsundy,
Alysda meň üçin nan ýapýan ejem!

Sapa HOMMADOW
14
36
Gülhan
26.02.2022 07:46
Otludaky waka

Bir ulyrak ýaşan adam öz 25-ýaşly ogly bilen otla münüp, öz orunlaryna geçip oturýarlar. Ýigit penjiräniň öňünde oturyp daş-töweregi synlap barýardy. Otly gymyldap ýöräp ugranda ol elini aýnadan daşyna çykaryp howanyň elini sypalap barşyny synlaýardy. Birdenem:
- Kaka, seret, ähli baglar bizden yza gidýärä, görýäňmi? – diýip begençli seslenipdir.
Ol adam jogabyň ýerine ýylgyryp oňýar. Bularyň ýanynda bir är-aýal hem oturan ekeni. Olar 25-ýaşly oglanyň özüni çaga ýaly alyp barýandygyna bir hili bolupdyrlar. Birden ýaňky ýigit ýene gygyrypdyr:
- Kaka, görýäňmi, ana ol ýerde köl, haýwanlar bar... Asmandaky bulutlaram biz bilen ýöräp barýara.
Oturan är-aýal bu oglanyň hereketlerini örän geň görüpdirler, kakasyna seretseler welin onuň ýüzünde hiç hili geň galma alamatlaryny görmändirler. Birden ýagyş ýagyp ugrapdyr. Onuň damjalary oglanyň ellerini ýuwýardy. Ýigit ýene-de bu “gudrata” begenip kakasyna şeýle diýýär:
- Kaka, seret ýagyş ýagýar, meniň ellerimi ýuwýar. Görýäňmi, kaka?
Bir zada bir kömek etmek niýeti bilen zordan çydap oturan är-aýal ahyry oglanyň kakasyna ýüzlenýärler:
- Näme üçin ogluňyzy görkezmek üçin hassahana äkideňzok?
Oglanyň kakasy ulydan demini alyp:
- Biz edil ýaňja hassahanadan geldik. Şu gün meniň oglum ikinji sapar dünýä indi. Çünki onuň gözleri ýaňyja bütin dünýäni görüp başlady – diýýär.

Çeşmesi VK.com
14
75
Gülhan
Gülhan
25.02.2022 22:16
Dostlarmy küýsämde goşga ýüzlendim, Aýdym aýtdym ýaksa söýgimiň derdi. Ýöne seni juda göresim gelse, Ne goşgy, ne aýdym hemaýat berdi.
Gülhan
25.02.2022 07:47
Öýüň telefonyna irden sagat 3:30-da jaň geldi we ukynyň arasynda gidip telefony aldy. Telefondaky ses ejesiniň sesidi. Gorkdy, bir zat boldymyka diýip gaýgylandy.
- Ejesi "Nähilisiň oglum gowumy jan-saglygyň" diýip sorady.
Ogly aljyran ýaly bolup "Gowy eje näme gowylykmy, bir zat boldumy? Siz gowymysyňyz?"
- Ejesi:
"Biz gowy hiç zat hem bolonok, ýöne sesiňi eşitmek isledim"diýdi.
- Ogly:
"Eje şonuň üçin jaň etdiňmi, sagat 3:30 gündiz hem gürleşsegem bolardy’ diýende:
- Ejesi:
"Bimaza etdimmi oglum‘ diýdi.
- Ogly:
"Howa bimaza etdiň" diýip gaharlanan ýaly jogap berdi. Muny eşiden ejesi:
- "25 ýyl öň sen hem meni edil şu sagatda bimaza edipdiň oglum, Doglan günüň gutly bolsun" diýip ejesi telefony goýdy...
15
118